Azatlyk Radiosynda Türkmenistan bilen bagly syýasy-ykdysady, sosial-medeni täzelikler barada taýýarlanýan gündelik makalalary okap, wideolara we fotosergilere tomaşa edip bilersiňiz.
ABŞ Kongresiniň aşaky öýüniň respublikanlary 23-nji iýunda demokratlaryň başlan 16 sagatlyk oturma protestlerini 5-nji iýula çenli arakesme etmek bilen soňlamaga çalyşdylar.
23-nji iýunda Beýik Britaniýada ses berijiler “ýurt Ýewropa Bileleşiginiň düzüminde saklanyp galmalymy ýa-da ýok?” diýen sorag boýunça geçirilýän referendumda ses berýärler.
Germaniýanyň daşary işler ministri Frank-Walter Steinmeier «Ýewropanyň täze bölünişikler töwekgelligi bilen ýüzbe-ýüz bolýandygyny» duýdurdy.
Kazanyň federal uniwersitetiniň studenti özbegistanly Sabina Musaýewa "2016-njy ýylyň gözellik dür dänesi" atly bäsleşikde birinji orny aldy. Bu bäsleşige Orsýetden gatnaşan Anjelina Gurnabowa bolsa onuň yz ýanyndaky orny eýeledi.
Google gözleg hyzmatyndan söz ýa-da ses arkaly edilen gözlegleriň netijelerini görmäge mümkinçilik döredýän "Google Trends" ulgamynyň görkezijilerine görä, Orlandoda bolan hüjümden soň ol ýerde musulmanlara garşy edilýän gözlegleriň sany hasam ýokarlandy.
Ýewropa Bileleşiginiň ilçileri Ukrainadaky hereketleri sebäpli Orsýetiň garşysyna girizilen sanksiýalary ýene alty aý uzaltmak barada ylalaşdylar.
Birleşen Milletler Guramasy Yrakda gumanitar pajyganyň gitdigiçe artýandygyny, kömekçi guramalaryň işgärleriniň Fallujadan gaçyp çykýan parahat ilata ýeterlik ýardam bermekde kynçylyk çekýändigini aýdýar.
Kabulda “Talyban” jeňçileriniň amala aşyran bomba hüjüminde nepally howpsuzlyk işgärleriniň 14-si öldürildi.
Özbegistanyň Buhara şäherinde "Buhara" we "Nawbahrom" futbol toparlarynyň arasynda bolan dostluk duşuşygyna stadionda tomaşa etmäge sakgally adamlary goýbermändirler.
Germaniýanyň alymlary robotlaryň emeli nerwi ulgamyny döretmegiň üstünde işleýärler. Olar şeýlelikde robotlaryň hem agyry duýmagyny ýola goýmak isleýärler.
Germaniýanyň daşary işler ministri Frank-Walter Steinmeier NATO-nyň gündogar Ýewropadaky harby maşklaryny «söweş gižželemesi» hökmünde tankyt etdi.
ABŞ Russiýany Siriýanyň günortasynda gozgalaňçylara, şol sanda ABŞ-nyň goldamagynda “Yslam döwleti” toparyna garşy söweşýän güýçlere garşy howa zarbalaryny urmakda aýyplady.
Fransiýada musulman restoranynda işleýän bir işgär orazada alkagolly içgi paýlaýandygy üçin ýenjilipdir.
Ak tam, Kiýewiň ykdysady, syýasy we energiýa reformalaryny goldamak üçin, Ukraina şu ýyl 220 million amerikan dollaryny berjegini aýtdy.
ABŞ-nyň Wiskonsin ştatynda 15 musulman işçini dini sebäpden işden kowdy diýip aýyplanýan firma garşy raýatlyk hak-hukuklaryny bozandygy öňe sürlüp, federal derejede arz-şikaýat taýýarlandy.
Eýran gazeti Tährandaky tussaghana-düzediş edarasyndaky şertler barada çap eden tankydy makalasy üçin kanun jogapkärçiligine çekilmek howpuna uçrady, sebäbi baýry prokuror bu hili ýazgylaryň jemgyýetçilikde «umytsyzlyk duýgularyny» döredýändigini aýdýar.
Она посвящена судебным процессам над украинскими гражданами, которых преследуют в России по политическим мотивам
Fergana welaýatynda başlangyç bilim alýan bir okuwçy Özbegistanyň prezidenti Yslam Karimowa bagyşlap bir goşgy düzüpdir.
Donald Trump musulmanlara Birleşen Ştatlara ýol bermezlik baradaky tutumyny gataldyp, bu gadagançylygyň, ilkinji nobatda Owganystana, Pakistana we Siriýa garşy gönükdiriljekdigini aýtdy.
Ymamyň aýtmagyna görä, täze salynjak ybadat jaýy tapawutly medeniýetleriň biri-birini gowy öwrenjek ýeri bolar. Germaniýanyň Berlin şäherinde dünýädäki ilkinji umumy ybadat jaýynyň salynmagy üçin taýýarlyklara başlandy.
Ýene-de ýükle