Azatlyk Radiosynda Türkmenistan bilen bagly syýasy-ykdysady, sosial-medeni täzelikler barada taýýarlanýan gündelik makalalary okap, wideolara we fotosergilere tomaşa edip bilersiňiz.
Federal derňew gullugynyň (FBI) aýtmagyna görä, Omar Matin adamlary gyrmazynda öň polisiýa jaň edip, özüniň "Yslam döwleti" atly jeňçi topara ýaranlyk kasamyny edenidigni aýdypdyr.
Günorta-günbatar Hytaýyň çet künjeginde Atulir atly bir dag şäherçesi bar. Indi ol şäherçe bütin dünýäde meşhur.. Şäherçä meşhurlyk gazandyran zat bolsa, onuň örän hatarly dag ýollarydyr.
Ýaragly adam Floridada, geýleriň gije klubynda, polisiýa tarapyndan öldürilmezinden öň 50 adamy öldürdi. Bu ABŞ-nyň taryhynda iň ganly köpçülikleýin atyşyk boldy.
UEFA, 11-nji iýunda Fransiýanyň Marsel şäherinde rus we iňlis janköýerleriniň arasynda bolan çaknyşyklardan soň, Orsýetiň garşysyna tertip-düzgün seljerişligini açdy.
Kanadanyň sudy Eýranyň emläkleriniň Tähran tarapyndan howandarlyk edilen «Namaz», «Hizbulla» toparlarynyň hüjümleriniň pidalaryna berilmegi barada karar çykardy.
Gazak howpsuzlyk güýçleri Aktobe şäherinde jeňçidir diýlip güman edilýän bäş adamy atyp öldürdi. Aktobe Gazagystanyň Russiýa bilen serhedinde ýerleşip, 5-nji iýunda şäherde onlarça adam gazaply hüjümleri edipdiler.
Özbegistanda agzaçarlar barada çäklendirmeler girizildi. Şol bir wagtyň özünde Gyrgyzystanda däp-dessurlary, dabaralary we yrymlary täzeden düzgünleşdirýän kanun teklibi özüne goldaw tapmady.
"Garyplyk, işsizlik, oppozisiýany we din aktiwistlerini repressiýa uçradýan režimleriň hasam möwjemegi we açlygyň artmagy" - bilermenler geljek 10 ýylda Merkezi Aziýanyň şeýle ýagdaýa uçrajakdygyny aýdýarlar.
Gazak prezidenti Aktobe şäherini sarsdyran soňky hüjümleri amala aşyran hüjümçiler "görkezmeleri daşary ýurtlardan alypdypdyrlar" diýip, güman edilýänlere ölüm jezasynyň berilmegini teklip etdi.
ABŞ-nyň Respublikaçylar partiýasyndan prezidentlige dalaşgärlik edýän Donald Trumpyň öňe sürýän jedelli pikirleri oňa garşy çykýanlaryň sanyny artdyrmagyny dowam edýär.
Gazak häkimiýetleri hepde soňy ýurduň günbatarynda 19 adamyň başyna ýetip, ençeme adamyň ýaralanmagyna sebäp bolan hüjümlerde güman edilýän ýene azyndan alty adamy gözleýär.
Gyrgyzystanda barly araplar bir gijelik nika ýykgyn edýärler. Şerigatyň kanunlaryny pozman bir zenan bilen bilelikde wagt geçirmegiň möhledi näçe?
Tutuş Sawud Arabystan şalygynda ýylyň dowamynda bazarlarda durgunlyk höküm sürenem bolsa, oraza aýynyň öňüsyrasynda ylaýta-da Mekge we Medine şäherlerinde bahalar galmaga başlapdyr.
Gazak häkimiýetleri harby baza we ýarag satylýan iki dükana edilen we alty adamynyň başyna ýeten hüjümlerden soň polisiýanyň öten agşam ýene bäş sany ýaragly adamy öldürendigini, iki adamy hem tutandygyny aýtdy.
Gazak häkimiýetleri Aktobe şäherinde ýarag dükanyna we harby baza ýaragly adamlar tarapyndan edilen hüjümlerde üç adamyň ölendigini, on adamyň bolsa ýaraly bolandygyny aýdýarlar.
Türkiýäniň prezidenti Rejep Taýyp Erdogan Osmanly türklere bir asyr ozal ermenileri genosid etmekde bildirilýän aýyplamalar Türkiýäniň garşysyna "şantaž" edilip ulanylýar diýdi.
Boks dünýäsinde ady rowaýata öwrülen Muhammad Aly parkinson keseli bilen uzak tutluşykdan soň, 74 ýaşynda aradan çykdy.
ABŞ-da Demokratik partiýadan prezidentlige kandidat bolmagyna garaşylýan Hillary Klinton Donald Trumpyň Ak Tama “gelişmeýändigini” we onuň daşary syýasat boýunça pikirleriniň “howpludygyny” aýtdy.
German deputatlary ermenileriň Birinji Jahan urşy döwründe Osmanly türkler tarapyndan köpçülikleýin öldürilmegini «genosid» diýip ykrar etmek baradaky rezolýusiýany tassyk etdi.
Global gulçulyk baradaky täze hasabatda Özbegistan bilen Pakistan häzirki zamanda gulçulyga çekilen adamlaryň sany boýunça dünýäde ilkinji bäşligiň hatarynda durýarlar.
Ýene-de ýükle