Azatlyk Radiosynda Türkmenistan bilen bagly syýasy-ykdysady, sosial-medeni täzelikler barada taýýarlanýan gündelik makalalary okap, wideolara we fotosergilere tomaşa edip bilersiňiz.
Täjigistanda hökümetiň garamagyndaky Dil we terminologiýa komiteti gadagan edilmeýän täjik adam atlarynyň resmi sanawyny taýýarlap, ony ýurduň hökümetine gowşurdy.
Obamanyň administrasiýasy Eýranyň ballistik raketa programmasyna gatnaşygy bolan guramalar we şahsyýetler babatynda ABŞ-nyň täze sanksiýalaryny taýýarlaýar, 30-njy dekabrda habar berildi.
Orsýet Siriýada hiç bir "tapawut goýman" hemmeleri bombalaýandygy sebäpli 29-njy dekabrda ýene tankyt astynda düşdi. ABŞ Orsýetiň parahat ilaty öldürip, parahatçylyk geplişiklerini hatara düşürýändigini aýdýar.
Ispanýanyň "Barselona" futbol toparynyň hüjümçisi Lionel Messi Ýewropanyň futbol klublary bileleşigi (ECA) tarapyndan, 2015-nji ýylyň iň gowy futbolçysy höküminde, "Globe Soccer Awards" atly baýraga mynasyp görüldi.
Orsýetiň ýokary sud organy bäş adama oppozisiýanyň liderleriniň biri bolan Boris Nemtsowy öldürenlikde günä bildirer. Maglumata görä, bu baradaky gutarnykly aýyplaýjy akt 29 dekabrda suduň garamagyna berler.
Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeş bolýan oba zähmetkeşleri esasy kynçylyklarynyň arasynda suw ýetmezçiligini, topragyň şorlanmagyny agzap, ýylyň aýagynda girdejisiz galmak we hatda bergili bolup çykmak töwekgelçiliginiň bardygyny aýdýarlar.
Britan žurnalisti Bethan McKernan “Independent” gazedinde ýazan makalasynda, häzirki respublikançylaryň dalaşgärleriniň bäsleşigine garalanda, bu ýagdaý göýä hakykata öwrüläýjek ýaly ynjalyksyzlyk döreýär.
Aşgabadyň birnäçe etrapçasynda ýaşaýyş jaýlardan ýaşaýjylaryň öz aýnalarynda oturdan demir gözenekleri aýrylýar.
Eýranyň prezidenti Hassan Rohani musulmanlary yslam dininiň at-abraýyny ýokarlandyrmagy çagyryp, "Yslam döwleti" atly topar ýaly ekstremistik toparlaryň musulman dinine zyýan ýetirendigini aýtdy.
Türkmenistanyň kenarlarynyň golaýynda azerbaýjanyň “Güneşli” nebit ýatagynda bolan ýangynda wepat bolan nebitçileriň biriniň jesedi tapyldy, diýip habar agentlikleriniň maglumatlarynda aýdyldy.
"France Presse” habar gullugynyň ýazmagyna görä, Türkiýäniň "Müňbir gije" atly serialynda Şährazat bilen Onuryň jebir-jepaly söýgüsi Çiliniň telekanalyny özüne bendi edipdir we şeýlelikde Latyn Amerikasynda praým-taýmyň ýagdaýy hem üýtgäpdir.
Siriýanyň arap, kürt we hristian söweşijileri demirgazyk Siriýadaky strategiki bendi ele geçirdiler, bu ilerleme damasky golaýynda bir pitneçi komandiri öldürilen wagtyna gabat geldi.
Gyrgyzystanyň prezidenti Almazbek Atambaýew Orsýetiň indi Gyrgyzystanda gurulmagy barada ozal ylalaşylan gidro elektrik stansiýa proýektlerini maliýeleşdirmäge ýagdaýynyň ýokdugyny aýdýar.
Kremliň tankytçysy Mihail Hodorkowskiý özüniň Angliýadan syýasy gaçybatalga soramagynyň ahmaldygyny aýdýar. Moskwa 23-nji dekabrda onuň jenaýat aýyplamasy esasynda tussag ediljegini aýtdy.
ABŞ-nyň döwlet sekretary Jon Kerriniň Ak Tamyň eýranlylarda gahar döreden täze wiza çäklendirmelerinden el çekip biljekdigine Tährany ynandyrmaga çalyşmagyna garaşylýar.
"Witality Air" ("Vitality Air") firmasyny iki sany telekeçi ýaş ýigit başlangyç proýekt hökmünde döredipdir. Ol firma Kanadada daglaryň etegindäki arassa howany gaplap satmak bilen meşgullanýar.
Azerbaýjanyň pulunyň hümmetiniň güýçli aşaklamagy dükanlaryň ýapylmagyna we adamlaryň öz manatlaryny çet ýurt pullaryna çalyşmak ýa-da durnukly harytlara öwürmek üçin basa-baslyga düşmegine getirdi.
Statistika ynanylsa, bir adamynyň Täze ýyl arzuwynyň geljekde hakykata öwrülmek mümkinligi o diýen uly däl. Ýöne, keýpiňizi gowulap, arzuwlaryňyzy täzelemek üçin hökman 2017-nji ýylyň 1-nji ýanwaryna çenli garaşmagyň geregi ýok.
Siriýanyň demirgazyk-günbatarynda gozgalaňçylaryň kontrollygyndaky şäherde Orsýetiň harby uçarlarynyň amala aşyrandygyna ynanylýan howa zarbalarynda köp adamyň öldürilendigi aýdylýar.
Owgan resmileri «Talybanyň» Helmand welaýatynda çalasyn ilerlemeginden alada bildirdiler we günorta welaýatyň birnäçe etrabynyň jeňçi toparyň eline geçmeginiň ahmaldygyny duýdurdylar.
Ýene-de ýükle