Azatlyk Radiosynda Türkmenistan bilen bagly syýasy-ykdysady, sosial-medeni täzelikler barada taýýarlanýan gündelik makalalary okap, wideolara we fotosergilere tomaşa edip bilersiňiz.
"Talyban" söweşijileri merkezi owgan şäheri Gaznada bir türmä hüjüm edip, polis işgärlerini öldürip, ýüzlerçe tussagy boşatdylar. Türmeden 400-den agdyk adam gaçypdyr. Olaryň 80 töweregi gaýtadan ele salnypdyr.
"Türkiýe neşirýat senagatynyň ululygy boýunça dünýäde 11-nji orunda durýar. Bu ugurda ýyllyk girdejisi-de 2 milliard 281 million dollardyr".
Tanymal azeri aklawçysy: "Mundan beýläk hiç kim Azerbaýjanda bitarap, garaşsyz we adalatly sud bar" diýse, ynha, baş üstüne, ýazanymy tankyt edip, nädogrudygynam subut etsin!" diýdi.
German häkimiýetleri ýurda müňlerçe migrantyň esasy gelip girýän ýeri bolan Mýunheniň bosgunlary kabul etmek mümkinçiligi boýunça aňry çägine ýetendigini duýdurdylar.
Ermeni polisiýasy 12-nji sentýabrda paýtagt Ýerewanda toplanan onlarça demonstrasiýaçyny merkezi köçeden kowmak üçin güýç ulandy.
ABŞ-nyň Aňtaw gullugynyň ýolbaşçylary Yragyň we Siriýanyň uruş we dini mezhebara dawalar sebäpli bütewi bir döwlet hökmünde saklanyp galmazlyklarynyň mümkindigini tekrarladylar.
Owganystanyň dürli sebitlerindäki owgan resmileriniň aýtmagyna görä, özüni “Yslam kommandos” diýip atlandyrýan täze terror guramasy ol ýerlerde eýýäm hereket edip başlapdyr.
Facebook firmasynyň habar bermegine görä, Internetde wideo garakçylygynyň öňüni almak üçin täze enjam synagdan geçirilýär.
Ýewropa Komissiýasynyň prezidenti Žan-Klaude Ýunker Ýewropa gelýän bosgunlaryň akymy bilen baglylykdaky planyny aýan etdi. Ol bu barada 9-njy sentýabrda Ýewropa Parlamentinde çykyş etdi.
25-nji Edinburg Halkara kitap festiwaly 15-nji awgustdan 31-nji awgusta çenli dowam eder.
German kansleri Angela Merkel migrantlaryň Germaniýa akymy ýurdy “eýeläp, ony öňümizdäki ýyllarda üýtgeder” diýýär. Ol bu ugurdan öz pikirini 7-nji sentýabrda geçiren metbugat ýygnagynda mälim etdi.
Täjik resmileri 4-nji sentýabrda Duşenbäniň töwereklerinde bolan hüjümlerde polisiýanyň 8 ofiseriniň öldürilendigini aýdýarlar. Hökümet bu hüjümleri ýurduň goranmak ministriniň orunbasaryndan görýär.
Azatlyk Radiosynyň habarçysy Saparmämad Nepesgulyýewe 3 ýyl iş kesildi. “Türkmenistanyň Alternatiw habarlar” neşiriniň ýolbaşçysy Ruslan Mätiýewiň aýtmagyna görä, bu habary oňa Nepesgulyýewiň ejesi beripdir.
“Samsung” kompaniýasy köp wagtdan bäri gürrüňi edilýän “Gear S2” we “Gear S2 Classic” kysymly akylly sagatlarynyň täze görnüşlerini köpçülige tanatdy.
Şwed prokurory prezident Y.Kerimowyň hökümetini tankytlaýan ruhanyny öldürmek üçin Şwesiýada edilen synanyşygyň arkasynda özbek häkimiýetleriniň bardygyny aňladýan delil bar diýýär.
“Instagram” indi ulanyjylaryň birek-biregi bilen hat alyşmagyny has-da aňsatlaşdyrdy.
Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin Pekine iki günlük saparynyň öňünden beren interwýusynda Günbataryň Orsýete garşy girizen sanksiýalary rus kärhanalarynyň öz ýüzüni Hytaýa tarap öwürmeklerine kömek etdi diýdi.
Ukrainanyň içeri işler ministri Arsen Awakow ýurduň milli gwardiýasynyň 31-nji awgustda parlamentiň daşynda geçen protestde granat partlanda ýaralanan ikinji agzasynyň hem ölendigini habar berdi.
Adam hukuklaryny goraýjy halkara guramalar Hatyja ýöňkelýän aýyplamalary tankyt edip, oňa bellenen bu jeza çäresiniň Hatyjanyň žurnalistiki işi bilen baglydygyny aýdýarlar.
Türkler rus kitaphanasyndan türk edebiýatynyň tapylgysyz eserlerini tapypdyrlar. Russiýanyň döwlet kitaphanasy 1828-nji ýylda açylypdyr we türk edebiýatynyň ilkinji eserleri kitaphana şol bada goşulypdyr.
Ýene-de ýükle