Azatlyk Radiosynda Türkmenistan bilen bagly syýasy-ykdysady, sosial-medeni täzelikler barada taýýarlanýan gündelik makalalary okap, wideolara we fotosergilere tomaşa edip bilersiňiz.
Krym tatarlarynyň Bütindünýä kongresiniň Ankarada geçirilen ikinji ýyllyk maslahatyna gatnaşanlar 2-nji awgustda ýaýradylan jemleýji beýannamada anneksiýanyň “derhal soňuna çykylmalydygyny” aýtdylar.
Türkmenistanda raýatlardan energiýa çeşmelerini tygşytlamak we öz hasabyna elektrik toguny, gazy we suwy ölçeýji abzallary oturtmak talap edilýär. Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeş bolan daşoguzly öý hojalykçy Sona munuň köp maşgalalara agram salýandygyny gürrüň berdi.
Nokia firmasy birnäçe gün mundan owal öz tizara gurnajak tanadyş çäresine çakylyklary ýollapdy. Firma çakylyk hatlarynda planlaşdyrylýan çärede täze bir enjamyň tanadyljakdygyny habar beripdi.
Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin, "Izwestiýa" gazetiniň ýazmagyna görä, indiki hepde anneksiýa edilen Krym ýarymadasyna guralýan arheologiki ekspedisiýa gatnaşmakçy bolýar.
«Talybanyň» 1-nji awgustda çap eden resmi beýanatynda Pakistanyň mediasynda «Hakkani» guramasyny esaslandyryjynyň ýogalandygy barada çykan habarlary ret edildi.
Yragyň Kürt regionynyň prezidenti Masud Barzani PKK-niň jeňçilerini demirgazy Yrakdan çykmaga çagyrdy, ol munuň asuda adamlaryň ölüminiň öňüni almak üçin zerurlykdygyny aýdýar.
2022-nji ýylyň gyşky Olimpiýa oýunlarynyň geçiriljek ýeri hökmünde Hytaýyň paýtagty Pekin saýlandy. Pekiniň Almaty bilen arasynda bäsdeşlik gidipdi.
ABŞ-ndan režisýor Jennifer Nelsonuň aklawçylary, dünýäde meşhurlyk gazanan "Happy Birthday to You" aýdymynyň awtorlyk hakynyň bolmandygy barada iňkär edip bolmajak subutnamalar tapandyklaryny öňe sürüpdirler.
Iordaniýanyň şa maşgalasynyň bir agzasy bolan şazada Ali şeýle diýýär: "FIFA, [ondaky] bolup geçen [negatiw] wakalara dahyly bolmadyk täze bir şahsyýet ýolbaşçylyk etmelidir".
Pakistan "Talybanyň" lideri Molla Mohammad Omaryň ýogalandygy barada çykan habardan soň ilkinji beýanatyny ýaýradyp, Yslamabadyň bu habarlary ne tassyklap, ne-de inkär edip bilýändigini aýtdy.
Orsýet BMG-niň Howpsuzlyk geňeşiniň Malaýziýanyň MH17 uçaryny gündogar Ukrainada kimiň urup ýykandygyny anyklamaga synanjak tribunalyň döredilmegi baradaky rezolýusiýasyna weto goýdy.
Owganystanyň Milli howpsuzlyk geňeşiniň resmisi 29-njy iýulda AÝ/AR-nyň Azat Owganystan gullugy bilen söhbetdeşliginde “Talybanyň” lideri Molla Muhammad Omaryň 2013-nji ýylda ölendigini tassyklady.
Gyrgyzystanyň organ işgärleri "Yslam döwleti" toparynyň sosial ulgamda gyrgyz dilinde ýaýradan ýüzlenmesi barada barlag işini geçirýärler.
Türkiýe bilen ABŞ “Yslam döwleti” toparynyň jeňçilerini Siriýanyň Türkiýe bilen aradaky serhetýaka giňişliginden uzaklaşdyrmak boýunça bilelikdäki planlary maslahat edýärler.
12-nji maýda 46 ýaşyndaky Ainaş Töräýewa gelni Mariýadan hat alypdyr. Bu Gazagystanyň demirgazyk-günbatar sebitindäki Oral şäheriniň golaýynda ýaşaýan Ainaşyň öz gelninden soňky iki ýylda alan ilkinji habarydy.
Demirgazyk Owganystanda wise-prezident General Abdul Reşit Dostum žurnalistleriň öňünde çykyş edip, Farýabda durnuksyzlyga sebäp bolýan esasy güýjüň daşary ýurtlulardygyny aýtdy.
Türkiýäniň premýer-ministri ýurduň Siriýadaky we Yragyň demirgazygyndaky amala aşyrýan howa zarbalary netijesinde regiondaky “oýnuň üýtemeginiň mümkindigini” duýdurdy.
Siriýanyň prezidenti Başar Assad 26-njy iýulda Siriýanyň goşunynyň adam güýçleriniň ýetmezçilik edýändigini boýun aldy we dowam edýän raýat urşunyň käbir ýerlerinde yza çekilmelidigini öňe sürdi.
Türkiýe Siriýadaky «Yslam döwleti» jeňçi toparynyň we demirgazyk Yrakdaky kürt jeňçileriniň pozisiýalaryna garşy howa we artilleriýa zarbalaryny urdy.
Türk hökümeti 25-nji iýuldan başlap Siriýada we Yrakda howa hem gury ýer operasiýalarynyň üçünji tapgyryna ygtyýar berdi diýip, premýer-ministr Ahmet Dawutoglu Ankarada žurnalistlere aýtdy.
Ýene-de ýükle