Azatlyk Radiosynda Türkmenistan bilen bagly syýasy-ykdysady, sosial-medeni täzelikler barada taýýarlanýan gündelik makalalary okap, wideolara we fotosergilere tomaşa edip bilersiňiz.
Gresiýanyň çepçi “Syriza” partiýasy saýlawlarda ýeňiş gazanyp, ýurduň beýleki sagçy populist partiýasy bilen bilelikdäki hökümeti düzmek barada ylalaşdy.
Ukraina 25-nji ýanwarda, günorta-gündogar şäher Mariupola urlan raketa zarbalary 30 adamy öldürip, 90-dan gowrak adamy ýaralanyndan soň, ýas tutýar.
Biynjalyk bolmaň, bu aýdylşy ýaly hakykata gabat gelmeýär. Ýöne edil olar ýaly utopiýa hem däl. Adamlaryň dünýäni dargadyp biljek howpunyň derejesini ölçän "Kyýamat sagady" wagty 11:57 görnüşinde görkezýär
Almatyda geçen aý ýapylan gazak žurnalyna goldaw bildirmek üçin demonstrasiýa geçirmegi planlaşdyran žurnalistler we aktiwistler 24-nji ýanwarda öýlerinden çykan batlaryna tussag edildiler.
Gündogar Ukrainanyň Donetsk regionyndaky orsýetçi separatistleriň lideri pitneçi güýçleriň tutuş welaýaty ele geçirmäge çalyşmakçydygyny we hökümet güýçleri bilen parahatçylyk gepleşiklerine başlamajagyny aýtdy.
Rim papasy Francis Maniladaky uniwersitetleriň birinde 12 ýaşly bir gyz özüne şeýle sowal berende, diýseň ynjalykdan gaçypdyr.
Ukrain harbylarynyň sözçüsi hökümet güýçleriniň Donetsk aeroportunda orsýetçi güýçlere aýlap garşylyk görkezen pozisiýalaryndan yza çekilendiklerini aýdýar.
Günbatar Ýewropa boýunça terrorçylykda güman edilýänler tussag edilip başlandy.
Orsýetiň daşary işler ministri Sergeý Lawrow 21-nji ýanwarda Birleşen Ştatlar dünýä agalyk etmek isleýär diýdi we «Günbataryň Orsýeti izolýasiýa etmek synanyşyklarynyň» başa barmajagyny duýdurdy.
Birleşen Ştatlaryň prezidenti Barak Obama ençeme ýyllyk uruşdan we ykdysady gaýtgynlykdan soň, «krizis kölegesiniň sowulandygyny we ýurtda işleriň ýagdaýynyň gowudygyny» aýtdy.
Ýaponiýanyň premýer-ministri Şinzo Abe “Yslam döwleti” diýilýän topar tarapyndan iki ýapon raýatyny öldürmek haýbatyny “bagyşlap bolmajakdygyny” aýtdy.
Owganystanda deputatlaryň ynamyny we goldawyny gazanmak üçin parlamente hödürlenen Ministrler Kabinetine işe başlamazdan ozal dargamak howpy abanýar.
Russiýanyň berk gözegçilikde saklanýan Çeçenistan respublikasynda onlarça müň adam Muhammet Pygamberiň karikaturasynyň çekilmegine garşy döwlet tarapyndan maliýeleşdirilen protest ýörişine çykdylar.
Golaýda Saud Arabystanynda ýaşaýan ruhany Şeýh Saleh Al-Munajidiniň gardan adam ýasamaklygy gadagan edýän dini beýanat bermekligi geňirgenme döretdi. Eýsem bu onuň dini temada beren ilkinji geň dini beýanaty däl.
Fransiýanyň polisiýasy Parižiň eteginde ýaragly adamyň bir poçta edarasyny we iki adamy zamun alandygyny habar berýär. Bu waka ABŞ-nyň döwlet sekretarynyň Pariže edýän saparyna gabat geldi.
Britaniýanyň jemgyýetçilik radio-telewizion guramasy BBC Muhammet pygamberiň daşky görnüşini suratlandyrýan materiallary efire bermegi gadagan edýän öz içki redaksion düzgünlerine täzeden garaýar.
"Al-Kaýdanyň" Ýemendäki bölüminiň baş komandiri Nasr al-Ansi internetde goýlan wideoda ol hüjümçilere Muhammet sebäpli «öç almak» üçin žurnala hüjüm etmegiň tabşyrylandygyny aýdýar.
ABŞ-nyň döwlet sekretary Jon Kerry şu hepde Pariže sapar edip, yslamçy söweşijileriň hüjümi bilen baglylykda terrorçylyga garşy göreş boýunça Fransiýanyň resmileri bilen gepleşik geçirjekdigini aýtdy.
Parižde, 7-9-njy ýanwar aralygynda guralan terrorçylyk hüjümleriniň pidalaryna hormat-sylaglaryny görkezmek üçin bir milliondan gowrak adamyň, şol sanda onlarça dünýä lideriniň ýörişe gatnaşmagyna garaşylýar.
Fransiýanyň içeri işler ministri, garaşylyşyna görä, 11-nji ýanwarda ekstremistlere garşy birleşigi görkezjek uly demonstrasiýanyň taýýarlanmagy üçin «ähli çäreleriň» görüljekdigini aýtdy.
Ýene-de ýükle