Aktöbeden 90 kilometrlikde ýerleşýän Kandyagaş şäheriniň ýaşaýjysy şu ýylyň maý aýynda «Žusan» ýörite operasiýasynyň çäginde, Siriýadan çykarylyp getirildi.
Daşkentde ýurduň öňki merhum prezidentiniň uly gyzy Gülnara Kerimowanyň üstünden, ýene bir gizlin sud işi başlandy. Bu barada 16-njy sentýabrda onuň şweýsariýaly aklawçysy Greguar Manža (Grégoire Mangeat) öz Twitter'ine mälim etdi.
Gyrgyz-täjik araçäginiň golaýyndaky Leýlek etrabynda bolan atyşykda gyrgyz serhetçisi wepat boldy, 13 adam, şol sanda çaga hem ýaralandy. Täjigistanyň raýatlaryndan 12 adam ejir çekdi diýip, resmi guramalar habar berdi.
Özbegistanyň paýtagty Daşkentiň Içeri işler departamenti şäheriň Ýunusabat etrabynda 25 ýaşly geý Şokir Şawkatowyň ölümi bilen bagly detallary ýaýratdy.
Samarkant şäheriniň administrasiýasy gytaklaýyn hem bolsa, Registan taryhy toplumynyň içki jaýynda gurnalan dabaraly mejlisden düşürilen wideoýazga düşündiriş berdi.
9-njy sentýabr gijesi Namangan welaýatynyň Namangan raýonyndaky eneler keselhanasy toplumynyň arka howlusyndan, 2-nji sentýabrda doglan iki gyz bäbegi diri wagtynda tapdylar.
Eurasianet neşiriniň ýazmagyna görä, Hytaý adamy ýüz keşbinden tanap bilýän wideogözegçilik ulgamlar toplumyny Merkezi Aziýa eksport etmegi planlaşdyrýar.
3-nji sentýabrda Azatlyk Radiosyna mälim bolşuna görä, Özbegistanyň Syrderýa welaýatyndaky Şirin şäheriniň 57 ýaşly ýaşaýjysy S.R. okuwçy gyz, 15 ýaşly goňşusy J.H-ny zorlanlykda güman edilip, şäher milisiýa bölüminde hasaba alnypdyr.
Fergana welaýatynyň Özbegistan raýonynyň aýallar keselhanasynyň lukmanlary çaga dogran birnäçe aýalyň ýerde ýatmaly bolandygyny boýun aldylar.
Kaşgaderýa welaýatynyň Guzar raýonyndaky Ýangikent obasynyň 50 ýaşyndaky ýaşaýjysy 26 ýaşly gelnini hem 2 ýaşly ogul agtygyny wagşylarda öldürmekde güman edilip saklandy.
Täjigistanyň serhet goşunynda dört aý gulluk eden soldat öýüne gelip, öz janyna kast etdi.
Ýene-de ýükle