Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Jaýy ýykylan adamlar nirä ýüz tutmaly?


Ýurduň dürli künjeklerinde jaýlaryň ýykylmagy ilatyň käbir gatlaklarynyň ykbalyna ýaramaz täsir edýär diýlip, habar berilýär.
Ýurduň dürli künjeklerinde jaýlaryň ýykylmagy ilatyň käbir gatlaklarynyň ykbalyna ýaramaz täsir edýär diýlip, habar berilýär.
Türkmenistanyň Özbegistan bilen serhedine golaý ýerde ýerleşýän obalaryň göçürilenine bir ýyla golaý wagt geçdi.

Geçen ýylda Daşoguz welaýatynyň Tagta etrabynyň Bäşýyllyk, Edermen we ýene birnäçe obalarynyň ýüzlerçe ýaşaýjylary oturan ýerlerinden göçürilip, jaýlary ýykylypdy. Bu barada hökümete degişli bolmadyk guramalaryň we garaşsyz habar serişdeleriniň ençemesinde habar berlipdi.

Göçürilen maşgalalaryň sany we olaryň ondan soňky ykbaly barada takyk maglumat az. Jaýy ýykylan bir obanyň oňki ýaşaýjysy Oguljemal, obasy göçürilensoň, öz garyndaşlarynyň şu günki güne çenli öýsüz galýanlygyny Azatlyk Radiosyndan Gözel Hudaýberdiýewa gürrüň berdi. Oguljemal häzir Orsýetde ýaşaýar.

Azatlyk Radiosy: Türkmenistandaky garyndaşlaryňyzyň jaýynyň ýykylanlygyny haçan we nädip bildiňiz?


Oguljemal: Men geçen ýylyň bahar aýynda olara jaň etsem, bizi göçürdiler, öýmüzi ýykdylar, biz öýsüz galdyk, şeýle ýagdaý boldy diýdiler.

Azatlyk Radiosy: Garyndaşlaryňyz nirede ýaşaýardy?

Oguljemal: Daşoguz welaýatynyň Tagta raýonynyň Bedirkent obasynda.

Azatlyk Radiosy: Diňe garyndaşlaryňyzyň jaýy ýykylypmydy?

Oguljemal: Ýok, hemmesiniň, 250 maşgala. Bu diňe biziň obamyz, şunuň ýaly oba köpdi ol ýerde.

Azatlyk Radiosy: Garyndaşlaryňyz haçan jaýsyz galdy, bu waka haýsy aýda boldy?

Oguljemal: Geçen ýylyň bahar aýydy, maýda.

Azatlyk Radiosy: Olara mellek berildi, diýdiňiz, mellek haçan berildi?

Oguljemal: Mellek golaýda berlipdir. Çislosyny bilemok. Nowruzdan soň mellek berler diýlipdi. Düýn jaň edemde, mellek berlipdir. Indi ýol ýok diýýärler. Men olardan jaý gurmaga başladyňyzmy diýip sorasam, “ýol ýok” diýdiler. Ýol bolmasa, nädip ol ýere barjak, jaýyň ýerini nädip galdyrjak? Ýoly haçan düzetjekleri-de belli däl. Hökümet haçan ýol gurjak, adamlaram haçan jaý gurup başlajak? Meniň ynamym ýok, bu ýylam jaý salyp bilerler diýip.

Azatlyk Radiosy: Garyndaşlaryňyzyň täze jaý gurmaga mümkinçiligi barmy? Puly barmy? Olara hökümet tarapyndan pul berildimi?

Oguljemal: Hökümet tarapyndan hiç zat berlenok diýdiler. Men ilki, geçen ýylyň iýunynda jaň edenimde ejem aglady, meniň bilen gürleşip bilmedi, men şonda jigim bilen gürleşdim. Men ondan kompensasiýa berilýärmi hökümet tarapyndan, mellek berler bir ýerden, ýöne jaý salmak üçin size kompensasiýa berilýärmi diýip sorasam, jigim hiç hili kompensasiýa berilmeýär diýdi.

Azatlyk Radiosy: Jaýy ýykylanlaryň esasy kynçylygy nämede diýip pikir edýärsiňiz?

Oguljemal: Şolar indi hiç bolmanda nähili we nirä ýüz tutmaly, näme etmeli? Olar prokuratura ýa-da suda berende, nähili arza ýazmaly, kime ýüz tutmaly? Prezidentiň adyna ýazmalymy? Bilenok hiç zady o taýdaky halk. Olar göçüriljek diýlende prezidente köpçülikleýin arza ýazypdyrlar, göçürilmez ýaly. Emma ondan hiç hili derek bolmandyr. Men özümem birnäçe ýyl mundan öň arza ýazyp gördüm, maňa hiç hili jogap gelmändi.
XS
SM
MD
LG