Soňky bir hepdäniň dowamynda paýtagt Aşgabadyň Parahat 1,2,3,4 kiçi etrapçalarynda suwuň ençeme sagatlap kesilendigi habar berilýär. Bu ýagdaýyň bolsa, ýaşaýjylarda käbir kynçylyklary, hususanda arassaçylyk meselesinde bökdençlikleri döredendigi aýdylýar.
Paýtagtyň Parahat-7 kiçi etrapçasynda kähalatlarda 13 sagat çemesi kesilen suwuň ýaşaýjylara ýetiren täsirleri barada Azatlyk Radiosynyň gürrüňi edilýän sebitde ýaşaýan habarçysy Soltan Açylowanyň beren maglumatlaryny diňlemek üçin aşakdaky düwmä basyň.