Belarusyň hökümet agzalarynyň gatnaşmagyndaky resmi topary Türkmenistana bardy.
Belarusyň habar serişdeleriniň maglumatlaryna görä, ýurduň premýer-ministriniň orunbasary Anatoliý Kaliniň ýolbaşçylygynda we arhitektura hem gurluşyk boýunça ministriniň, şeýle hem “Belneftehim” we “Belaruskaliý” kompaniýalarynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagyndaky resmi toparynyň Türkmenistana saparynyň maksady Garlykdaky dag-manlaryny baýlaşdyryjy zawodunyň gurluşygyna syn etmekden ybarat.
25-nji ýanwarda Türkmenistana baradan belarus delegasiýasynyň türkmen hökümeti, “Türkmennebithimiýa” döwlet konserniniň we “Senagatçylar we telekeçiler bileleşiginiň” ýolbaşçylary bilen duşuşjagy habar berildi.
Türkmenistanyň Lebap welaýatynda gurulýan bahasy 1 milliard dollarlyk Garlykdaky dag-magdanlaryny baýlaşdyryjy kombinat Türkmenistanyň we Belarusyň arasynda 2010-njy ýylda gol çekilen şertnama laýyklykda 2015-nji ýylda gurlup gutarylmalydy.
Geçen ýylyň tomsunda iki ýurt bu kombinatyň gurluşygyna degişli borçnamalaryny ýerine ýetirmezlikde bir-birini aýyplap çykyş etdiler.
Geçen ýylyň dekabr aýynda Belarusyň Daşary işler ministrligi belarus tarapynyň Türkmenistandaky Garlykdaky dag-magdan baýlaşdyryjy kombinatyny 2017-nji ýylyň 31-nji martyna çenli ulanyşa bermegi planlaşdyrýandygyny mälim etdi.