Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

“Awaza” barmagyň hupbatlary


"Awaza"

“Awaza” syýahatçylyk zolagyna döwlet belgili we ýörite rugsatnamasy bolmadyk ulaglaryň girmegi gadagan edilenden soň, ýerli häkimiýetleriň alternatiwa hökmünde hödürlän transport hyzmatlarynyň talaba laýyk işlemeýändigi aýdylýar.

“Türkmenistanyň Alternatiw habarlary” neşiri özüniň Türkmenbaşy şäherindäki çeşmelerine salgylanyp, “Awaza” girmek bilen bagly girizilen soňky çäklendirmeleriniň ýaşaýjylara oňaýsyz täsrini ýetirip başlandygyny ýazýar.

Neşiriň maglumatyna görä, “Awaza” girmezden ozal, ýoluň ugrunda ýerleşdirilen hasaba alyş nokadyndaky elektron tablolar, yşyk indikatorlary, şlagbaum ýaly abzallar işlemesini goýupdyrlar.

“Türkmenistanyň Alternatiw habarlary” neşiriniň maglumatyna görä, hasaba alyş nokadynyň açylmagynyň ilkininji hepdeleri geçip-geçmän, onuň abzallary işlemesini bes edipdir. Indi ozalky düzgüne laýylyklykda, gelen ulagyň maglumatlary we wagty depdere ýazylyp, şlagbaum hem el bilen açylyp, ýapylýar. Biletleri awtomatiki görnüşde bermeli abzalyň üsti hem ‘wagty gelýänçä’ brezent bilen örtülip, munuň sebäbi soralanda-da işgärler muny ulanmaly däldigini aýdyp maglumat beripdirler.

Ulagy hasaba alyş nokady döredilensoň, indi “Awaza” gitmegiň aýratyn bir mesele bolup durýandygyna üns çekilýär.

“Awtobuslar her ýarym sagatdan gatnaýarlar. Golaý-goltumda hiç hili taksi ýok. Dispetçere jaň edip, tizräk ulag ugratmagyny sorasaň, gödek bir görnüşde: ‘Nämä jaň edip dursuňyz? Häzir ulag ýok, garaşyň!’ diýip, ýüzüňi alyp goýberýärler” diýip, ýerlileriň biri “Türkmenistanyň Alternatiw habarlary” neşirine maglumat beripdir.

Şol bir wagtda, gelen döwlet taksileriniň hem her kilometre almaly 30 teňňesiniň deregine, “Awaza” çenli 37 manat alýandyklary hem habar berilýär.

Ýeri gelende ýatlatsak, Azatlyk Radiosynyň öz habarçylary-da şu aýdan bäri “Awaza” diňe döwlet ulagynda, şeýle-de ýörite rugsatnama esasynda girip bolýandygyny tassyklap, Türkmenbaşy şäherinden welaýatlara gatnaýan taksileriň ählisiniň hem öz regionlaryna ugradylandygyny maglumat beripdiler.

Şol bir wagtda, ýurduň içeri işler ministriniň özi-de “Awaza” dynç almaga gelýänleriň ulaglaryny ýörite awtoduralgada goýmalydygyny we göz öňünde tutulan ýörite transportdan peýdalanmalydygyny aýdypdy. Şeýle-de, diňe käbir ulaglara ýörite rugsatnamanyň beriljekdigini, munuň hem dynç alyş möwsüminde, hyzmatlar bilen baglanyşykly zerurlyklara niýetlenýändigini mälim edipdi.

Ulag gadagançylygy bilen birlikde, geçen ýyl ýurduň beýleki welaýatlaryndan Türkmenbaşa gelip işleýän içerki migrantlar hem şäherden çykarylypdy.

Prezident Berdimuhamedowyň döwlet başyna gelmegi bilen Awaza syýahatçylyk zolagyna millionlarça amerikan dollary möçberinde maliýe serişdesi harçlandy. Türkmen mediasynyň maglumatyna görä, bu zolagy halkara turistleriniň iň bir gelim-gidimli syýahatçylyk merkezleriniň birine öwürmek göz öňünde tutulýar.

Türkmen resmileri ýurduň agyr ykdysady kynçylyklary çekýändigi aýdylýan döwründe-de, bu ýerde emeli adany, golf meýdançalaryny, şeýle-de beýleki gymmatbaha desgalary gurmagy planlaşdyrýandygyny mälim edýär.

Emma halkara ekspertleriniň ençemesi Awazanyň heniz turistlere, hususan-da, günbatarly syýahatçylara taýyn däldigini aýdýarlar. Bu ýerde bolup gaýdan daşary ýurtlular hem birnäçe aýy diýäýmeseň, myhmanhanalaryň boşap durandygyna ünsi çekýärler. Galyberse-de, Türkmenistan dünýäniň iň bir ýapyk we wiza almasy iň kyn döwletleriniň arasynda dowamly agzalyp gelinýär.

Emma muňa garamazdan, türkmen häkimiýetleri ýurda gelip-gidýän daşary ýurtly turistleriň sanynyň yzygiderli artýandygyny aýtsalar-da, henize çenli olaryň anyk sany baradaky statistiki maglumatlary ilat köpçüligine ýetirmän gelýärler.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG