Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Orsýet Siriýada YD-nyň lideri öldürilen bolmagy ähtimal diýýär


“Yslam döwleti” (YD) ekstremist toparyň lideri Abu Bakr al-Bagdadi
“Yslam döwleti” (YD) ekstremist toparyň lideri Abu Bakr al-Bagdadi

Orsýetiň Goranmak ministrliginiň aýtmagyna görä, geçen aýyň aýaklarynda Siriýada Orsýet tarapdan urlan bir zarbada “Yslam döwleti” atly ekstremisik toparyň lideri Abu Bakr al-Bagdadynyň ölen bolmagy ähtimal.

Ministrlik 16-njy iýunda al-Bagdadynyň ölendigi çaklanýan maglumatlary barlaýandygyny habar berdi. Gürrüňi edilen howa zarbasy 28-nji maýda ir bilen Rakkanyň günorta çetinde amala aşyrylypdyr.

Ministrlik şeýle hem zarbada 330 çemesi adamyň, şol sanda Yslam döwletiniň ýokary derejeli şahsyýetleriniň-de öldürilendigini aýdýar.

Yslam döwletine garşy Birleşen Ştatlaryň ýolbaşçylygynda söweş alyp barýan koalisiýa özüniň Orsýetiň Bagdadynyň öldürilen bolmagy mümkin diýýän habaryny tassyklap bilmeýändigini aýtdy.

Ors harbylary zarbada Yslam döwletiniň agzalarynyň Rakkadan çykmagyň ýollary barada pikir alyşmak üçin geçiren duşuşygynyň nyşana alnandygyny aýdýarlar. Rakka Amerika tarapyndan goldalýan siriýaly güýçleriň hüjümi sebäpli basyş astyna düşen ekstremisik toparyň iň güýçli ýeri hasaplanýar.

Orsýetiň goranmak ministrliginiň “Facebook” saýtynda bildirmegine görä, bu hüjüm Siriýadaky ors güýçleri duşuşyk geçiriljekdiginden öňünden habarly bolanlaryndan soňra amala aşyrylypdyr.

“Häzir dürli kanallar tarapyndan derňelýän maglumatlar boýunça bu duşuşyga Yslam döwletiniň lideri Abu Bakr al-Bagdady-da gatnaşypdyr. Ol zarbada ýok edilipdir” diýip, ministrlik belleýär.

Ors harbylary zarbanyň nirä we haçan uruljakdygy hakda Birleşen Ştatlara öňünden habar edendiklerini aýdýarlar.

Yslam döwleti parahat ilata zulum etmek we aýylganç işleri amala aşyrmak bilen 2014-nji ýylda Siriýanyň we Yragyň uly bölegini eýeledi.

Jeňçiler indi özleriniň güýçli ýerleri bolan Siriýada Rakkada we Yrakda Mosulda ýeňlip gelýäne meňzeýärler.

Siriýada alty ýyl bäri dowam edýän uruşda biri-birine garşy taraplary goldaýan Orsýet bilen Amerika aýry-aýrylykda howa kampaniýalaryny amala aşyrýarlar.

Amerikanyň ýolbaşçylygyndaky koalisiýa Yslam döwletiniň ýarym harbylaryny nyşana alsa, Orsýet, Günbatar resmileriniň aýtmagyna görä, esasan Siriýanyň prezidenti Başar al-Assadyň hökümetine garşy oppozision güýçleri nyşana alýar.

2011-nji ýylda turan protestleri hökümetiň rehimsizlik bilen basyp ýatyrmagy sebäpli turan we 400 müňden agdyk adamyň başyna ýeten urşuň tutuş dowamynda Orsýet Assady harby hem diplomatik taýdan goldap geldi.

Ýaýradylan iň soňky wideoda Bagdadynyň Mosulyň uly al-Nuri metjidiniň münberinde öz “halyfatyny” yglan edýändigi görünýär. Bu wideo hem 2014-nji ýyla degişli.

Asyl ady Ibrahim al-Sammarri bolan yrakly 46 ýaşly Bagdady 2013-nji ýylda Al-Kaýdadan aýryldy.

Britaniýada ýerleşýän Siriýanyň adam hukuklary obserwatoriýasynyň direktory Bagdadynyň ölen bolmagy mümkin diýilýän habara şübheli garaýar. Onuň elindäki maglumatlara görä, Bagdady maýyň aýaklarynda Siriýada başga bir ýerde bolupdyr.

“Reuters” habar gullugy: “Maglumata görä, Bagdady öten aýyň aýaklarynda Deýr al-Zorda, Deýr al-Zor bilen Yragyň aralygyndaky regionda, Siriýanyň territoriýasynda bolupdyr” diýip, Rami Abdulrahmana salgylandy.

XS
SM
MD
LG