Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistanda geçen aýyň aýagynda terraktyň öňüniň alnandygy aýdylýar


Türkmenbaşy porty, (Illýustrasiýa)
Türkmenbaşy porty, (Illýustrasiýa)

Türkmenistanda geçen aýyň aýagynda terraktyň öňi alyndy, diýip “Türkmenistanyň Hronikasy” neşri habar berýär. Neşir öz çeşmelerine salgylanmak bilen by ýagdaýyň 28-nji awgustda Türkmenbaşy şäheriniň portunda bolandygyny aýdýar.

“Türkmenistanyň Hronikasyna” görä, ýörite gulluklar iki jenaýatçyny ele salypdyr.

“28-nji awgustda Türkmenbaşy şäheriniň portunda Türkmenistanyň ýörite güýçleri terraktyň önüni aldylar. Zulumkeşler – Türkmenistanyň raýatlary bolan iki dogan (atlary we familiýalary görkezilmeýär). Olar Türkmenistanyň we Bakuwyň arasynda gatnaýan Bagtyýar atly ýük we ýolagçy paroma partlaýjy serişdäni geçirmäge synanyşypdyr” diýip, adam hukuklary boýunça “Türkmen inisiatiwasy” guramasynyň informasion websaýtynda habar berilýär.

Şeýle-de, agzalan iki doganyň paroma münmek üçin biletlerinde dürli ýerleriň görkezilendigi, olardan başga-da paromda 170 adamyň bolandygy we onlarça awtoulagyň ýüklenendigi maglumatda habar berilýär. Şübhe astyna alnanlaryň hersi öz ýany bilen partlaýjy serişdeleri eltip, paromda bombany ýasamagy we Türkmenistanyň territorial suwlarynda partlatmagy planlaşdyrypdyr” diýip, neşir öz çeşmelerine salgylanyp habar berýär.

Şeýle-de, “Türkmenistanyň Hronikasy” neşiri ýörite gulluklaryň terrakt barada öňünden ygtybarly bolandygy barada öz çeşmeleriniň çak eýändigini belleýär.

Azatlyk Radiosy bu maglumaty öz çeşmelerinden entek tassykladyp ýa-da inkär etdirip bilmedi.

Emma Azatlyk Radiosynyň çeşmeleri Türkmenistanyň howpsuzlyk güýçleriniň ýurduň territoriýasynda terraktlaryň bolmagynyň töwekgelçilikleri barada, aňtaw maglumatlaryna eýe bolandygyny iýun aýynda habar beripdi. Türkiýäniň ýörite gulluklaryndan alnan bolmagy çak edilýän şol aňtaw maglumatlarynda, “Yslam döwleti” toparyna mahsus terraktlar barada gürrüň gidipdi.

Şonda Azatlygyň howpsuzlyk gulluklardaky çeşmeleri dörän ýagdaý bilen baglylykda, aýratyn-da Aziýa oýunlarynyň öňüsyrasynda, şübheli görnüp biljek islän adamy saklamak barada görkezmeleriň berlendigini habar beripdi.

Iýul aýynda Azatlyk "Yslam döwleti" toparynyň söweşijileri bolmakda güman edilýän dört adamyň tussag edilendigini habar beripdi.

Azatlygyň Türkmenistanyň Goranmak ministrligindäki çeşmesi terrorçy bolmakda güman edilýän dört adamyň Ahal welaýatynyň Kaka etrabynda ele salnandygyny aýdypdy.

Adynyň efirde tutulmazlyk şerti bilen söhbetdeş bolan çeşmämiz söweşiji bolmakda güman edilip, Türkmenistanyň Owganystan we Eýran bilen serhetleriniň golaýynda tussag edilen dört adamyň Türkmenistanyň raýatlary bolup, olaryň “Siriýada we Yrakda Yslam döwleti toparynyň düzüminde söweşendigini mälim edipdi.

Şol operasiýa gatnaşandygyny aýdan çeşmämiz Türkmenistanyň territoriýasyna söweşiji bolmakda güman edilýän onlarça adamyň geçendigi hakynda, harby aňtaw gulluklarynda maglumatyň bardygyny habar berdi.

Şol wakalardan soň Türkmenistanyň serhet goşunlarynyň ýolbaşçysy general-maýor Begenç Gündogdyýewiň harby derejesi peseldildi.

Prezidentiň 15-nji awgustda yglan eden bu karary bilen ýakyndan tanyş çeşmeleriň Azatlyk Radiosyna aýtmagyna görä, Gündogdyýewiň general harby derejesinden mahrum edilmegi “Yslam döwleti” toparynyň söweşijisi bolmakda güman edilýän dört adamyň ele salynmagy bilen bagly waka ilteşikli bolupdyr.

Şeýle-de, Azatlygyň çeşmeleri prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda öňünden yglan edilmän, awgustda geçirilen harby türgenleşikleriň hem söweşiji bolmakda güman edilýänleriň döwlet serhedinden geçmegi bilen bagly wakalar bilen bagly bolandygyny habar beripdiler.

XS
SM
MD
LG