Sepleriň elýeterliligi

Türkmenistan 2018-nji ýylda dynç almak üçin iň gowy ýurt diýlip 'yglan edildi'


Mary şäheri

ORIENT agentligine görä, Türkmenistan 2018-nji ýylda dynç alyş üçin iň gowy ýurt diýlip yglan edildi.

Birnäçe ýurda turizm we syýahatçylyk boýunça birnäçe programmalaryň esasynda Italiýanyň “Rai Tre” TW kanaly tomaşaçylaryň arasynda pikir öwrenmeleri geçirdi we 2018-nji ýylda syýahatçylyk üçin iň gowy ýurdy saýlady, Türkmenistan “taryh” kategoriýasyndan ýeňiji boldy diýip Trend agentligi habar berdi.

Maglumata görä, sanawda Türkmenistandan soň Orsýetiň Kareliýa regiony durýar. Fransuz Polynesiýa we Fillipinler “jennet” kategoriýasynda ýeňiji hökmünde agzalýar, San Fransisko we Günorta Koreýanyň paýtagty Seul “şäher durmuşy” kategoriýasynda öňe saýlanypdyr.

Türkmen halky bäş müň ýyllyk taryha eýe, paleolit we mesolit döwürlere degişli tapyndylaryň ençemesi muňa şaýat bolýar. Grek we rim gadymy ýazgylarda agzalýan Margiana döwleti häzirki Türkmenistanyň territoriýasynda ýerleşipdir diýlip, maglumatda bellenýär.

Türkmenistan dünýäniň iň ýapyk ýurtlarynyň bir bolup, wiza almak üçin iň uly kynçylykly ýurtlaryň onlugyna girýär.

Siziň pikiriňiz

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG