Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

'Senagatlaşýan' Türkmenistanda inženere daýhançylyk teklip edilýär


Illýustrasiýa suraty
Illýustrasiýa suraty

“Türkmenistanyň Ministrler Kabineti iş sorap ýazan arzama ‘öz etrabyňda kärende ýerini alyp, ekerançylyk bilen meşgullan’ diýen jogaby berdi” diýip, nebit-gaz ugry boýunça ýokary derejeli ýaş spesialist Azatlyk Radiosyna aýtdy.

Ýatlap geçsek, Balkan welaýatynyň Bereket etrabynyň ýaşaýjysy Mergen (Howpsuzlyk ýagdaýlary sebäpli ady üýtgedildi) 2016-njy ýylyň tomsunda Ukrainanyň Ýuriý Bondarçuk adyndaky Milli tehniki uniwersitetinde okuwyny tamamlandygyny we 2017-nji ýylyň fewralynda Türkmenistanda öz diplomyny ykrar etdirendigini Azatlyk Radiosyna gürrüň beripdi.

Şonda ol “Nebit-gaz senagaty we Metallurgiýa boýunça ýokary hünär derejeli hünärmen” diýen at bilen diplomyny ykrar etdirenden soň, iş sorap onlarça döwlet edarasyna ýüz tutandygyny, emma olaryň hijisinde özüne iş berilmeýändigini aýdypdy.

25 ýaşyndaky Mergen aradan 8 aý çemesi wagt geçensoň, işe ýerleşmek üçin kömek sorap, özüniň we daşary ýurt diplomlaryny ykrar etdiren başga-da onlarça ýaş spesialistiň Türkmenistanyň Ministrler Kabinetine ýörite hat ýazandygyny Azatlygyň ýerli çeşmesine gürrüň berdi.

“Meniň geçen ýylyň oktýabrda ýazan arzama dekabr aýynyň aýagynda jogap geldi. Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministriniň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetirýän Sylapowyň goly bilen jogap berlen hatda ‘Seni öz ugruň boýunça işe ýerleşdirmek häzirlikçe bize başardanok. Sen öz ýaşaýan etrabyňa bar hem-de kärendesine ýer al, häzirlikçe ýer bilen işleş. Kärendesine ýer ber diýseň, seniň haýyşyňy ýerine ýetirerler’ diýilýär” diýip, Mergen şeýle mazmunly hatyň başga-da ençeme ýaş spesialiste gelip gowşandygyny aýtdy.

Şeýle-de, ol bäş ýyllap daşary ýurtda nebit-gaz ugry boýunça ýokary bilim alandan soň, öz hünäri boýunça işe ýerleşmek üçin kömek sorap ýazan arzasyna şeýle jogabyň berilmeginiň “ýüzüne gamçy çalnandan hem erbet” täsir edendigini sözüniň üstüne goşdy.

“Bäş ýyl ýokary bilim alyp, soňunda kärendeçi boljak bolsam, okamak nämä gerekdi? Metbugatda ýurtda ýaş hünärmenleriň ýetmezçilik edýändigi barada wagtal-wagtal gürrüň edilýär. Ýöne iş sorap barsaň, ýokary hünärli spesialiste daýhan bol diýýärler” diýip, Mergen belleýär.

Ol özüniň daýhançylygy başarjagynyň ikiuçludygyny, iş gözleginde daşary ýurda gidere-de maliýe ýagdaýynyň ýokdugyny aýdyp, häzirki wagt obanyň pada çopanynyň ýanynda kömekçi bolup işlemäge başlajakdygyny sözüniň üstüne goşdy.

“Ownuk söwda başlaýyn diýsem, onda sermaýa gerek. Häzir pada çopanynyň ýanynda işe başlamakdan başga alajym ýok. Ýokary hünärli bolup, ýa daýhan bolmaly boldum, ýa-da çopanyň kömekçisi” diýip, Mergen damagyny dolduryp gürrüň berdi.

Ýatlap geçsek, geçen ýylyň 4-nji awgustynda geçirilen hökümet maslahatynda, Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow daşary ýurtlarda bilim alan ýaş hünärmenleri işe ýerleşdirmek meselelerini içgin öwrenmegi tabşyrdy.

Şonda türkmen lideri wise-premýerler B. Hojamämmedowa we S. Toýlyýewe hünärmenleri işe ýerleşdirmek boýunça pudagara toparyny döretmegi hem-de bu ugurda edilen işleriň netijeleri barada Ministrler Kabinetiniň mejlisinde hasabat bermegi tabşyrdy. Emma aradan alty aýa golaý wagtyň geçendigine garamazdan, henize çenli bu topar we onuň häzir nähili tapgyrdadygy hakda, ilata maglumat berilmeýär.

Ýerli synçylaryň we ýaşaýjylaryň ençemesi döwlet gazetlerinde dürli ugurlar boýunça ýokary hünärli spesialistleriň ýetmezçilik edýändigi barada ýygy-ýygydan bildirişler çap edilse-de, ýurtda işe ýerleşmek meselesinde tanyş-biliş we para almak-bermek tejribesiniň giňden ýaýrandygyny, şol sebäpli ýaşlaryň köpüsiniň işiň gözleginde daşary ýurtlara gitmäge mejbur bolýandygyny aýdýarlar.

Sözümiziň ahyrynda bellesek, Azatlyk Radiosy ýokarda gürrüňi edilen meseleler dogrusynda Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrligi bilen habarlaşanda, bu maglumatlary ne tassyklatmak, ne-de inkär etdirmek başartdy.

XS
SM
MD
LG