Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Pensionerler harytlaryň gymmatlamagyndan ‘ejir çekýär’


Illýustrasiýa suraty
Illýustrasiýa suraty

Indi ýarym ýyla golaý wagt bäri Türkmenistanda azyk we senagat harytlarynyň bahalary yzygiderli ýokarlanýar. Ýaşaýjylar munuň sebäplerini dollaryň satuwdan aýrylmagy, “gara bazarda” dollaryň bahasynyň yzygiderli ýokarlanmagy bilen baglanyşdyrýardylar.

Emma bahalar soňky ýarym ýylda aşa ýokarlandy diýip, aşgabatly pensioner 60-ýaşly Sona daýza aýdýar. Daşary döwletlerden gelýän alma, apelsin, mandarin, banan, armyt, kiwi ýaly miweleriň bahalarynyň 50 göterimden hem artyk ýokarlanandygyny, käbir dükanlarda olaryň 150 göterime çenli ýokarlanandygyny, Sona daýza sözüne goşýar.

Magtymguly köçesiniň ugrundaky “Garagum” azyk dükanynda apelsiniň bir kilogramynyň 16 manatdan satylýandygyny, Mir-1 kiçi etrapçasynyň hususy dükanlarynda bananyň bir kilogramynyň 18 manatdan satylýandygyny, ozal bahalary 4 manat bolan almadyr, mandarinlaryň soňky günler 6-8 manat aralygynda satylýandygyny, ozal apelsinleriň bir kilosynyň bahasynyň 5 manat, bananlaryň mundan ýarym ýyl ozal bir kilosynyň bahasynyň 7 manat bolandygyny, iň arzan önüm hasaplanýan soganyň hiç wagt 5 manat 50 teňňe bolandygynyň asla görülip eşidilen zat däldigini hem Sona daýza aýdýar.

Aýdylmagyna görä, pensionerleriň, ýarawsyz garrylaryň ençemesi özleriniň ujypsyz pensiýa alýandygyny belläp, şular ýaly bahadan gök önümleri satyn alyp iýip bilmeýändiklerini, diňe bir daşary döwletlerden gelýän gök önümleriň däl, ýurduň içinde öndürilýän gök önümleriň bahalarynyň hem pensionerler üçin elýetersiz bolup barýandygyny nygtaýar.

“Özümizde öndürilýän pomidoryň ozal bir kilogramy 4-5 manat bolan bolsa, şu gün onuň bahasy 8-9 manat aralygynda, hyýaryň bahasy ozal 4-5 manat bolan bolsa onuň bir kilogramynyň bahasy häzir 7-8 manada bardy, kartoşkanyň ozal bir kilosy 2 manatdy, ol häzir 4 manada bardy, şeýle bahadan bolsa 300-400-manat pensiýa alýan pensionerler gök önüm satyn alyp iýip bilmeýärler” diýip, Sona daýza sözüni dowam edýär.

Şeýle-de, süýt-gatyk önümleriniň bahalarynyň hem ýokarlanyp, garrylar üçin zerur bolan tworogyň bahasynyň 14-15 manada barandygyny, şol bahadan hem käbir günler bazarlardan tworogy tapyp bolmaýandygyny, 1,5 litrlik gaplanan süýtler ozal 3-4-manat aralygynda bolandygyny, emma onuň hem şu günki gün 5 manada çenli ýokarlanandygyny ol aýdýar.

Unaş we çörek önümleri hem gymmatlaýar. Çörek önümleriniň bahalaryny galdyryldy diýdirmejek bolup, onuň möçberini kiçeldýärler. Ozal üç manada alýan tamdyr çöregi bilen bir adam 4 gün oňňut etse bolýardy. Indi onuň göwrümi ýarpy kiçeldildi welin, 3 manatlyk çörek bilen iki gün hem oňňut edip bolmaýandygyny, ozalky bir kilosy 1 manat 40 teňňe bolan çekimli makaronlaryň häzir 2-20-teňňe bolandygyny hem ol sözüne goşýar.

Pensionerler diňe bir azyk önümleriniň aladasy bilen ýaşamaýarlar. Azyk önümleriniň ýokarlanmagy bilen geregiçe iýmitlenip bilmeýän pensionerleriň däri-derman zerurlygy hem artyp barýar. Gan azlyk, witamin ýetmezçiligi, nerw keselleri we süýjüligiň artmagy ýaly dürli keseller indi islendik pensionerde tapylyp dur.

Dermanlaryň bahalary hem aşa ýokarlandy. 2017-nji ýylyň noýabr aýyndan saglyk ätiýaçlyk pasporty bilen berilýän ýeňillikli dermanlaryň sanawynyň azaldylmagy bilen indi saglyk öýlerine barsaň, gan basyşyny peseldýän dermana resept beräýmeseler, näsaga zerur bolan köp görnüşli dermanlaryň ýeňillikli dermanlaryň hataryna girmeýändigini lukmanlar aýdýarlar.

Türkmenistanda azyk we senagat harytlarynyň ýokarlanmagynyň netijesi işsiz, aýlyk-günlüksiz maşgalalaryň ählisine-de öz ýaramaz täsirni ýetirýändigi aýdylýar. Emma bahalaryň aşa ýokarlanmagy sebäpli iň köp pensionerleriň kynçylyk çekýändigine, ýaşaýjylar ünsi çekýärler.

XS
SM
MD
LG