Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Sakarlylary gytçylyk bilen etraplaryň birleşdirilmegi 'köseýär'


Türkmenistanyň Lebap welaýatyndaky obalaryň biri

Bilermenleriň aýtmagyna görä, Türkmenistanda dowam edýän ykdysady krizis halkyň durmuşyna ýetirýän täsirlerini barha ýiteldýär. Munuň ýanynda Aşgabat hökümetiniň kabul edýän käbir kararlary hem ykdysady krizisiň halkyň ýaşaýyş şertlerine ýetirýän täsiniň hasam ýiti duýulmagyna getirýär.

Anonim ýagdaýda Azatlyk Radiosyna ýüz tutan Lebap welaýatynyň Sakar etrabynyň käbir ýaşaýjylarynyň aýtmagyna görä, ýurtdaky ykdysady krizisiň täsirlerinden kösenýän we owalam öwerlikli bolmaýan halkyň durmuşy Türkmenistanyň prezidentiniň Lebap welaýatyndaky administratiw üýtgeşiklik kararyna laýyklykda Sakar we Saýat etraplarynyň gaýtadan birleşdirilmegi sebäpli hasam ýaramazlaşypdyr.

Sakar etrabynyň käbir ýaşaýjylary indi merkez hasaplanýan Saýatdan iberilmeli esasy azyk önümleriniň gaty giç gelýändigi we hat-da käbir önümleriň bolsa düýbünden iberilmän başlandygy üçin halkyň gytçylygyň täsirini owalkysyndan has beter duýmaga başlandygyny gürrüň berýärler.

Howpsuzlyk sebäpli adynyň efirde tutulmazlygyny sorap, Azatlyk Radiosyna ýüz tutan Lebap welaýatynyň Sakar etrabynyň Lebap daýhan birleşiginiň käbir ýaşaýjylarynyň aýtmagyna görä, ol ýerde owal maşgalanyň her agzasyna 7 kilogram görnüşinde gerilýän un haky indi ýatyrylyp, onuň deregine her maşgala aýda 10kg haky berilmäge başlanypdyr. Bu täze düzgün bolsa bar bolan un gytçylygyny hasam ýaramazlaşdyrypdyr. Bu bolsa Lebap daýhan birleşiginiň käbir ýaşaýjylaryny mekgejöwen we sübse tohumyndan un ýasamaga gönükdiripdir.

Sözi jemläp aýtsak, Lebap welaýatynyň Sakar etrabynyň redaksiýamyza ýetiren maglumatlary barasynda degişli türkmen resmilerinden nähilidir bir kommentariýa almak Azatlyk Radiosyna başartmady.

Iň soňky teswirler

New Comments Available
XS
SM
MD
LG