Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Ançeski: HWF puly refromalary amala aşyrmak şerti bilen berýär


Türkmenistanyň Merkezi banky

Martin Sommeriň baştutanlygynda Halkara walýuta fondunyň (HWF) missiýasy 19-njy fewral – 6-njy mart aralygynda Aşgabada eden saparynyň netijeleri boýunça 9-njy martda beýanat ýaýratdy.

Türkmenistanda amala aşyrylýan ýeňillik reformalarynyň durmuşa geçirilýändigi üçin, şeýle-de döwlet býujetinden sarp edilen agramly goýumlaryň maliýeleşdirilmegi sebäpli ýurtda 2017-nji ýylda, resmi maglumatlara görä, inflýasiýanyň ortaça 8% ýokary galandygy, beýanatda aýdylýar.

Şeýle-de, HWF-nyň beýanatynda ýurduň daşarky defisitiniň göwrümi göz öňünde tutulyp goşmaça çäreleriň görülmelidigi, şol sanda walýutanyň alyş-çalyş bahasynyň düzedilmegi maslahat berilýär.

Mundanam başga, türkmen ykdysadyýetiniň kynçylykly, ýöne şol bir wagtyň özünde gowulaşýan daşky ykdysady gurşawa uýgunlaşmaga dowam edýändigini bellenildi.

Eýse, HWF-nyň Türkmenistana edýän soňky rekomendasiýalary nämäni aňladýar?

Azatlyk Radiosy şu we beýleki soraglar bilen Angliýanyň Glasgow uniwersitetiniň Merkezi Aziýa meseleleri boýunça eksperti, professor Luka Ançeskä ýüzlendi.

Luka Ançeski: Men mundan birnäçe netije çykaryp biljek. Birinjiden, resmi maglumatlar hemişe diýen ýaly kesgitsiz. Biz ýurtda ýagdaýyň has agyrdygyny bilýäris. Şol sebäpden, men HWF-nyň agzalarynyň bu sanlara ynanmaýandygyny umyt edýärin. Sebäbi mundan birnäçe ýyl öň Türkmenistanda 8-10% ösüşiň bolandygyna ynanmak gaty kyndy. Häzirki wagt ýurtdaky ýagdaýy nazara alanymyzda, 6,5% ösüşiň bolandygy hem hakykata ýakyn däl.

Ikinjiden, Halkara walýuta fondunyň beýanatyndan Türkmenistanyň ykdysady ulgamynda käbir zatlaryň nädogry amala aşyrylýandygyny aňsa bolýar. Sebäbi olar [türkmen hökümeti] daşky täsirler, daşky faktorlar diýse-de, ykdysadyýetiň gurluşyny üýtgetmek üçin o diýen tagalla etmeýärler we ýurt monoresurs, ýagny girdejisi bir çeşmä bagly bolmagynda galýar.

Şonuň üçin meniň pikirimçe, olar [HWF] ýurduň Hytaý bilen gaz söwdasynyň umumy ykdysadyýete ýetirýän täsirini gowşatmak maksady bilen, hökümetiň göz öňünde tutulmadyk ýagdaýlar üçin haýsydyr bir hereket planyny taýýarlamalydygyny çaklaýarlar.

Britaniýanyň Glasgow uniwersitetiniň Merkezi Aziýa boýunça eksperti Luka Ançesçi.
Britaniýanyň Glasgow uniwersitetiniň Merkezi Aziýa boýunça eksperti Luka Ançesçi.

Azatlyk Radiosy: Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň monoresurs, ýagny girdejisi bir çeşmä bagly gurluşynda saklanyp galýandygyny bellediňiz. HWF hem türkmen häkimiýetlerine ykdysadyýetiň ugruny üýtgetmegi maslahat berdi. Türkmenistan babatynda muny aýtmak aňsat däl, şeýle dälmi?

Luka Ançeski: Ykdysadyýetiň diwersifikasiýalaşdyrylmagy wagt talap edýär. Munuň käbir täsirleri hem bolýar. Mysal üçin, biz 2018-nji ýylda ykdysadyýeti diwersifikasiýalaşdyrylmagy planlaşdyrsak-da, onuň netijelerini 2030-njy ýyla çenli görmeris. Şol sebäpden bu proses has öň, ýagny 90-njy ýyllarda amala aşyrylmady. Ýöne hökümet hemişe döwlet gaznasyna gelýän nagt pula tarap ýykgyn etdi.

Şonuň üçin meniň pikirimçe, häzirki hökümet sebäpli ýurduň ykdysadyýetiniň diwersifikasiýalaşdyrylmagy agza aňsat diýip bileris. Ýöne munuň düýbünden mümkin däldigini hem aýdyp bilmeris. Eger resurslaryň, ýagny ýurda gelýän girdejileriň dolanşygy dury däl görnüşde amala aşyrylýan bolsa, onda režimiň, has takygy awtoritar režimiň ykdysadyýetiň bu görnüşinden el çekmegi üçin hiç bir stimuly ýokdur.

Azatlyk Radiosy: Azatlygyň türkmen hökümetindäki ynamdar bir çeşmesiniň aýtmagyna görä, ýurduň ýokary derejeli resmileri soňky döwürde HWF bilen hyzmatdaşlyga has içgin gyzyklanyp başlady. Türkmen hökümetiniň resmi toparynyň Waşingtona eden saparynda HWF-dan 10 milliard dollar möçberinde karz pul soralypdyr. Siziň pikiriňizçe bu näderejede hakykata gabat gelýär?

Luka Ançeski: Bu hakyky umytsyzlyk. HWF puly diňe käbir reformalaryň amala aşyrylmak şerti bilen karz berýär. Bu maýa goýum däl-de, karz puldyr. Olar [türkmen hökümeti] Londondan, Moskwadan, Hytaýdan karz puly almaga öwrenişen. Ýöne bular ýaly tejribe indi ýok.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG