Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Ýüpekçileri höweslendirmek üçin, kepek söwdasy saklandy 


Ýüpek gurçugy

Mary welaýatynyň etraplarynda mal iýmleriniň iň zerury hasaplanýan kepegiň üç hepdeden bäri satuwa çykarylmaýandygy barada maglumatlar bar.

Mary welaýatynyň Murgap etrabynyň ýaşaýjysy, kärendeçi Selimiň aýtmagyna görä, kepegiň satuwa çykarylmazlygynyň sebäpleri, häzirki wagtda gurçuk tohumyny idedýän kärendeçilere kepek berjek diýip, olary ýüpek gurçugyny has oňat idetmäge höweslendirmek maksady bilen kepek satuwdan aýrylypdyr.

“Kepegiň öndürilişi juda ujypsyz bolanlygy sebäpli, döwlet tarapyndan öndürilýän kepek satuwa çykarylman, bazalarda saklanyp, pileçileriň pile tabşyraryna garaşylýar. 100 kilogram pile tabşyran pileçä bir tonna kepegi döwlet bahasyna berjekdikleri barada, welaýatyň ähli etraplarynyň pileçilerine wada berlipdir. Şol sebäpli kepek soňky üç hepdeden bäri satuwda ýok” diýip, Selim aýdýar.

Kärendeçiler her ýyl gurçuk tohumyny idetjek üçin alsalar-da, pilä tölenýän nyrhdan kanagatlanmansoň, ýüpek gurçugny idetmäge o diýen höwesli däl. Piläniň öndürilişiniň ozalky ýyllardan juda pese gaçandygyny ýaşaýjylar belleýärler.

Edaralara hökmany berilmeli gurçuk tohumyny idetmäge kärendeçi tapyp, edara-kärhanalaryň işgärlerinden bolsa pul toplap, toplanan puly gurçuk tohumyny idetmegi boýun alýan pileçä öňünden tölemek düzgüni indi birnäçe ýyl bäri welaýatda dowam edip gelýärdi.

“Tut ýetmezçiligi, pile idetmek üçin ýöriteleşdirilen jaýlaryň ýetmezçiligi, galyberse-de, ýüpek gurçugyny idetmegiň hysyrdysyndan gaçýan käbir pileçiniň edaralar tarapyndan tölenýän puly öňünden alyp, soňra gurçuk tohumyny geregiçe idetmedik wagtlarynyň köp bolýanlygy sebäpli, bu ýyl welaýatyň etraplarynyň jogapkär ýolbaşçylary pileçileriň öýlerine aýlanyp, piläniň idedilişine berk gözegçilik edýärler hem-de pileçileri höweslendirmek maksady bilen, şu ýyl pileçilere döwlet bahasyndan kepek bermegi hem wada etdiler” diýip, Selim aýdýar.

Geçen ýyllar öndürilen ýokary hilli pile üçin, her kilogramyna tölenen 7 manady, ýokary hilli bolmadyk piläniň her kilogramy üçin tölenen 1 mandy ujypsyz saýan pileçileriň köpüsi ýüpek gurçugyny geregiçe idetmän, welaýatyň döwlete tabşyrmaly pile planyny ýerine ýetirip bilmedik ýyllarynyň kän bolandygyny, şol sebäpli bu ýyl pileçilere tabşyrjak her kilogram pilesi üçin tölenjek nyrhyň hem ýokary boljakdygyny jogapkär ýolbaşçylaryň söz berendigini hem Selim sözüne goşýar.

Emma öndüriljek piläniň her kilogramy üçin döwlet tarapyndan näçe nyrhyň kesgitlendigi barada pileçilere anyk bir zat aýdylmandyr. 100 kilogram pile tabşyranlara bir tonna kepegiň döwlet bahasyndan beriljekdigine-de söz berlipdir. Pileçilerem bu wadalara ynandylar. Emma pile tabşyrylandan soňra wadalar ýerine ýetjekmi ýa bu hem daýhana berilýän adatdaky boş wada boljakmy, ony häzirlikçe öňünden bilýän ýok. Her niçik hem bolsa bu ýyl kepek wadasyna ymtylyp, ýüpek gurçugyny has yhlasly idetmäge çalyşýan kärendeçileriň artandygyny ýaşaýjylar belleýärler.

Şol bir wagtda-da, öz hojalygyndaky mallary üçin iým tapman kösenip ýören ýaşaýjylaryň hem artandygy aýdylýar. basymrak piläniň tabşyrylmagyna, pileçilere wada berlen kepegi döwletden alyp, pileçileriň ony kepek gözläp ýören alyjylara satmaklaryna umyt baglaýan ýaşaýjylaryň hem müňlerçedigi aýdylýar.

“Özünde maly bolmadyk pileçi, elbetde, döwletden baýrak hökmünde alan kepegini satar-da. Şonda birneme iým alyp, mallarymyzy açlykdan çykaraýmasak, ne iým satyn alyp bolýar, ne-de meýdandan mallar doýrup bilýär. Ýagyn az bolanlygy sebäpli meýdanlarda ot hem ýok diýip, iým ýetmezçiligi sebäpli güzeranlarynyň kynlaşýandygyny ýaşaýjylar nygtaýarlar.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG