Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Özbegistan türkmen raýatlaryna degişli bolan wiza düzgünlerini sadalaşdyrýar


Türkmenistanyň ýolagçy uçary
Türkmenistanyň ýolagçy uçary

Özbegistanyň prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň 4-nji iýulda çykaran kararyna laýyklykda, Özbegistana sapar edýän syýahatçylara, şol sanda türkmenistanlylara degişli bolan wiza düzgünleri sadalaşdyrylýar.

Türkmenistanyň alternatiw habarlary” saýty Özbegistanyň ýerli metbugatyna salgylanyp ýetiren habarynda 15-nji iýuldan başlap Özbegistanyň daşary ýurtlulara degişli ýurda giriş wizalarynyň berilmegi bilen bagly proseduralary sadalaşdyrýandygyny habar berdi.

Mundan beýläk Özbegistana sapar etmek isleýän daşary ýurtlular, şol sanda türkmenistanlylar e-visa.uz saýty arkaly özbek wizasyna ýüz tutup bilýärler.

Bu ýeňillik goňşy ýurda sapar etmek isleýän türkmen raýatlarynyň işini aňsatlaşdyrar.

Özbek tarapynyň täze girizýän düzgünlerine görä, wiza almak isleýän raýatlar Özbegistanyň daşary ýurtlardaky wekilhanalaryna barmazdan, diňe Internet arkaly özbek wizasyna ýüz tutup, oňa degişli bolan tölegleri-de Internet arkaly amala aşyryp bilýärler.

E-visa.uz saýtynyň üsti bilen wiza ýüz tutan daşary ýurtlular degişli rugsatnamalary elektron hat arkaly kabul edip alýarlar diýip, özbek metbugaty ýazýar.

Şol bir wagtyň özünde, agzalýan täze üýtgeşmelere laýyklykda, 101 döwletiň, şol sanda Türkmenistanyň raýatlary halkara üstaşyr halatlarda Özbegistanda 5 gün wizasyz bolup bilýärler, ýöne munuň üçin olarda özleriniň 5 gün dolansoň, üçünji ýurda gidýändigini tassyklaýan uçar biletleri bolmaly.

Türkmenistan bilen Özbegistanyň arasynda göni uçar gatnawlary ýok.

Daşary ýurtlulara degişli girizilýän bu wiza ýeňilliklerine garamazdan, Özbegistan öz raýatlaryna ýurtdan çykmak üçin zerur bolan wiza talaplaryny gowşatmany gelýär.

Türkmenistan iki ýurduň arasyndaky wiza düzgünlerine üýtgeşiklik girizmedi. Ýurduň Özbegistan bilen serhetleşýän regionlarynda ýaşaýan türkmenistanlylar goňşy ýurda sapar etmek üçin dürli kynçylyklara sezewar bolýarlar diýip, Azatlygyň habarçylary bilen gürrüňdeş bolýan ýerli ýaşaýjylar aýdýar.

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow soňky sapar Özbegistana 2018-nji ýylyň aprel aýynda resmi sapary amala aşyrdy. Onuň dowamynda iki ýurduň arasynda transport we üstaşyr ulgamlarda, oba hojalygy pudagynda, ylym we tehnikany ösdürmekde, kärdeşler arkalaşyklary boýunça, şeýle-de region ara hyzmatdaşlygyň gerimini giňeltmekde hem-de iki ýurduň ýokary okuw jaýlarynyň arasynda gatnaşyklary ýola goýmak boýunça onlarça resminama gol çekildi.

Özbegistanyň ozalky prezidenti Yslam Kerimowyň 2016-njy ýylyň sentýabr aýynda duýdansyz ölüminden soň, hökümet başyna geçen Mirziýoýew häzirki wagtda ýurdy üzňelikden halas etmek ugrunda girizýän reformaçyl meýilleri bilen tanalýar. Ol prezidentlik wezipesine saýlanandan soň daşary ýurda eden ilkinji resmi saparyny Türkmenistana amala aşyrdy.

XS
SM
MD
LG