Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Türkmen bankomatlarynyň berýän köne manatlary alyjylar bilen satyjylaryň arasynda dartgynlylyk döredýär


Türkmenistanyň milli puly

Türkmenistanda iýun aýynyň aýlyklary we beýleki kömek pullary öňki aýlardakydanam gijikdirilip berildi we şol bir wagtda adamlaryň bankomatlardan alan köne manatlaryna söwda edip bilmeýändikleri, ownuk pullaryň bolsa asla ýetmeýändigi habar berilýär.

Azatlygyň Aşgabatdaky çeşmeleriniň berýän maglumatlaryna görä, Türkmenistanda aýlyklary on-on iki gün gijikdirip bermek bireýýäm kada öwrüldi. Ýöne iýun aýynda, gallaçy daýhanlar bilen wagtynda hasaplaşmak meselesi ara düşensoň, aýlyklaryň ylaýta-da şäher ýerinde has gijigendigi, ýagny 20-nji iýulda berlip başlanandygy habar berilýär.

Emma bu gezek aýlyk gijikmesinden başga, sabyr edip garaşan adamlaryň öňünden ýene bir kynçylyk çykdy: iýun aýy üçin berilýän manatlar juda könelen, olary dükana alyp baryp, söwda etjek bolsaň, uly kynçylyk döreýär, sebäbi satyjylar beýle manatlary kabul edip bilmejeklerini aýdýarlar diýip, Azatlygyň bir-birinden garaşsyz çeşmeleri habar berýär.

“Bankomatlaryň berýän manatlarynyň köpüsiniň çala pul sudury bar. Hatda kagyz puly däl-de, bir pamyk bölegini eliňde tutup durýan ýaly bolýarsyň. Halys könelip, sürçegi çykan pullaryň arkalarynda ençeme ýerine skotç ýelmenenleri hem bar” diýip, adynyň aýdylmazlygyny soran aşgabatly ýaşaýjy aýtdy.

Bazardaky ýagdaýy öwrenen çeşmäniň sözlerine görä, satyjylar şeýle pullary alsalar, soň olary beýleki alyjylara gaýtargy hökmünde hem berip bilmeýändiklerini aýdýarlar, puly kabul edilmedik adamlar bolsa, “biz bu puly özümiz çykaramyzok, döwlet aýlyk hökmünde berdi” diýip nägile bolýar.

Bu ýagdaý dükanlaryň käbirinde satyjylar bilen alyjylaryň arasynda örän dartgynly, çekeleşikli gürrüňleriň hem turmagyna alyp gelýär diýip, çeşme aýtdy.

Ýerli synçylar bu hili ýagdaýyň 2008-nji ýylda, pul reformasy, manadyň dewalwasiýasy geçirilmezinden öňem bolandygyny, şonda dükanlaryň we bazar satyjylarynyň diňe müňlükleri we şondan ýokardaky pullary alandygyny ýatlaýarlar.

Şeýle-de çeşmeler soňky aýlarda ownuk pul birlikleriniň, 1 manatlyk, 5 manatlyk kagyz pullarynyň, 1 manatlyk, 2 manatlyk metal pullarynyň, teňňeleriň juda ýetmezçilik edýändigini aýdýarlar. Bu ýagdaý hem dükanlarda we bazarlarda alyjy bilen satyjynyň arasynda yzy üzülmeýän dartgynly ýagdaýlaryň döremegine alyp gelýär.

“Mende gaýtargy bermäge ownuk pul ýok, ýerine sakgyç alaý” diýip, dükanlaryň satyjylary alyja geçmeýän, hil taýdan pes harytlaryny hödürleýärler. Alyjylaryň käbiri “sakgyjyňy özüň çeýne, bol, maňa pulumy ber” diýip gaharlanýar diýip, Azatlygyň habarçysy aýdýar.

Şeýle-de ol gaýtargysyny aljak bolup, esli wagtlap garaşýanlaryň hem bardygyny, sebäbihäzirki ykdysady kynçylyklar wagtynda adamlaryň dükana aljak zadyny öňünden hasaplap, her köpügini sanap gelýändigini, käte bolsa, harytlaryň bahasy gymmatlansoň, aljak zadynyň ýarysyny alyp bilmän gidýändigini gürrüň berdi.

Bu ýagdaý bazarlarda, gök önüm satyn alnanda ýene ýagşy, sebäbi satyjylar gaýtarga derek artygrak pomidor ýa ýene bir zat berip, alyjyny, garaz, razy edýärler diýip, çeşme sözüniň üstüne goşdy.

Şol bir wagtda çeşmeler banklarda ulanmakdan aýrylmaly, sary giden pullary kabul edip almak we olaraderek täze pul bermek düzgüniniň hemýokdugyny, bu meselede hiç bir resmi düşündirişiň berilmeýändigini belleýärler.

Bank işgärleriniň biriniň Azatlygyň habarçysyna düşündirmegine görä, Türkmenistanyň hökümeti könelen pullary hasapdan öçürip, Angliýada täze pul birliklerini çykartmak üçin serişde goýbermeli, emma häzir döwletde munuň üçin ýeterlik serişde ýok.

Ýene bir bellemeli zat, adyny aýtmazlygy soran bank işgäri türkmen manatlarynyň iki aý geçip-geçmän, gaty çal könelýändigini, tüýdülme derejesine baryp ýetýändigini aýtdy we munuň belki-de serişde tygşytlamak üçin manadyň hakyky çykarylmaly kagyzynda çykarylmaýan bolmak ähtimallygy bilen baglydygyny öňe sürdi. .

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG