Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ-da geçiriljek saýlawlaryň öňýany Microsoft rus haker hüjüm synanyşyklarynyň üstüni açdy   


Microsoft kazyýetiň çykaran kararlarynyň esasynda rus haker toparlarynyň döreden 84 sany galp websaýtyny ýapdy
Microsoft kazyýetiň çykaran kararlarynyň esasynda rus haker toparlarynyň döreden 84 sany galp websaýtyny ýapdy

Microsoft Birleşen Ştatlarda noýabrda geçiriljek möwsümara saýlawlaryň öňüsyrasynda rus hakerleriniň ABŞ-daky syýasy toparlary nyşana alýan hüjüm synanyşyklarynyň üstüni açandygyny aýdýar.

Rus hökümeti bilen ilteşikli hakerler topary düýbi Waşingtonda ýerleşýän iki aň-düşünje guramasynyň, ýagny Hudson instituty bilen Halkara respublikan institutynyň websaýtlaryna öýkünýän galp internet domeýnlerini döretdiler diýip, Microsoft aýdýar. Agzalýan aň-düşünje guramalary Kremli tankyt edip gelýärdi.

Şeýle-de kompaniýa rus hakerleriniň ABŞ-nyň Senatynyň websahypalaryna çalym edýän üç sany galp domeýni döredendigini mälim etdi.

Microsoft agzalýan hüjümleriň arkasynda “Strontiumyň” durandygyny aýdýar. Beýlekiler hüjümler boýunça “Fancy Bear” ýa-da APT28 haker toparlaryna ünsi çekýär.

Prokuror Robert Mýulleriň bildirýän günälemesinde bu haker toparlaryny Orsýetiň GRU diýlip bilinýän aňtaw agentligi bilen, şeýle-de Hillari Klintonyň saýlaw kampaniýasynyň hem-de Milli demokratiki komitetiň 2016-njy ýylda elektron hatlarynyň döwülmegi bilen ilteşdirýär.

Kremliň metbugat wekili Dmitri Peskow bu hadysalara özleriniň gatyşygyny, şeýle-de Kremliň haker toparlary bilen ilteşigini ret etdi.

Peskow 21-nji awgustda Moskwada žurnalistleriň öňünde eden çykyşynda: “Biz öňe sürülýän bu hereketleriň üstümizdäki saýlawlara nähili täsiriniň boljakdygyny bilmeýäris. Biz olaryň haýsy haker toparlary hakda gürrüň edýändiklerini, hakerleriň saýlawa edýän täsirini, ýa-da gelnen netijeleriň nämelere esaslanýandygyny bilmeýäris” diýdi.

“Naýza-fişing” diýlip atlandyrylýan bu hüjümde Microsoftyň aýdýan galp websahypalary öz pidalaryny görkezilýän çelgilere basmaga iterýär. Bu çelgileriň üsti bilen adamlaryň kompýuterlerine aralaşylýar, olar gizlin yzarlanýar ýa-da olaryň maglumatlary ogurlanýar.

Microsoftyň prezidenti, şol bir wagtda ýuristi Brad Smit hakerleriň gürrüňi edilýän aň-düşünje guramalaryna üstünliklik aralaşandyklaryny görkezýän alamatlaryň ýokdugyny aýtdy.

Ýöne bu guramalar “naýza-fişing” hüjümleri bilen bagly özleriniň hüşgär bolmaga synanyşýandyklaryny, sebäbi özleriniň demokratiýa ugrunda alyp barýan global çäreleriniň awtoritar hökümetleri gazaplandyrýandygyny aýtdy.

Halkara respublikan institutyny alty respublikançy senatorlardan ybarat bolan topar dolandyrýar. Olaryň arasynda Orsýeti ýiti tankyt edýän Mitt Romney hem bar. Romney üstümizdäki güýz geçiriljek saýlawlarda Ýutah ştatyndan Senata dalaş edýär.

Microsoft 2016-njy ýylyň tomsunda Strontiumy federal kazyýete şikaýat edeni bäri ýiti hukuk göreşini alyp barýar.

Kazyýet Microsoftyň gürrüňi gidýän galp domeýnleri ele geçirmegine rugsat berdi. Microsoft kazyýetiň çykaran kararlarynyň esasynda rus haker toparlarynyň döreden 84 sany galp websaýtyny, şol sanda soňky mälim edilen websahypalary ýapdy.

Smit 21-nji awgustda eden çykyşynda Microsoftyň tilsimlerini ulanýan amerikaly syýasy dalaşgärlere, kampaniýalara we syýasy guramalara özleriniň mugt kiberhowpsuzlyk galkanlaryny hödürleýändigini aýtdy.

XS
SM
MD
LG