Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

BMG-niň Ýokary kazyýeti Eýranyň ABŞ sanksiýalaryna garşy beren şikaýatyny derňeýär


Illýustrasiýa suraty

Birleşen Milletler Guramasynyň Ýokary kazyýeti Eýranyň Birleşen Ştatlar tarapyndan gaýtadan girizilen sanksiýalara garşy beren şikaýaty esasynda 27-nji awgustda sud işlerine başlady.

Eýran iýul aýynda Halkara kazyýetine ýüz tutdy. Ol amerikan prezidenti Donald Trampyň administrasiýasy tarapyndan sanksiýalaryň gaýtadan girizilmegi onlarça ýyl mundan ozal Waşington bilen Tähran arasynda baglaşylan dostluk şertnamasynyň bozulmagy diýýär.

Tähran kazyýetde belli bir karara gelinýänçä, Eýranyň bähbitlerini goramak maksady bilen sanksiýalaryň togtadylmagyny soraýar. Kazyýet prosesiniň bolsa, ençeme ýyla çekmegi mümkin.

27-nji awgustda Gaagadaky halkara kazyýetiniň ilkinji diňlenişiginde eýranly aklawçylar sanksiýalar Birleşen Ştatlar bilen Eýran arasynda 1955-nji ýylda gol çekilen ylalaşyga ters diýdiler.

Birleşen Ştatlaryň 28-nji awgustdan başlap bu aýyplamalara jogap bermegine garaşylýar.

1955-nji ýylda baglaşylan we “Dostluk şertnamasy” diýip atlandyrylan geleşikde iki ýurt özara söwda we maýa goýum işlerini ruhlandyrmak arkaly “dostlukly gatnaşyklara” çagyrylýar, şeýle hem diplomatik arabaglanyşyk düzgünleşdirilýär.

“Dostluk şertnamasy” Waşington bilen Tähranyň ýakyn gatnaşykda bolan mahaly, ýagny 1979-njy ýylda amala aşyp, iki ýurduň arasyna onlarça ýyllap agzalalyk salan Yslam rewolýusiýasyndan has öň baglaşylan şertnamadyr.

Amerikan resmileriniň proses barada entek beren beýanaty ýok. Ýöne aklawçylaryň Birleşen Milletler Guramasynyň kazyýetiniň bu işe garamaga hukugy ýok diýip, delil getirmegine garaşylýar.

Olaryň dostluk şertnamasynyň indi kanuny güýji ýok we sanksiýalar ony bozanok diýmegi-de mümkin.

Diňlenişikler dört günläp dowam eder diýip çaklanýar we kazyýetiň hem bir aýyň içinde karar çykarmagyna garaşylýar.

Dünýä kazyýeti diýip hem tanalýan Halkara kazyýetiniň kararlary kanun taýdan ygtybarly bolsa-da, olar köplenç dürli ýurtlar tarapyndan äsgermezlik edilýär.

Tramp Birleşen Ştatlary Eýran bilen dünýäniň alty güýçli döwleti arasynda 2015-nji ýylda baglaşylan ýadro ylalaşygyndan çykaryp, ozal ylalaşyga laýyklykda Tähranyň ýadro programmasyny çäklendirmegiň deregine ýatyrylan sanksiýalary gaýtadan girizdi.

Ylalaşyga gol çeken beýleki döwletler näçe tagalla etseler-de, Waşingtony onda galmaga yryp bilmediler. Ýöne özleri ylalaşykda galmagy wada berdiler.

Amerikanyň üstümizdäki aý güýje giren sanksiýalarynda Eýranyň awtoulag senagaty, altyn we beýleki gymmatbaha metallaryň söwdasy, şeýle hem nebit eksporty we global söwda üçin zerur bolan amerikan dollaryny satyn almagy nyşana alynýar.

Noýabrda güýje girjek sanksiýalaryň indiki tapgyry bolsa, Eýranyň bank pudagyna we onuň ykdysadyýetiniň esasy güýji hasaplanýan nebit senagatyna garşy gönükdiriler.

Sanksiýalar Eýrana agyr urgy bolup, ýurduň pulunyň hümmetiniň peselmegine, köp şäherleriň köçelerinde protestleriň döremegine getirdi.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG