Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Daşoguzda pensiýa ýaşyna ýeten býujet işgärleriniň onlarçasy “işden çykaryldy”


Illýustrasiýa suraty
Illýustrasiýa suraty

Daşoguzda aň-bilim, saglygy saklaýyş we medeniýet pudaklarynda işleýän onlarça pensioneriň işden çykarylandygyny, Azatlyk Radiosynyň bu welaýatdaky çeşmesi habar berýär.

Howpsuzlyk ýagdaýlary sebäpli adynyň efirde atlandyrylmasyzlygyny soran çeşmämiz munuň sebäplerini ýurduň daşynda we içinde ýokary bilimini tamamlan ýaşlaryň tomus paslynda welaýata dolanmagy we olaryň işe ýerleşdirilip başlanmagy bilen düşündirýär.

“Daşogzuň her etrabynda pensiýa çykanyndan soň hem işläp ýören, ýagny saglyk pudagynda işleýän azyndan 20 pensioner, bilim pudagynda işleýän 35-40 pensioner işi bilen hoşlaşdy. Etrap merkezlerinde işleýän, ýokary bilimi bolmadyk saglyk işgärleriniň hem onlarçasy täze, ýokary bilimli kadr gelendigi sebäpli işden boşadyldy” diýip, Azatlygyň söhbetdeşi belledi.

Şol bir wagtyň özünde, ol edara-kärhanalaryň ençemesiniň ýolbaşçylary tarapyndan soralan parany beren pensionerleriň ýa-da ýokary bilimi bolmadyk saglyk, bilim işgärleriniň işde saklanýandygyny hem sözüniň üstüne goşdy.

“Soralan parany berenleri ýa-da ýokary wezipede işleýän tanyş-bilişi bolanlary çetki obalara ýa-da oba uçastoklaryna işlemäge ugratdylar. Galan işgärlere başga hiç hili iş hem hödürlemediler” diýip, daşoguzly çeşmämiz aýtdy.

Daşogzuň merkezi poliklinikasynda, ýagny Saglyk öýünde işlän özüni Akjagül diýip tanyşdyran lukman türkmen häkimiýetleriniň işleýän pensionerlere alyp barýan soňky çäresi netijesinde özüniň hem işden boşadylandygyny aýdyp, ýurtda berilýän pensiýa haklarynyň gün-güzeranyny aýlamaga ýetmeýändigini, şol sebäpli pensiýa ýaşyna ýeten soň hem özüniň işlemäge mejbur bolýandygyny gürrüň berdi.

“Häzirki döwürde alýan pensiýaň hiç zada ýetmeýär. Ony saglyk bejergiňe, dermanyňa ýetirjekmi ýa-da gündelik iýjek harytlaryňy satyn aljakmy? Pensiýa haklary güzeran aýlamaga ýeter ýaly bolsa, hiç kim hem garranda işe süýrenip gelip, azara galmazdy” diýip, pensioner lukman aýtdy.

Azatlyk Radiosynyň ýokarda beýan edilen ýagdaýlar dogrusynda Daşoguz welaýat häkimligi we onuň aň-bilim, saglygy saklaýyş bölümleri bilen habarlaşyp, bu barada kommentariýa almak synanyşyklary başa barmady.

Ýöne geçen ýylyň ahyryndan bäri ýurtda iş orunlarynyň kemeldilýändigi, pensiýa ýaşyna ýeten tejribeli işgärleriň işden çykarylýandygy hakynda resmi taýdan tassyklanylmaýan, ýöne inkär hem edilmeýän maglumatlar bar.

Hatda geçen ýylyň noýabrynda bilim, saglygy saklaýyş we medeniýet pudaklaryndaky edara-kärhanalara pensiýa ýaşyna ýeten işgärleri işden boşatmak hakynda görkezme berýän ýörite teklip hatlaryň ugradylandygyny, Azatlygyň Aşgabatdaky we Daşoguzdaky biri-birinden habarsyz iki habarçysy aýdypdy.

Maglumat üçin aýtsak, Türkmenistanyň pensiýa hakyndaky kanunçylygynda, ýurtda aýallaryň pensiýa ýaşy 57 ýaş, erkek adamlaryňky 62 ýaş diýlip kesgitlenilýär.

Döwlet edara-kärhanalarynyň käbir ýolbaşçylarynyň Azatlyga aýtmagyna görä, häzir Türkmenistanyň bilim, saglygy saklaýyş we medeniýet pudaklaryndaky işgärleriň 20-25 prosentini pensiýa ýaşyna ýeten spesialistler emele getirýär.

Pensiýa ýaşyna ýeten işgärleriň işden boşadylýandygy baradaky habarlar ýurtda ykdysady kynçylyklaryň ýiti duýulýan, azyk we senagat harytlarynyň, dermanlaryň barha gymmatlaýan, bankomatlarda nagt puluň köplenç tapdyrmaýan döwrüne gabat geldi.

XS
SM
MD
LG