Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkiýe Orsýet we Ýewropa bilen gatnaşyklaryny gowulandyrmaga synanyşýar


Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin we Türkiýäniň prezidenti Rejep Taýýyp Erdogan
Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin we Türkiýäniň prezidenti Rejep Taýýyp Erdogan

Birleşen Ştatlar bilen Türkiýäniň arasynyň soňky aýlarda ýaramazlaşmagy sebäpli Ankara özüniň Ýewropa we Orsýet bilen bolan gatnaşyklaryny gowulandyrmak we söwda möçberini artdyrmak barada edýän tagallalaryny güýçlendirdi.

27-nji awgustda Türkiýäniň prezidenti Rejep Taýyp Erdogan Britaniýanyň we Germaniýanyň liderlerini özara gatnaşyklary güýçlendirmek üçin gepleşik geçirmäge çagyrdy. Onuň hökümeti bolsa Birleşen Ştatlaryň türk harytlaryna girizen soňky salgytlary Orta Gündogary durnuksyzlaşdyrar diýip, duýduryş berdi.

Türkiýe Orsýetden satyn almagy planlaşdyrylan S-400 raketa sistemasy, şeýle hem ýedi ýyl bäri Siriýada barýan urşa parahatçylykly çözgüt tapmak hakda gepleşik geçirmek üçin öten hepde daşary işler ministri Mewlüt Çawuşoglunyň ýolbaşçylygynda Moskwa bir delegasiýa iberdi.

Saparyň ähmiýetini nygtamak üçin Çawuşogluny Orsýetiň prezidenti Wladimir Putiniň hut özi garşylap, iki ýurduň Siriýa baradaky “çuň hyzmatdaşlygyny” taryplady.

27-nji awgustda türk mediasy Türkiýäniň, Orsýetiň we Eýranyň prezidentleriniň Siriýa boýunça bir ylalaşyga gelmek maksady bilen geljek hepde Tähranda duşuşjakdyklaryny habar berdi.

Duşuşykda Çawuşoglu Putine “onuň eziz dosty jenap Erdoganyň” basym Stambulda bir balyk restoranynda oňa nahara garaşýandygyny aýtdy. 2016-njy ýylyň awgust aýyndan bäri Erdogan bilen Putin azyndan 11 gezek duşuşdylar.

‘Göze dürtülip duran pragmatizm derejesi’

Türkiýäniň Moskwa bilen gitdigiçe artýan gyzgyn gatnaşyklary, Waşington bilen bolan gatnaşyklardaky krizisiň türk lirasynyň dollaryň garşylygynda hümmetiniň tas ýarpysyny ýitirmegine sebäp bolan häzirki wagtda, Ankara üçin aşa ähmiýetlidir.

NATO-nyň agzasy bolan Türkiýe bilen Orsýetiň arasyndaky dostlukly gatnaşyk iki tarapda-da “göze dürtülip duran pragmatizm derejesini” görkezýär, ýöne ol aýratyn-da Orsýet üçin peýdaly diýip, Halkara krizis toparynyň Moskwada iş alyp barýan uly derejeli analizçisi Anna Arutunýan aýtdy.

“Bir dostlukly NATO agzasynyň görnüşi Moskwa üçin aşa ähmiýetli”, sebäbi ol Orta Gündogarda öz täsirini güýçlendirmegi maksat edinýär. “Munuň üçin Türkiýe bir gowy ýol. Siriýa-da munuň üçin bir gowy ýoldy” diýip, Arutunýan aýdýar.

27-nji awgustda Erdogan bilen Britaniýanyň premýer-ministri Teresa Maý arasynda geçen telefon gepleşiginde iki lider ykdysadyýet, söwda, maýa goýumlary, şeýle-de Siriýa krizisi hakda pikir alyşdylar. Britaniýanyň premýer-ministriniň edarasynyň bildirmegine görä, Maý bu gepleşikde Britaniýanyň türk ykdysadyýetiniň “gülläp ösýänini” görmek isleýändigini aýdypdyr.

Londondan gelen ýakymly jogap soňky günlerde Ankara bilen Waşington arasynda bolan we Türkiýäniň puluny, bazarlaryny we ykdysadyýetini sandyradan haýbatlara, ykdysady öç almalara ters gelýär.

Ikinji telefon gepleşigi hem Germaniýanyň prezidenti Frank-Walter Steinmeier bilen boldy.Türkiýäniň resmi habar gullugy “Anadolu” bu gepleşikde Erdogan bilen Steinmeieriň özara diplomatik gatnaşyklary güýçlendirmäge aýgytlylyk görkezendiklerini bildirdi.

Olar şeýle hem Erdoganyň sentýabryň aýagynda Germaniýa etjek saparyna we iki ýurduň maliýe ministrleriniň 21-nji sentýabra planlaşdyrylan duşuşygyna taýýarlyk görmek hakda hem gürleşipdirler.

Bu telefon gepleşikleri Erdoganyň soňky hepdelerde fransuz kärdeşi Emmanuel Makron we Germaniýanyň lideri Angela Merkel bilen geçiren gepleşiklerinden soňra boldy.

XS
SM
MD
LG