Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Özbegistan ABŞ-nyň döwlete degişli bolmadyk guramasyny resmi taýdan hasaba aldy


Birleşen Ştatlaryň Gyrgyzystandaky ilçisi Pamela Spratlen

Özbegistanyň Adalat ministrligi düýbi Waşingtonda ýerleşýän “Halkara bilim üçin amerikan geňeşleriniň” (ACIE) ýerli bölümini resmi taýdan hasaba aldy. Bu soňky 10 ýylyň dowamynda Özbegistanda akkreditasiýa rugsadyny alan hökümete degişli bolmadyk ilkinji guramadyr.

Özbek adalat ministriniň orunbasary Akbar Taşkulow “Halkara bilim üçin amerikan geňeşleriniň” özbek bölüminiň registrasiýa edilendigi baradaky sertifikaty Birleşen Ştatlaryň ilçisi Pamela Spratlene gowşurdy diýip, 30-njy awgustda UzDaily.com habar websaýty ýazdy.

Amerikan geňeşleri dünýäniň dürli ýurtlarynda Birleşen Ştatlaryň bilim programmasyny we alyş-çalşyny durmuşa geçirýär.

ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň metbugat wekili Heather Nauert özüniň Waşingtonda geçiren metbugat brifinginde bu hereket “Özbegistan bilen Birleşen Ştatlaryň arasyndaky strategik hyzmatdaşlygyň ösýändigini we Özbegistanyň hökümetiniň ähmiýetli reforma we halkara borçnamalaryna yhlaslydygyny görkezýär” diýdi.

Şeýle-de, Nauert munuň iki ýurduň “halklarynyň arasyndaky gatnaşyklaryň hem güýçlendýändigini” alamatlandyrýar diýip, amerikan geňeşleriniň Birleşen Ştatlar bilen Özbegistanyň arasynda akademik we medeni alyş-çalyş üçin ençeme mümkinçilikleri döretjekdigini” hem belledi.

Özbegistanyň Waşingtondaky ilçisi Jawlon Wahabow hem Twitter sosial ulgamynda ýazan tweetinde wakany gowy garşy alyp, “2006-njy ýyldan bäri Özbegistanda hasaba alnan ABŞ-ilteşikli ilkinji döwlete degişli bolmadyk gurama. Gutlaýaryn” diýdi.

Çärýek asyrdan gowrak wagt Özbegistany demir ýumruk bilen dolandyran Yslam Kerimow aradan çykandan soň, häzirki prezident Şawkat Mirziýoýew ýurduň içinde reformalary durmuşa geçirmek we daşky dünýä bilen gatnaşyklary gowulandyrmak üçin ädimleri ätdi.

2016-njy ýylyň sentýabrynda Kerimowyň aradan çykandygy yglan edilenden soň, Mirziýoýew wagtlaýyn prezident wezipesine girişipdi. 2016-njy ýylyň dekabrynda berk gözegçilik astynda geçirilen saýlawlarda Mirziýoýew ýurduň prezidenti wezipesine saýlandy.

2017-nji ýylyň sentýabr aýynda adam hukuklaryny gorap çykyş edýän “Human Rights Watch” guramasynyň delegasiýasy ýedi ýyl arakesmeden soň ilkinji gezek Özbegistana bardy. Mundan öň guramanyň wekillerine Özbegistana girmek gadagan edilipdi.

Şu ýylyň maý aýynda bolsa, düýbi Londonda ýerleşýän we adam hukuklaryna gözegçilik edýän “Amnesty International” guramasynyň delegasiýasy Özbegistana sapar etdi. Gurama munuň soňky 14 ýylyň dowamynda amala aşyrylan şuňa meňzeş ilkinji sapar bolandygyny mälim etdi.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG