Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Hameneýi Eýranyň ýaragly güýçlerini özleriniň goranyş başarnyklaryny güýçlendirmäge çagyrdy


Eýranyň ýokary ruhany lideri Aýatollah Ali Hameneýi

Eýranyň ýokary ruhany lideri Aýatollah Ali Hameneýi ýurduň ýaragly güýçlerini özleriniň goranyş başarnyklaryny güýçlendirmäge çagyrdy. Ol şol bir wagtyň özünde-de, harby urşuň turma ähtimallygynyň ýokdugyny nygtady.

Hameneýi harby ýolbaşçylara gönükdirilen beýanatda “syýasy hasaplamalara esaslanylsa, onda harby urşuň turma ähtimallygynyň ýokdugyny” belledi. “Ýöne ýaragly güýçler hüşgär bolmaly ... işgär we enjam boýunça öz başarnyklaryny ýokarlandyrmaly” diýlip, 2-nji sentýabrda Hameneýiniň websaýtynda ýerleşdirilen habarda aýdylýar.

Eýranyň ýokary ruhany lideriniň beýanatyndan bir gün öň, Eýran özüniň ballistik we kruiz raketa başarnygyny artdyrmagy, şeýle hem täze harby uçarlary we suwasty gämileri edinmegi planlaşdyrandygyny bildirdi.

Hameneýiniň websaýtynda bellenmegine görä, bu beýanat Eýranyň harby howa goranyş güni mynasybetli harby ýolbaşçylar bilen geçirilen duşuşykda edilipdir.

ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp Eýran bilen dünýäniň güýçli alty döwleti arasynda 2015-nji ýylda baglaşylan ýadro ylalaşygyndan çykansoň, Tähran bilen Birleşen Ştatlar arasyndaky agzalalyk güýçlendi.

Tramp “ylalaşyk onçakly berk däl, Tähran ballistik raketalary öndürmek we regiondaky harby aktiwistleri goldamagy dowam etdirmek bilen ylalaşygyň ruhuny bozýar” diýip, nägilelik bildiripdi. Ylalaşyk ýadro programmasyny çäklendirmegiň deregine sanksiýalardan ejir çeken Eýrana belli bir derejede ýeňillik getiripdi.

Mundan başga-da, Birleşen Ştatlar bilen onuň günbatarly ýaranlary Eýrandan Siriýada ýedi ýyl bäri barýan raýat urşunda prezident Başar al-Assady harby taýdan goldamagy bes etmegi talap etdiler.

31-nji awgustda “Reuters” habar gullugy üç eýranly resmä, iki sany yrakly aňtaw çeşmesine we iki sany hem günbatarly aňtaw çeşmesine salgylanyp, Eýranyň özüniň Yrakdaky şaýy ýarym harby ýaranlaryna gysga aralykly ballistik raketalary iberendigini we olara ol ýerde raketalary özleriniň öndürmegi üçin kömek edýändigini habar berdi.

Tähran Yraga raketa iberendigini ýa-da regiondaky pitneçi toparlara kömek edýändigini ret edip, ýadro programmasynyň diňe parahatçylykly maksatlara gönükdirilendigini aýtdy.

Bu aralykda, Eýranyň döwlet mediasy Britaniýanyň daşary işler ministriniň Orta Gündogar meseleleri baradaky orunbasary Alistair Burtiň 2-nji sentýabrda Tähranda gepleşik geçirendigini bildirdi.

Eýran ylalaşyga gol çekişen ýewropalylar bolan Britaniýany, Fransiýany we Germaniýany ABŞ-nyň ylalaşykdan çekilip, ozal ýatyrylan sanksiýalary gaýtadan girizmegi netijesinde çekilen zyýanlaryň öwezini dolmaga çagyrdy.

Birleşen Ştatlaryň gaýtadan sanksiýa girizmegi Eýranda maliýe krizisiniň artmagyna getirip, ýurduň pulunuň hümmetiniň gaçmagyna we dürli şäherlerde hökümete garşy protestleriň geçirilmegine sebäp boldy.

Birleşen Ştatlaryň noýabrda güýje girmeli indiki sanksiýalarynda bolsa, Eýranyň nebit satmagynyň öňüni almak göz öňünde tutulýar.

“IRNA” habar gullugynyň bildirmegine görä, ýurduň daşary işler ministri Mohammad Jawad Zarif “Ýewropalylaryň beren syýasy wadalaryny amala aşyrmagynyň wagty ýetdi” diýipdir.

Zarif ýene-de şeýle belläpdir: “Bu çäreleriň harajatly bolmagy mümkin. Ýöne ýurtlar hasyldan peýdalanjak we ýadro ylalaşygynyň halkara derejesinde gazanylan zatdygyna ynanýan bolsalar, onda olar bu gazanylanlary saklamaga taýýar bolmaly”.

Ondan bir gün öň Eýran Fransiýanyň daşary işler ministri Jean-Yves Le Drianyň “Tähran ballistik raketa arsenaly, özüniň ýadro planlary we Siriýada hem Ýemendäki uruşlarda oýnaýan roly hakda gepleşiklere girmekden çekinip bilmez” diýen beýanatyny ret etdi.

Eýranyň döwlet mediasy Zarifiň Le Drian bilen telefonda gürleşip, ikitaraplaýyn gatnaşyklar, ýadro ylalaşygy we regional meseleler hakda pikir alşandygyny habar berdi.

Britaniýanyň Ýakyn Gündogar boýunça ministri Alistair Burt Eýrana sapar etmezden öň, “Eýran ylalaşykda öz üstüne alan borçlaryny ýerine ýetirse, biz hem wadamyzda durarys, sebäbi biz munuň regionyň howpsuz, hatarsyz geljegi üçin iň gowy ýokdugyna ynanýarys” diýdi.

Britaniýa şeýle hem britan-eýranly kömekçi işgär we “Tomson Reuters fondunyň” müdiri Nazanin Zagari-Ratklifiň hem türmeden boşadylmagyny isleýär.

Zagari 2016-njy ýylda Tähranyň aeroportynda tussag edildi. Ol Eýran hökümetiniň garşysyna dildüwşük etmekde günälenip, 5 ýyl türme tussaglygyna höküm edildi. Onuň maşgala agzalary bolsa, oňa ýöňkelýän günäleri ret edýärler.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG