Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Täjigistandaky tigirli hüjümi amala aşyrmakda güman edilýäniň ejesi protest bildirip, öz üstüne benzin guýdy


Gülhehra Şodmonowany polisiýa saklady

Iýul aýynda Täjigistanda daşary ýurtly dört tigirçini öldürmekde güman edilýän bir täjigistanlynyň ejesi Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Duşenbede ýerleşýän edarasynyň öňünde öz üstüne benzin guýdy.

7-nji sentýabrda bolan bu wakanyň yzýany Gülhehra Şodmonowany polisiýa saklady.

Şodmonowa ÝHHG-niň howandarlygynda geçirilýän adam hukuklary boýunça bir maslahata ýurduň gadagan edilen IRPT partiýasynyň lideri Muhiddin Kabiriniň gatnaşmagyna protest bildirip, öz üstüne benzin guýdy.

Şodmonowa täjik häkimiýetlerine goşulyp ogly Husseýin Abdusamadowa täsir etmekde, hem-de ony ýoldan çykarmakda Kabirini aýyplaýar.

29-njy iýulda täjik paýtagty Duşenbäniň 120 kilometr golaýynda bäş sany täjigistanly daşary ýurtly tigirçä hüjüm edildi. Hüjümde tigirçileriň üstüne ilki maşyn sürüldi, soňra ulagdan düşen birnäçe adam aman galan tigirçileri pyçaklady. Netijede 2 amerikaly, 1 şwesiýaly hem-de 1 gollandiýaly öldi we iki daşary ýurtly ýaralandy. Bu hüjümi planlaşdyrmakda aýyplanyp, 31-nji iýulda Abdusamadow tussag edildi.

“Yslam döwleti” (YD) atly ekstremist topar hadysanyň yzýany bäş adamyň YD-a kasam içýän wideo şekillerini görkezip, hüjümiň jogapkärçiligini öz üstüne aldy. Ýöne hökümet IPRT-ni günäleýär we bu toparyň agzalarynyň hüjümde güman edilýändigine berk ynanýar.

Täjik howpsuzlyk agentliginiň 4-nji sentýabrda guran telewizion maglumatda Abdusamadow jenaýaty özüniň boýun alýandygyny we hüjümi IPRT-niň agzasy Kori Nosiriň islegi bilen amala aşyrandygyny aýtdy. Jemgyýetçiligiň öňünde edilýän şeýle boýun alyşyk öňki Sowet respublikalarynda meşhur bolup, aktiwistler kähalatda saklananlaryň muňa mejbur edilýändigini aýdýarlar.

IRPT-niň ýolbaşçylary hüjüm boýunça jogapkärçiligi ret edip, häkimiýetleriň öňe sürýän gürrüňlerini “esassyz we manysyz” atlandyrdylar.

Täjik häkimiýetleri 2015-nji ýyldan bäri onlarça IRPT resmisini we agzalaryny tussag etdi. 2015-nji ýylda Täjigistanyň Ýokary sudy bu partiýany gadagan edip, ony “terror topary” diýip bellige aldy. Halkara hukuk toparlary we BMG bu partiýanyň gadagan edilmegini hem-de onuň agzalarynyň jogapkärçilige çekilmegini tankyt edip çykyş etdiler.

Aktiwistler Emomali Rahmony Owganystan bilen serhetleşýän, hem-de ilatynyň agalaba bölegi musulmanlardan düzülen Täjigistanda jemgyýetde bar bolan tolgunyşyklar we hüjümler bilen bagly günäleriň ählisini öňki sowet Merkezi Aziýada ýeke-täk bellige alnan yslamçy partiýanyň üstüne atmakda aýyplaýar.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG