Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Putin Britaniýanyň “Nowiçokda” güman edýän adamlaryny Orsýetiň anyklandygyny aýdýar


Salizburi hüjüminen güman eidlýänler: Aleksandr Petrow (çepde), Ruslan Boşirow (sagda). Polisiýa gulluklary olaryň atlarynyň dakma atdygyny çaklaýar
Salizburi hüjüminen güman eidlýänler: Aleksandr Petrow (çepde), Ruslan Boşirow (sagda). Polisiýa gulluklary olaryň atlarynyň dakma atdygyny çaklaýar

Prezident Wladimir Putin Britaniýanyň ozalky içaly Sergeý Skripal hem-de onuň gyzyny harby zäher bilen zäherlemekde güman edýän adamlaryny Orsýetiň anyklandygyny aýtdy. Britan häkimiýetleriniň tersine, ol olaryň siwillerdigini öňe sürdi.

“Biz olaryň kimlerdigini bilýäris. Biz olary tapdyk” diýip, Putin 12-nji sentýabrda Wladiwostokda geçirilýän Uzak gündogar ykdysady forumynda eden çykyşynda aýtdy.

“Olar, elbetde, siwil adamlardyr” diýip Putin aýtdy. Britan hökümeti güman edilýänleriň rus harby razwedkasynyň ofiserleridigini aýgytly aýdypdy.

Putin agzalýan iki adamyň “hiç-hili jenaýatçylyk” bilen ilteşiginiň ýokdugyny, hem-de olaryň özleriniň bolan wakalar barada gürrüň bermeklerini umyt edýändigini aýtdy: “Bu hemmeler üçin gowy bolar” diýip, ol belledi.

Putin güman edilýänler boýunça Orsýetiň Britaniýa kömek etjekdigini alamatlandyrýan hiç zat aýtmady. Onuň ýüzüni sapajakladyp eden gürrüňi, bu meselede Orsýetiň kömek etmejekdigini alamatlandyrýan çemeli.

Orsýet içalyny we onuň gyzyny zäherlemek hadysasyna özüniň gatyşygyny çürt-kesik ret edýär. Bu onuň Günbatar bilen gatnaşygyny dartgynlylaşdyrdy.

Putiniň jarnamasy britan häkimiýetleriniň Aleksandr Petrow we Ruslan Boşirow diýip anyklan adamlaryna garşy adam zäherlemekde günä bildirmeginiň 1 hepde yzýanyna gabat geldi.

Britan hökümeti bu jübüdi “Nowiçok” atly Sowet zäherini bikanun ýollar bilen atyr gabyna salyp Britaniýa girizmekde, hem-de ony Skripalyň Selizburi şäherinde ýerleşýän öýüniň işigine zyňmakda aýyplaýar. Rus harby razwedkasynyň öňki ofiseri Skripal Selizbury şäherine 2010-njy ýylda Sowuk urşuny ýatladýan içaly almaşmak çäresiniň yzýany gelip ornaşypdy.

Hüjümden soň saglyk ýagdaýy agyrlaşan 67 ýaşly Sergeý Skripal bilen onuň 34 ýaşly Ýuliýa Skripal hassahanada saglygyny dikeltdi.

Häkimiýetleriň aýtmagyna görä, hüjümçileriň taşlap giden atyr gabyny tapan başga bir jübüdiň saglyk ýagdaýy ýaramazlaşýar – olardan Çarliý Rowliýniň saglyk ýagdaýy hassahanada bejergi alandan soň gowulaşdy, ýöne onuň ýoldaşy 44 ýaşly Dawn Sturgess 8-nji iýulda aradan çykdy.

Britan häkimiýetleri dakma at ulanandyklaryny çaklaýan bu iki rus raýatyny tussag etmek üçin Ýewropa orderini çykardandyklaryny aýtdylar.

Putin olaryň dakma ýa-da hakyky at ulanyp ulanmandyklary barada gürrüň etmedi.

9-njy sentýabrda Britaniýanyň içeri işler ministri Sajid Jawid Britaniýanyň bu iki adamy Russiýadan çykan halatynda dessine ele salyp, jogapkärçilige çekjekdigini aýtdy.

Jawid Orsýetiň harby razwedkasynyň “örän düzgün-nyzamly guramadygyny”, hem-de onuň diňe rus hökümetiniň iň ýokary derejeli wekilleriniň buýrugy bilen hereket edýändigini” aýtdy.

6-njy sentýabrda Britaniýanyň howpsuzlyk ministri Ben Wallas zäherli hadysadan Putiniň jogapkärdigini, sebäbi “onuň hökümetiniň ýurduň harby razwedkasyny dolandyrýandygyny, maliýeleşdirýändigini we oňa gözegçilik edýändigini” aýtdy.

Zäherlemek hadysasyndan soň Birleşen Ştatlary, Ýewropa Bileleşigi we beýlekiler Moskwa garşy sanksiýa girizdiler hem-de onuň diplomatlaryny ýurtdan çykardylar.

XS
SM
MD
LG