Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmen aktiwisti Ýaýlym Begow 83 ýaşynda aradan çykdy


Ýaýlym Begow 2018-nji ýylyň 6-njy oktýabr güni 83 ýaşynyň içinde aradan çykdy
Ýaýlym Begow 2018-nji ýylyň 6-njy oktýabr güni 83 ýaşynyň içinde aradan çykdy

Türkmenistanly graždan aktiwist Ýaýlym Begow 6-njy oktýabr güni 83 ýaşynyň içinde aradan çykdy. Merhum sişenbe güni dogduk topragy Maryda soňky ýoluna ugradyldy.

Ýaýlym Begow köp ýyllyklaryň dowamynda Türkmenistanyň Ylymlar Akademiýasynyň Çöller institutynda işledi. Gum içinde ýylylygyň özgermegi barada iş alyp bardy, ylmy makalalary çap boldy.

“Ýaýlym aga 1991-nji ýyldan başlap demokratiki pikirlere goşuldy. Ol garaşsyzlygyň ilkinji ýyllarynda döredilen hereketiň işlerine aktiw gatnaşdy. Ýurtdaky eden-etdilikler baradaky maglumatlaryň halkara derejesinde ýaýramagyna köp ýardam etdi” diýip, aktiwistiň pikirdeşi Azatlyga gürrüň berdi.

Ýaýlym Begow ýurduň içinde durup, Azatlyk Radiosyna interwýu berip bilen adamlardan biri boldy.

Ol Türkmenistanda geçirilýän prezidentlik saýlawlary barada 2011-nji ýylyň dekabr aýynda Azatlyga beren interwýusynda ýurduň syýasy durmuşynda köp partiýalylygyň ähmiýeti barada şeýle gürrüň beripdi:

“Häzire çenli islendik ýurtda bir partiýalyk hereket edýän wagtynda, bir partiýa ýurdy dolandyrýan wagtynda, hiç hili demokratiýanyň bolmandygyny taryh görkezdi. Geljekde-de, meniň pikirim boýunça, bir partiýanyň dolandyrmagynda hiç haçan demokratik prinsipler durmuşda ornaşyp bilmez”

Onuň Azatlykda eden çykyşyndan bir aý soňra, 2012-nji ýylyň ýanwarynda Türkmenistanda köp partiýalylyk kabul edildi, fewralda prezident saýlawlary geçirildi.

Ýaýlym Begow ýurtda 2013-nji ýylyň dekabr aýynda geçirilen parlament saýlawlarynda saýlawçylaryň saýlamak we saýlanmak hukugyna bolan biparhlygyny aradan aýyrmak üçin zerur bolan çäreler barada, adam erkinliginiň döwletiň syýasy durmuşyndaky orny barada gürrüň berdi.

Ol ýeri gelende halkara ähmiýetli wakalar boýunça-da garaýyşlaryny beýan edip, 2014-nji ýylyň mart aýynda Azatlykda eden çykyşynda Orsýetiň Krymy anneksiýa etmegini “adalatsyzlyk” häsiýetlendirdi.

“Ýaýlym Begow Türkmenistanda demokratiýanyň ýol almagy üçin, mümkinçiliginiň ýetdiginden hereket etdi hem bu ugurda iş alyp barýanlara ýardam berip geldi. Ol bu işden gorkmady hem gaça durmady” diýip, aktiwistiň pikirdeşi Azatlyga gürrüň berýär.

Ýaýlym Begow birnäçe ýyllyklaryň dowamynda Türkmenistandaky jemgyýetçilik-syýasy ýagdaýlar barada we beýleki möhüm temalar boýunça Azatlykda çykyş edip, şahsy synyny, pikir-garaýyşlaryny beýan etdi.

Azatlyk Radiosy dünýäsini täzelän Ýaýlym Begowyň maşgala agzalaryna çuňňur gynanç bildirýär!

XS
SM
MD
LG