Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Türkmen-täjik hökümetara maslahaty geçirildi, 'Aşgabat Täjigistanyň käbir ýüklerini henizem goýbermeýär'


Duşenbede türkmen-täjik hökümetara toparynyň maslahaty geçirildi. Resmi metbugatyň suraty. 26-njy oktýabr, 2018-nji ýyl

Türkmenistan bilen Täjigistanyň arasyndaky hökümetara topar Duşenbede maslahat geçirdi. Bu barada Türkmenistanyň döwlet metbugaty 26-njy oktýabrda habar berdi.

Resmi metbugat maslahatyň netijeli geçendigini aýdýar. Taraplaryň geçirýän resmi duşuşyklarynyň fonunda, anonim täjik resmisi 29-njy oktýabrda Azatlyk Radiosynyň Täjik gullugy bilen habarlaşyp, Täjigistanyň Alýuminiý kompaniýasyna degişli önümleriň Türkmenistanyň çäginde henizem saklanyp galýandygyny habar berdi.

Ýatlasak, sentýabryň başynda türkmen-eýran serhedinden Türkmenistanyň territoriýasyna geçip, ondan Täjigistana barýan ýük ulaglaryň türkmen gümrük gullugy tarapyndan saklanýandygy barada habar berlipdi.

Türkmenistan Täjigistanyň ýük ulaglaryny "geçirmeýär”
please wait

No media source currently available

0:00 0:01:42 0:00

Türkmen tarapynyň wekiliýetine esasy ministrlikleriň ýolbaşçylary we hünärmenleri, şeýle-de Senagatçylar we telekeçiler birleşiginiň agzalary gatnaşypdyr.

Resmi metbugata görä, Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumy Täjigistanyň alýuminiý kompaniýasy bilen hyzmatdaşlyk etmäge isleg bildiripdir.

“Öz nobatynda Türkmenistan Täjigistan Respublikasyndan alýuminiý simlerini almaga gyzyklanma bildirdi” diýip, TDH ýazýar.

Ýöne anonim täjik resmisiniň Türkmenistanda saklanandygyny aýdýan Alýuminiý önümçiligine degişli harytlar boýunça türkmen metbugaty gürrüň gozgamaýar.

Şeýle-de golaýda geçirilen hökümetara toparyň maslahatynda Türkmenistan – Owganystan – Täjigistan demir ýolunyň gurluşygy maslahat edilipdir.

Türkmenistanyň döwlet metbugaty bu taslamanyň öz wagtynda işe girizilmegi barada pikir alşylandygyny habar berýär.

Ýatlasak, iki ýurduň arasynda bu taslama boýunça-da käbir çiginler döräpdi.

20-nji sentýabrda Täjigistanyň Özbegistandaky ilçisi Orsýetiň bir neşirine beren interwýusynda öz ýurduny Türkmenistanyň üstünden Owganystana birleşdirjek demirýol proýektiniň gurluşygynyň näbelli möhlete çenli yza çekiljekdigini aýtdy.

Muňa jogap edip, Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi 22-nji sentýabrda seýrek beýanat ýaýratdy we özleriniň Täjigistanyň TOT demirýol proýektini soňa goýmak planlaryna düşünmeýändigini aýtdy.

Türkmen tarapynyň beýanatyndan soňra Täjigistanyň transport ministrligindäki ýokary derejeli bir resmi Azatlyk Radiosynyň Täjik gullugyna TOT proýekti boýunça işleriň dowam edýändigini habar berdi.

Şeýle-de oktýabr aýynda Azatlyk Radiosynyň Täjik gullugy bilen söhbetdeş bolan bir türkmenistanly türkmen häkimiýetleriniň Täjigistana okuwa barýan 1 müň çemesi raýatyna 28-nji awgustdan bäri ýurtdan çykmaga rugsat bermeýändigini habar berdi.

Sentýabr aýynda Täjigistana barýan ýük ulaglaryna türkmen çäginden geçmäge rugsat berilmezligi, TOT proýekti boýunça iki ýurduň resmileriniň arasyndaky seýrek jedel, türkmen talyplarynyň Täjigistana gitmegine rugsat berilmezligi ýaly meseleleriň ara girmeginden soň, 15-nji oktýabrda Täjigistanda Türkmenistanyň Medeniýet günleri geçirildi.

Türkmen metbugaty bu çäreleri “öz gözbaşyny taryhdan alyp gaýdýan iki ýurduň arasyndaky doganlyk gatnaşyklaryň” alamaty hökmünde teswirledi.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG