Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Berdimuhamedow Täze ýyl dabaralarynda türkmen ertekileriniň äheňlerini ulanmagy tabşyrdy


Aýaz baba bilen garpamygyň şekilleri. Arhiw suraty
Aýaz baba bilen garpamygyň şekilleri. Arhiw suraty

Türkmenistanyň prezidenti Täze ýyl baýramçylyklaryny garşylamaga hem-de bu mynasybetli geçiriljek dürli çäreleri gurnamaga örän jogapkärli çemeleşmegiň wajypdygyny nygtady.

Geçen anna güni geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde wise-premýer Ç.Gylyjow özüniň gözegçilik edýän ulgamlaryndaky işleriň ýagdaýlary bilen birlikde, Täze, 2019-njy ýyly garşylamaga taýýarlyk görmek boýunça alnyp barylýan işler barada hem hasabat berdi.

Munuň bilen baglylykda, Gurbanguly Berdimuhamedow Täze ýyl dabaralarynda milli öwüşginleri döretmegiň, arçalary bezemekde türkmen ertekileriniň äheňlerini ulanmagyň, Aşgabadyň şaýollaryny we meýdançalaryny baýramçylyk öwüşgininde bezemegiň wajypdygyny belledi.

Şol bir wagtda, Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeş bolýan türkmenistanlylar baýramçylyk çäreleri mynasybetli aýlyklaryndan, talyp haklaryndan pullaryň mejbury tutulýandygy barada maglumatlary berýärler.

Galyberse-de, Türkmenistan häzir agyr ykdysady krizisi başdan geçirýär.

XS
SM
MD
LG