Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistan 'mejbury öndürilýän' bugdaýy we pagtany iki esse gymmat aljagyny aýdýar


Türkmenistanda mejbury zähmetiň ulanylmagyna garşy protest bildirýän aktiwistler
Türkmenistanda mejbury zähmetiň ulanylmagyna garşy protest bildirýän aktiwistler

Türkmenistanda indiki ýyldan başlap bugdaýyň we pagtanyň döwlet satyn alyş nyrhlary iki esse ýokarlandyrylýar, ýagny1 tonna bugdaýyň satyn alyş bahasy 400 manat bolandygyndan 800 manat bolar diýip, türkmen mediasy habar berýär.

Emma synçylar bu çäräniň “ýer işinden göwni sowan daýhanlaryň elini giňetjegine” şübheli garaýarlar.

TDH-nyň maglumatyna görä, pagtanyň bahasy çig malyň hil taýdan häsiýetnamalary nazara alnyp kesgitlenildi. Ýagny,1 tonna nah pagta15-nji oktýabra çenli 1 müň 500 manatdan satyn alnar, soň bu baha kem-kem arzanladylar. Ýüpek pagta babatynda hem şeýle baha kesmek usuly ulanylar.

Oba hojalyk önümleriniň döwlet tarapyndan satyn alyş nyrhlarynyň ýokarlandyrylmagy ýurtda un, çörek, ýag, mal iými ýaly gündelik zerur önümleriň bazar bahalarynyň yzygiderli gymmatlamagynyň, uly azyk nobatlarynyň döremeginiň yz ýanyna gabat geldi.

Azatlygyň habarçylarynyň yzygiderli habar berşi ýaly, Türkmenistan 1990-njy ýyllarda öňki sowet respublikalaryna gök önüm eksport edýän ýurt bolanlygyndan, Gazagystan, Eýran, Türkiýe, Owganystan we Pakistan ýaly ýurtlardan gök önümleri import edýän ýurda öwrüldi.

Munuň üstesine, garaşsyzlyk ýyllarynda Türkmenistanda gurlan egirme-dokma fabriklerini çig mal bilen üpjün etmek, daşary ýurtlara pagta we pagta önümlerini satmak üçin, pagta ýygymynda mejbury zähmetiň ulanylmagyna garşy kampaniýa alyp barýan aktiwistleriň ýazmagyna görä, resmi Aşgabat býujet işgärlerini, studentleri we esgerleri mejbury pagta ýygymynda ulanmgy doly güýjünde dowam etdirýär.

Ýerli synçylaryň ynanjyna görä, türkmen hökümetiniňoba hojalygyny doly kontrollykda saklamak synanyşygy oba adamlarynyň ýyl-ýyldan garyp düşmegine getirdi.

Türkmen ykdysatçysy Hudaýberdi Orazowyň pikirine görä, “türkmen hökümeti indi 25 ýyl gowrak wagtbäri öz etmeli işlerini etmän, etmesiz işler bilen meşgul bolýar”.

“Hökümet ýere seretmeli, suwa seretmeli, tohumçylyga seretmeli, ýeriň, tohumyň, mallaryň keselçiliginiň öňüni almaly, daýhanlara bolsa erkinlik bermeli” diýip, Şwesiýada ýaşaýan Orazow Azatlyk bilen söhbetdeşlikde aýtdy.

Türkmenistanda daýhanlardan kärendesine alan ýerlerinde esasan gowaça we bugdaý ekmek talap edilýär we ýetişdirilen hasyl bazar nyrhlaryndan däl-de, döwletiň bellän bahasyndan satyn alynýar. Şol bir wagtda adamlaryň ýap boýlaryna kädi, sübselik ýaly, hojalyga gerek ekinleri ekmegine hem rugsat berilmeýändigi aýdylýar.

Ykdysatçy Orazowyň pikiriçe, türkmen daýhanyna ozaly öz islän, ýagny içerki ýa daşarky bazarda erkin satyp, gowy girdeji alyp biljek ekinlerini ekmek hukugyny bermeli.

“Bular hemmä belli, şol bir wagtda ýüzlerçe ýyl bäri gelýän, dünýäniň köp ýerinde ulanylýan ýönekeý düzgünler” diýip, Orazow aýtdy.

Ykdysatçynyň pikirirçe, bu hili “reformalar” bilen oba hojalygyny ösdürip, halky gowy ýaşadyp bolmajagyna indi düşünerçe boldy.

XS
SM
MD
LG