Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Balkanda býujet işgärlerinden şugundyr, bugdaý we bak ekmek üçin pul ýygnamak dowam etdirilýär


Türkmenbaşy şäheri

Türkmenistanyň Balkan welaýatynda býujet edralarynyň işgärlerinden oba hojalyk işleri, şol sanda bag ekmek möwsümi bilen baglylykda pul ýygnamak işleri dowam etdirilýär.

Azatlygyň Balkandaky habarçysynyň şu gün, 15-nji noýabrda beren maglumatyna görä, bu ýyl býujet edaralarynyň işgärlerinden ýygnalýan puluň möçberi öňki ýyllardaka garanda hem köpeldilipdir. Bu maglumat Türkmenistanda hasyl toýunyň toýlanan wagtynyň yz ýanyna gabat geldi.

Türkmen metbugatynyň hasyl toýy barada beren habarlarynda ýurduň oba hojalygynda geçirilýän özgertmeleriň uly netijeleri berýändigi nygtalýar.

Emma muňa garamazdan, Azatlygyň ýerli habarçylary bilen söhbetdeş bolýan balkanlylaryň köpüsi adamlaryň şugundyr, bugdaý, bag ekmek bilen bagly salynýan bikanun salgytlardan “bizar bolandyklaryny” gürrüň berýärler.

Mysal üçin, Balkan welaýatynyň Ülkäni öwreniş muzeýiniň, welaýat kitaphanasynyň, welaýat derejesindäki hassahanalaryň saglyk işgärlerinden sentýabr, oktýabr aýlarynda şugundyr ýygmak üçin adam başyna 20 manatdan ýygnadylar.

Şugundyr hasyly üçin pul ýygnalan işgärlere dilden berlen düşündirişe görä, býujet işgärlerinden toplanan serişde şugundyr ýygmak üçin hakyna tutulýan günlükçi işçileretölenýär.

Bellemeli ýeri, öňki iki aýdan tapawutlylykda, noýabr aýynda býujet işgärlerinden şugundyr ýygymy üçin 20 manatdan däl-de, 25 manatdan toplandy, “adamlar işini ýitirmekden gorkup, diýlen puly berdiler, emma örän nägile” diýip, Azatlygyň habarçysy bilen anonim şertde gürleşen kitaphana işgäri aýtdy.

Ýöne Balkanyň welaýat derejesindäki edaralarynyň işgärlerine diňe şugundyrüçin salgyt salynmaýar. Olar ekişden oraga çenli aralykda yzygiderli bugdaý salgydyny hem tölemeli bolýarlar.

“Dilden düşündirmeklerine görä,býujet edaralaryna Serdar (ozalky Gyzylarbat), Bereket (ozalky Gazanjyk) ýaly däne ekýän etraplardan ýörite ýer bölünip berlipdir. Onsoň bizden şol ýerlerde ýetişdirilýän hasyl döwlet harmanyna tabşyrylýança yzygiderli pul ýygnaýarlar” diýip, Mollagara şypahanasynyň adyny aýtmazlygy soran işgäri Azatlyk bilen söhbetdeşlikde gürrüň berdi.

Oba hojalyk ekinleri, bag ekmek bilen bagly döwletiň nebit-gaz birleşiklerinde işleýän işgärlerden hem pul ýygnalýar.

"Uly nebit-gaz birleşikleriniň, “Nebit-gaznebit”, “Gamyşlyjanebit”, “Gumdagnebit” we “Goturdepenebit” ýaly edaralaryň hersine bugdaý ekmek üçin orta hasapdan 30 gektardan ýer berildi, ol ýerlerde işleýän günlükçilere, suwçulara, traktorçylara hak tölemek üçin 2017-nji ýylyň oktýabryndan iýun aýyna çenli işgärlerden 7 manatdan pul ýygnaldy” diýip, bu edaralaryň birinde hasapçy bolup işleýän işgär gürrüň berdi.

“2018-nji ýylyň sentýabr aýyndan ýene bugdaý üçin pul ýygnalyp başlandy, özem bu iş geljek ýylyň iýun aýyna çenli dowam etmeli, öň her işgärden 7 manat ýygnalýardy, emma noýabrdan başlap 10 manatdan ýygnamaly edildi” diýip, adynyň aýdylmazlygyny soran hasapçy aýtdy.

Balkan welaýatynyň býujetden aýlyk alýan işgärlerinden agaç nahallaryny oturtmagyň güýzki möwsümi üçin hem pul ýygnamak dowam edýär. TDH-nyň maglumatyna görä, geçen aýyň 17-sinde döwlet baştutanynyň gatnaşmagynda bag ekmek üçin köpçülikleýin ýowar geçirildi.

“Bizden şu günler, 15-nji noýabrda hem bag ekmek üçin 5 manatdan pul ýygnaýarlar, sebäbi meýdanlarda hamala bag ekmek işleri şindem dowam etdirilýär” diýip,Türkmenbaşy şäherinde işleýän býujet işgäri aýtdy. Onuň sözlerine görä, şäher edaralaryndan ýygnalan pullar agaç nahallaryny oturtmak üçin çykarylýan harajatlary ýapmaga gönükdirilýär.

Türkmenistanda soňkyýyllarda ilatdan dürli işler üçin pul ýygnamak, işgärlere bikanun salgyt salmak adaty bir zada aýlandy. Soňky wagtlarda bolsa ýurtda halkara derejesinde geçirilýän sport çäreleri üçin hem pul ýygnalýar. Mysal üçin, geçen aýda Aşgabadyň sport we orta mekdepleriniň işgärleri öz zähmet haklaryndan Aşgabatda agyr atletika boýunça geçirilen dünýä çempionatynyň bilet harajatlary üçin pul tutulandygyny bilip galdylar.

Bellemeli ýeri, bu tutumlar aýlyklaryň gijigýän, azyk, derman bahalarynyň yzygiderli gymmatlaýan, manadyň hümmetiniň aşak gaçýan şertlerinde köpeldilýär.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG