Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aşgabadyň 5-nji etrapçasynyň ýaşaýjylary Täze ýyly sowuk jaýlarda we gazylan köçelerde garşylaýar


Aşgabadyň täze gurlan etrapçasy
Aşgabadyň täze gurlan etrapçasy

Türkmen häkimiýetleri kongres zallaryna we ýokary amatlykly ýaşaýyş jaýlaryna milliardlarça dollar harçlap, paýtagtyň köne etrapçalaryndaky ýaşaýjylary kyn ýagdaýda galdyrmagy dowam etdirýärler.

Bu ýagdaý Aşgabadyň 5-nji mikroraýonynyň ýaşaýjylarynyň Täze ýyly sowuk diwarlaryň we iki metr çuňlukda gazylan köçeleriň arasynda garşylamagyna alyp geldi.

Gürrüňi edilýän etrapçanyň orta hasapdan 55-60 ýyl mundan ozal gurlan dört gatly jaýlarynyň ýerzeminlerinde, Garagum kanalynyň gelmegi bilen baglylykda, şor suw peýda boldy.

Ýöne soňky döwürde, paýtagty abadanlaşdyrmak programmasynyň çäginde, bu etrapçadaky jaýlaryň hem daşyny ýeňil-ýelpaý bejerip, jaýlaryň gapdalynda bikanun dikilen haýatlary-beýlekileri ýykdyrdylar.

Emma ýaşaýjylary aljyradan üýtgeşiklik şu ýylyň oktýabr aýynda, 5-nji mikroraýonyň esasy köçeleriniň ählisiniň gazylmagy bilen başlandy. Köçeleriň gazylmagy ýyladyş turbalarynyň ählisiniň juda könelendigi we derhal täzelenmek zerurlygy bilen düşündirildi.

“Adamlar ilki özleri hakynda edilýän alada begendiler” diýip, Azatlygyň habarçysy bilen söhbetdeş bolan ýaşaýjylar gürrüň berdiler.

“Haýp, bu begenç soňy bilen gündelik hupbata öwrüldi. Sebäbi ortaça iki metr çuňlukda, ini dört-bäş metr giňlikde gazylan köçeler etrapçanyň ýaşaýjylarynyň girmek-çykmak, durmuş zerurlyklary üçin mikroraýonyň içinde hereket etmek mümkinçiliklerini soňky 50 ýylda görülmedik derejede kynlaşdyrdy” diýip, adynyň aýdylmazlygyny soran 75 ýaşly ýaşaýjy zeýrendi.

Azatlygyň habarçysy 5-nji mikroraýona aýlanyp, ol ýerde orta hasap bilen 70 töweregi ýaşaýyş jaýynyň bardygyny, her jaýda hem ortaça 22-28 kwartiranyň bardygyny anyklady. Emma gyşyň ortasydygyna garamazdan, ozalky köne turbalar hem gazylyp aýrylandan soň, bu jaýlaryň hiç birinde ýyladyş ulgamy işlemeýär.

“Ozal könelen turbalar sebäpli bäş jaýdan birine ýylylyk baran bolsa, indi 70 töweregi jaýyň hiçisine ýylylyk barmaýar” diýip, Azatlygyň habarçysynyň üsti bilen şäher häkimiýetlerine seslerini eşitdirmekçi bolýan ýaşaýjylar gürrüň berdiler.

Olaryň sözlerine görä, häzirki kynçylyk diňe jaýlardaky ýyladyş meselesi bilen hem gutarmaýar.

“5-nji mikroraýonda üç sany çagalar bagy, iki sany mekdep, saglyk öýi ýerleşýär, bulara barýan çagalar, ata-eneler gazylan ýollaryň arasyndaky döwük-ýenjik ýanýollardan ýer tapyp, sag-aman geçmek üçin günde kösenmeli bolýarlar” diýip, Azatlygyň söhbetdeşleri gürrüň berdiler.

Ýaşaýyş jaýlaryndan tapawutlylykda, mekdeplerde, çagalar baglarynda we saglyk öýünde, elektrik peçlerini ulanyp, ýarym-ýalta-da bolsa ýyladyş üpjünçiligine seredýärler. Emma, berilýän maglumata görä, elektrik bahalary we maliýe kynçylyklary zerarly, adamlaryň köpüsi ýaşaýyş jaýlarynda elektrik peçlerini ulanmakdan saklanmaga çalyşýarlar.

Mundan başga, 5-nji mikroraýondaky abadanlaşdyryş çäreleri paýtagtlylaryňbu ýere şäheriň çar künjeginden höwes bilen gelýän 7-nji hammamynyň hem müşderilerini azaltdy, sebäbi häkimiýetler onuň töwerek-daşyny gazanlarynda adamlaryň hammama gelmek-gitmek mümkinçiliklerini nazarda tutmandyrlar.

Köçeleriň gazylmagy öz awtoulagy bolan adamlaryň hem, dürli ýagdaýlar sebäpli taksi ulanmaly bolýan raýatlaryň, "Tiz kömek" maşynynyň hem ýoluny baglaýar.

Emma muňa garamazdan, abadanlaşdyryş işleriniň depgini juda haýal, oktýabrda gazylan köçelerde noýabrda çala gymyldy görlen hem bolsa, soňky 20 günüň dowamynda ne işçi, ne-de tehnika görünýär.

“Adamlar 5-nji mikroraýondaky kösençlikleriň bu gyşda gutarmajagyna boýun alyk, emma köçeleriň bolmanda indiki ýylyň gyşyna çenli düzelmegini arzuw edýärler” diýip, Azatlygyň habarçysy 27-nji dekabrda türkmen paýtagtynyň 5-nji mikroraýonyndan telefon arkaly beren maglumatynda aýtdy.

XS
SM
MD
LG