Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

"Balkan" gazeti welaýatda 130-a golaý lukmanyň ýetmeýändigini aýdýar


Balkan welaýaty. Çelekende tebigy minerallardan derdine derman gözleýän adamlar.

Türkmenistanyň Balkan welaýatynda 130-a golaý lukmanyň iş orny boş dur, bu barada welaýat häkimliginiň “Balkan” gazetiniň 6-njy sentýabrda çykan sanynda habar berildi.

Türkmenistanda soňky ýyllarda boş duran iş orunlarynyň sanawyny çap etmek we ol ýerlere işgär çagyrmak täzelik däl. Ýöne henize çenli ýurtda emele gelen lukman ýetmezçiligi beýle açyk boýun alynmandy.

Balkan welaýatynyň jemi bäş sany etraby, dört sany şäheri bolup, resmi maglumata görä, şu ilatly nokatlarda boş duran 103 sany lukman ornunyň bardygy aýdylýar.

Mundan başga, “Balkanabat şäherinde tiz kömek lukmanlary”, “Gumdag şäherinde umumy gigiena boýunça lukmanlar” gerek diýen ýaly, yzyna -lar, -ler goşulan iş orunlarynyň hem ýedisi bar. “Bu Balkan welaýatynda 130 çemesi lukmanyň iş orunlarynyň boş durandygyny görkezýär” diýip, ýerli saglyk işgäri Azatlyk radiosyna aýtdy.

Bellemeli ýeri, mundan öňki ýyllarda Balkan welaýatynda mugallymlaryň, halyçylaryň, kärendeçileriň ýetmeýändigi hakynda bildiriş berilýärdi.

Balkan welaýatynda saglyk işgärlerini taýýarlaýan ýörite hünär mekdebi bar we Aşgabatdaky Medisina uniwersitetine hem, beýleki okuw jaýlarynda bolşy ýaly, her ýyl Balkan welaýatyndan hem bellenen möçberdäki student okuwa kabul edilýär.

Şonuň bilen birlikde, Türkmenistandaky düzgüne görä, ýokary okuw jaýlaryny tamamlan ýaşlar iberilen ýerine gidip, iki ýyl işlemese, diplomlaryny alyp bilmeýärler. Eýsem, öňünden görlen şu we beýleki çärelere garamazdan, ýurduň iň az ilatly welaýatynda ýiti lukman ýetmezçilginiň sebäbi näme?

Azatlyk bilen anonim şertde söhbetdeş bolan lukmanlaryň düşündirişine görä, bu welaýatdaky iş we durmuş şertleriniň örän ýaramazlygy bilen bagly.

Okuwyny gutaran ýaşlar, başarsalar Balkana gitmejek bolýarlar. Eger gitseler hem, iki ýyl möhleti gutaran badyna başga ýere geçýärler, sebäbi ol ýerde saglyk işgäriniň aýlygy bilen ýaşamak örän kyn” diýip, ozal bu sebitde işlän wraç gürrüň berdi.

Aýdylmagyna görä, Türkmenistanda lukmanlara tölenýän aýlyk gowy hasaplanylýar, ýöne ol mugallymnlaryňky bilen deňeşdireniňde juda pes bolýar diýip, Azatlygyň söhbetdeşi aýtdy.

Munuň üstesine, dermanlar, beýleki zerur bolan zatlar bilen üpjünçilik ýaramaz, düýpden ýetenok, bu ýagdaý adamlaryň lukmanlardan barha kän betgüman bolmagyna getirýär, olar lukman bar zatlary hem bermän, gizläp goýýandyr, üstünden peýda görjek bolýandyr diýip pikir edýärler diýip, öňki lukman gürrüň berdi.

"Bu ýagdaý hirurg ýa iç keselleri boýunça lukman bolup ýören tejribeli saglyk işgärleriniň hem başga ugurlara işe gitmegine sebäp bolýar" diýip, Balkan welaýatyndaky problemalary ýakyndan öwrenýän ýazyjy Amanmyrat Bugaýew aýdýar.

Onuň sözlerine görä, Saparmyrat Nyýazowyň garaşsyzlygyň başky ýyllarynda müňläp saglyk işgäriniň, mugallymlaryň iş orunlaryny kemeltmegi ýurduň saglygy saklaýyş pudagyna agyr zarba urdy we şindi hem durmuşda lukmanlaryň işine ikinji derejeli zat ýaly garalýar.

Azatlyk radiosynyň çeşmeleri lukmançylygyň ýagdaýynyň beýleki welaýatlarda hem Balkandakydan gowy däldigini habar berýärler.

Gelip gowuşýan maglumatlara görä, welaýatlardaky maşgala lukmanlary öz etmeli işlerini edip bilmeýär.
“Bu wraçlaryň erbetliginden däl, şertleriň ýaramazlygyndan bolýan zat. Sebäbi maşgala lukmanyna berkidilýän adam sany bar. Özem onuň berkidilen ýeriniň golaýynda näsaglary kabul ediş otagy bolmaly, emma bu zatlar köp ýerde ýok” diýip, Amanmyrat Bugaýew Azatlyk radiosyna aýtdy.

Balkan welaýaty Türkmenistanyň territoriýasynyň 30 prosente golaý meýdanyny tutýar, 1989-njy ýylyň maglumatlaryna görä, bu sebitde ýurduň ilatynyň 11,5 prosenti ýaşaýardy. Garaşsyzlyk ýyllarynda Balkan welaýatynda ýaşaýan kawkazlylaryň, gazaklaryň köpüsi Türkmenistandan köpçülikleýin göçüp gitdi.

Siziň pikiriňiz

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG