Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Daşkentde Türkmenistanyň Söwda öýi açylar


Daşkentdäki "Aşgabat" seýilgähi.
Daşkentdäki "Aşgabat" seýilgähi.

Özbegistanyň paýtagty Daşkentde Türkmenistanyň Söwda öýüni açmak göz öňünde tutulýar diýip, özbek mediasy habar berýär.

Maglumata görä, bu proýekti durmuşa geçirmek barada Daşkendiň häkimi Jahongir Artykhojaýew bilen türkmen ilçisi Ýazguly Mämmedowyň 12-nji fewralda özbek paýtagtynda geçiren maslahatynyň dowamynda ylalaşylypdyr.

Duşuşykda Türkmenistanyň Daşkentdäki ilçihanasynyň golaýynda türkmen diplomatlary üçin ýaşaýyş jaýyny gurmak mümkinçilikleri barada hem pikir alyşylypdyr.

Özbek mediasynyň maglumatyna görä, geçen ýylyň birinji çärýeginde iki ýurduň arasyndaky haryt dolanyşygy 55% ösüpdir.

Özbegistan günorta goňşusy Türkmenistana oba-hojalyk tehnikasyny, ter we işlenen gök-önümlerini, mineral dökünlerini, gurluşyk harytlaryny we tekstil önümlerini eksport edýär.

Bellesek, geçen ýylyň aýagynda Özbegistanyň Türkmenistana umumy bahasy 17 million dollarlyk oba-hojalyk tehnikalarynyň we gurallarynyň tapgyryny ugratjakdygy barada maglumatlar peýda bolupdy.

Türkmenistan hem öz gezeginde Özbegistana nebit we nebit önümlerini, şeýle-de himiýa senagatyna degişli beýleki serişdeleri eksport edýär.

XS
SM
MD
LG