Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Özbek prokurory: Gülnara Kerimowany türmä ýerleşdirmek barada karar çykaryldy


Gülnara Kerimowa

Özbegistanyň sudy ýurduň ozalky prezidenti Yslam Kerimowyň uly gyzy Gülnara Kerimowany öý tussaglygynyň şertlerini bozmakda günäli tapyp, ony türmä ýerleşdirmek barada höküm çykardy. Bu barada Özbegistanyň baş prokurory maglumat berdi.

Daşkentiň sudy tarapyndan 5-nji martda çykarylan bu karar Kerimowa üçin iň soňky uly üýtgeşme hasaplanýar. Kerimowanyň ady döwletara korrupsiýa derňewinde agzalmazyndan ozal, oňa belli bir döwürde prezidentiň mümkin mirasdüşeri hökmünde garalýardy.

Özbegistanyň baş prokuraturasy tarapyndan ýaýradylan beýanatda Kerimowanyň gyzy Imanyň öýüni 22-nji noýabrda terk edendigi aýdylyp, öý tussaglygynyň şertlerini bozandygy bellenilýär. Kerimowa 2018-nji ýylyň iýun aýyndan bäri gyzy Imanyň jaýynda öv tussaglygynda saklanylýardy.

Şeýle-de, Kerimowa aýdyňlaşdyrylmaýan sebäpler üçin Internetden hem peýdalanan ýaly bolup görünýär diýip, özbek prokurory aýdýar.

Daşkendiň Ýaşanabad etrap sudunyň beýanatyna görä, 5-nji martda sud ýurduň Içeri işler ministrliginiň Kerimowa babatyndaky arzasyny makullapdyr. Indi Kerimowa bäş ýyllyk öý tussaglygynyň galan möhletini türme koloniýasynda geçirmeli bolar.

Bu maglumaty garaşsyz çeşmelere tassyklatmak başartmady.

Azatlyk Radiosynyň Kerimowanyň şwesiýaly aklawçysy bilen habarlaşmak synanyşyklary hem häzirlikçe netije bermedi.

5-nji martda Kerimowanyň gyzy Iman özüniň Instagram hasabynda ejesiniň kanun goraýjy edaralarynyň işgärleri tarapyndan alnyp barylýandygyny görkezýändigini alamatlandyrýan öçügsi, solgun suratlary çap etdi.

Imanyň Intagram hasabynda çap edilen tassyklanmadyk başga bir maglumatda ol kanun goraýjy edaralaryň işgärleriniň öz öýüne ýerli wagt bilen agşam sagat 7-de gelendigini we Kerimowa haýbat atandygyny, soňra ony öýden çekip çykarandygyny aýtdy.

Mundan 10 ýyl çemesi ozal, haçanda onuň kakasy aýatda wagty, Gülnara Kerimowa özüniň moda sergileri we estrada aýdym-sazly wideo klipleri bilen tanalýan meşhur şahsyýetdi. Birleşen Ştatlaryň diplomatik maglumatlaryna görä, ol Özbegistanyň we Merkezi Aziýanyň käbir territoriýalarynda kemsidildi.

Şeýle-de, Kerimowa barada daşary ýurt kompaniýalaryny-da öz içine alýan parahorlyk we gorkuzyp almak hakyndaky habarlar hem dynuwsyz peýda boldy.

2013-nji ýylda Şwesiýanyň metbugatynda Kerimowanyň Özbegistanda maliýe goýmak isleýän halkara telekommunikasiýa kompaniýalary üçin öz wezipesinden derwezeban hökmünde peýdalanandygy barada ilkinji habarlar peýda bolupdy. Merkezi Aziýanyň iň köp ilatly ýurdy hökmünde Özbegistan mobil hyzmatlary üçin ýokary çaltlykda ösýän bazar hasaplanýardy.

Bu maglumatlar Şwesiýada, Birleşen Ştatlarda, Şweýsariýada, Niderlandlarda we beýleki ýerlerde uly telekommunikasiýa kompaniýalaryna gönükdirilen jenaýatçylyk derňewleriniň geçirilmegine getirdi.

2014-nji ýyldan bäri Kerimowa köpçülikde görünmedi we munuň yz ýany, özbek prokurorlary onuň öý tussaglygynda saklanýandygyny we güman edilýän korrupsiýa we beýleki aýyplamalar bilen ilteşikli derňew geçirilýändigini tassykladylar.

Özbegistanyň baş prokurorynyň beýanatyna görä, Kerimowa 2017-nji ýylyň dekabrynda 10 ýyl türme tussaglygyna höküm edilipdir. Ýöne şondan soňky ýylyň iýul aýynda bu höküm öý tussaglygyna üýtgedilip, onuň möhleti hem bäş ýyla kemeldilipdir.

2017-nji ýylda orsýetli bähbitçiler tarapyndan dolandyrylýan golland telekommunikasiýa kompaniýasy daşary ýurtlardaky korrupsiýa aýyplamalaryny sazlamak üçin Birleşen Ştatlara we golland häkimiýetlerine rekord derejesinde – 795 million amerikan dollary möçberinde – jerimäni töledi. Bu Birleşen Ştatlaryň taryhyndaky iň uly göwrümli jerimeleriň biridir.

Siziň pikiriňiz

Teswirleri görkez

Iň soňky teswirler

New Comments Available
XS
SM
MD
LG