Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Berdimuhamedow bugdaýa edilýän idegden nägile bolup, etraplaryň emeldarlaryna käýinç paýlady


Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow

11-nji martda Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi. Oňa Ministrler Kabinetiniň başlygynyň orunbasarlary, Mejlisiň başlygy we beýleki käbir ýokary wezipeli resmiler gatnaşdyryldy.

TDH-nyň maglumatyna görä, maslahatyň gün tertibine regionlarda oba hojalyk işleriniň ýerine ýetirilişi we beýleki käbir meseleler girizildi.

Ahal welaýatynyň häkimi Şöhrat Amangeldiýew welaýatyň çäginde alnyp barylýan işleriň barşy barada prezidente hasabat beripdir.

Hasabaty diňlän prezident welaýatyň çäginde käbir etraplarda bugdaýa edilýän idegden nägile bolupdyr.

Berdimuhamedow Ahal welaýatynyň käbir etraplarynda, hususan-da, “Kaka we Bäherden etraplarynda bugdaýa ideg etmekde agrotehniki çäreleriň öz möhletinde ýerine ýetirilmeýändigine düýpli nägilelik bildirdi” diýip, TDH ýazýar.

Munuň bilen baglylykda, prezident Kaka etrabynyň häkimi Kakamyrat Kürtowa, Kaka etrabynyň häkiminiň orunbasary Arman Gurbanowa hem-de Bäherden etrabynyň häkiminiň orunbasary Aýdogdy Nurgeldiýewe käýinç yglan etdi.

Maslahatyň dowamynda prezident Berdimuhamedow Lebap welaýatynyň Döwletli etrabynyň häkimi Batyr Gylyjowa, Döwletli etrabynyň häkiminiň orunbasary Astanguly Öwülýägulyýewe, Mary welaýatynyň Mary etrabynyň häkimi Agamyrat Allamyradowa, Mary etrabynyň häkiminiň orunbasary Begençmuhammet Ataýew dagylara-da käýinç paýlady.

TDH berlen käýinçleriň wezipeli resmileriň “işde goýberen kemçiliklerinden” hem-de olaryň “wezipe borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmändiginden” gözbaş alýandygyny habar berýär. Prezident degişli regionlarda güýzlük bugdaýa edilýän idegden kanagatlanmaýandygyny nygtaýar. Döwlet metbugaty onuň “welaýatyň bugdaý meýdanlarynda maýsalara ideg etmek işinde käbir etraplarda agrotehnikanyň kadalarynyň doly ýerine ýetirilmeýändigine” ünsi çekendigini habar berýär.

Ýöne agrotehnikanyň haýsy kadalarynyň ýerine ýetirilmändigi mälim däl. Ýatlasak, fewralyň 18-inde Lebap welaýatynyň Dänew etrabynyň käbir kärendeçi daýhanlary Azatlyk Radiosynyň ýerli habarçysy bilen habarlaşyp, mineral dökün ýetmezçiliginden şikaýat edipdi.

“Her 1 gektar bugdaý üçin döwlet 200-250 kilogram azot bermeli, ýöne şu berlenok. Berlen ýagdaýynda-da 100 kilogram döküniň üstünden 10-20 kilogram tutup galýarlar” diýip, Lebap welaýatynyň Dänew etrabynyň Azatlyk daýhan birleşiginden efirde atlandyrylmazlyk şertinde çykyş eden bir kärendeçi Azatlyk Radiosynyň ýerli habarçysyna 18-nji fewralda gürrüň beripdi.

Prezident welaýat häkimleri bilen geçirýän ýygnaklarynda oba hojalyk pudagynda alnyp barylýan işler boýunça tabşyryk berýär, TDH-nyň maglumatlaryna görä, ýygy-ýygydan ekin meýdanlarynda agrotehnikanyň kadalarynyň berk berjaý edilmelidigini nygtaýar.

Geçen 2018-nji ýylda Türkmenistan bugdaý plan borçnamasyny dolup bilmedi. Döwlet geçen ýyl bugdaý meýdanlaryndan ýygnalan galla hasylynyň möçberi boýunça anyk resmi sanlary aýan etmedi. Ýöne prezident Berdimuhamedow iýul aýynda geçiren hökümet mejlisinde ýurtda 1 million tonnadan gowrak galla hasylynyň ýygnalandygyny aýtdy. Geçen ýyl Türkmenistanda 1 million 600 müň tonna galla hasylyny almak planlaşdyrylypdy. Ýöne “Türkmenistanyň hronikasy” neşiri şu ýylyň fewralynda ýurt içindäki çeşmelerine salgylanyp, çap eden maglumatynda geçen ýyl Türkmenistanyň bugdaý meýdanlaryndan 538 müň tonna galla hasylynyň ýygnalandygyny habar berdi.

Bu maglumatlaryň fonunda, Gazagystanyň Türkmenistana eksport edýän bugdaýy soňky 5 aýyň dowamynda rekord derejä ýetdi.

Gazagystanyň Galla birleşiginiň ekspert geňeşiniň agzasy Ýewgeniý Karabanow 1-nji martda metbugatda eden çykyşynda soňky 5 aýda Gazagystanyň Türkmenistana 222.500 tonna bugdaý eksport edendigini aýtdy. Onuň sözlerine görä, bu san soňky 15 ýylda Gazagystandan Türkmenistana eksport edilen bugdaýyň mukdary boýunça rekord dereje hasaplanýar.

Türkmenistanyň regionlarynda ýerli ilat soňky iki ýyl bäri çörek we un gytçylygyndan hem-de onuň gymmatçylygyndan kösenip gelýär.

Iň soňky teswirler

New Comments Available
XS
SM
MD
LG