Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Berdimuhamedow regionlardaky ýollaryň ýagdaýyna nägilelik bildirdi


Azatlyk Radiosynyň habarçylary we ýerli synçylar şäher, etrap, oba ýollarynyň we köçeleriniň soňky 30-40 ýylda köplenç ünsden düşürilendigini aýdýarlar.
Azatlyk Radiosynyň habarçylary we ýerli synçylar şäher, etrap, oba ýollarynyň we köçeleriniň soňky 30-40 ýylda köplenç ünsden düşürilendigini aýdýarlar.

Türkmenistanyň prezidenti welaýatlarda etrabara we oba ýollaryny degişli derejede saklamak boýunça alnyp barylýan işlere nägilelik bildirdi.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow anna güni geçirilen Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly nobatdaky mejlisinde ýol gurluşygy bilen baglanyşykly işlere ylmy talaplara laýyklykda örän oýlanyşykly we netijeli çemeleşilmelidigine ünsi çekdi.

Resmi döwlet mediasynyň maglumatyna görä, Berdimuhamedow bar bolan ýollary döwrebaplaşdyrmagyň we täze ýollary gurmagyň meýilnamasyny taýýarlamagyň zerurdygyny belläp, bu ugurda bar bolan meseleleri hemişe gözegçilikde saklamak boýunça wise-premýer Dädebaý Amangeldiýewe anyk tabşyryklary beripdir.

Emma, prezidentiň “anyk tabşyryklarynyň” mazmuny we jikme-jikleri barada hiç zat aýdylmady.

Soňky ýyllarda Türkmenistanyň metbugatynyň berýän maglumatlaryndan çen tutulsa, ýurtda her ýyl müňlerçe kilometr ýola daş, asfalt düşelýär, ýollar bejerilýär, köprüler gurulýar, welaýatlarda we obalarda ugurlar, ýollar kämilleşdirilýär.

Emma muňa garamazdan, Azatlyk Radiosynyň habarçylary we ýerli synçylar şäher, etrap, oba ýollarynyň we köçeleriniň soňky 30-40 ýylda köplenç ünsden düşürilendigini, olarda yşyklandyryş hem-de lagym suwlary geçirýän ulgamlaryň kadaly ýola goýulmandygyny aýdýarlar.

Ýanwar aýynyň başynda Lebabyň Türkmenabat şäherinde köçeleriň bejerilmän, ençeme ýyl bäri ünsden düşürilendigi sebäpli gar, ýagyşdan soň köçeleriň ençemesiniň läbige çümendigini, Azatlyk Radiosynyň bu welaýatdaky habarçysy habar berdi.

Geçen aý bolsa, Azatlyk Radiosynyň paýtagtdaky habarçysy Aşgabadyň gündogaryndaky Änew şäheriniň iň köp ilatly punktlarynyň biri hasaplanýan Magtymguly etrapçasyndaky köçeleriň biriniň indi ençeme ýyl bäri bejerilmeýändigini, onuň gyşyna läbik, tomsuna tozan bolup durýandygyny habar beripdi.

Türkmen metbugatynda ýurduň içinden geçýän ähli ýollaryň dünýä ölçeglerine kybap gelýändigi barada dowamly reportažlar görkezilse-de, ýurduň dürli welaýatlaryndaky sandan çykan ýollar, köçeler we munuň ilata ýetirýän kynçylyklary barada mesele gozgalmaýar.

XS
SM
MD
LG