Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmen metbugaty goňşy Gazagystanda bolup geçýän soňky wakalar barada dymyşlygy saklaýar


Türkmenistanyň döwlet telewideniýesiniň ekranyndan düşürilen surat
Türkmenistanyň döwlet telewideniýesiniň ekranyndan düşürilen surat

Türkmenistanyň goňşusy Gazagystanyň öňki prezidenti Nursultan Nazarbaýewiň öz arzasy bilen wezipeden çekilmegi bilen bagly türkmen döwletiniň köpçülikleýin media we habar beriş serişdelerinde hiç hili habar berilmeýär.

Türkmenistanyň döwlet eýeçiligindäki media we metbugat serişdeleri Nazarbaýewiň 19-njy martda duýdansyz ýagdaýda wezipeden çekilýändigi baradaky habarlar boýunça dymýar.

Merkezi Aziýada iň uzak wagtlap wezipe başynda oturan 78 ýaşly Nursultan Nazarbaýew 30 ýyla golaý wagt ýurta baştutanlyk edip, 19-njy martda döwlet telewideniýesinde eden çykyşynda prezidentlik wezipesinden çekilýändigini mälim etdi.

“Men prezidentlik wezipämi soňlamak kararyna geldim” diýip, Nazarbaýew telewideniýede eden çykyşynda aýtdy.

"Halk maňa garaşsyz Gazagystanyň ilkinji prezidenti bolmak mümkinçiligini berdi" diýip, gazak prezidenti belledi.

Bu bildirişiň yzýany, halkara media guramalary şol sanda Merkezi Aziýa giňişliginiň habar serişdeleri bu halkara we sebitara ähmiýetli waka bilen bagly habarlary gyzgyny bilen halk köpçüligine ýetirip başlady.

Ýöne türkmen metbugatynda geçen iki günüň dowamynda Gazagystanda bolan wakalar barada kelam agyz gürrüň edilmedi.

20-nji martda Gazagystanda geçiji prezident wezipesine ýurduň parlamentiniň ýokary palatasynyň spikeri Kasym-Žomart Tokaýew girişdi.

Türkmen metbugatynda bu barada-da habar berilmedi.

20-nji martda Gazagystanyň parlamenti ýurduň paýtagty Astana şäherine Nursultan adyny dakmak baradaky kanuny makullady.

Bu üýtgeşikligi Gazagystanyň Mejlisiniň 103 agzasy we Senatynyň 43 agzasy goldady. Mejlisiň başlygy Nurlan Nigmatulin bu karary "taryhy" diýip atlandyrdy.

Ýöne Gazagystanda alnan bu “taryhy” karara barada-da türkmen metbugatynda kelam agyz gürrüň edilmedi.

Ýöne türkmen metbugaty Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň daşary ýurtlaryň döwlet baştutanlaryna ugradýan gutlag ýa-da gynanç hatlaryny, olardan gelýän gutlaglary yzygiderli halka ýetirip durýar.

Türkmenistanyň döwlet habarlar gullugynyň resmi websaýty 20-nji martda Özbegistanyň prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň, Gyrgyzystanyň prezidenti Sooronbaý Žeenbekowyň we Täjigistanyň prezidenti Emomali Rahmonyň Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa iberen baýramçylyk gutlag hatlaryny çap etdi.

2017-nji ýylyň 17-nji aprelinde Türkmenistan goňşy Gazagystan bilen Startegiki hyzmatdaşlyk hakyndaky şertnama gol çekdi.

Türkmenistanyň resmi habar serişdeleri iki döwletiň iri halkara guramlaryň çäklerinde hyzmatdaşlyk edýändigini wagtal-wagtal gaýtalap durýar.

Gazagystanda Nursultan Nazarbaýewiň wezipeden çekilmegi bilen Merkezi Aziýada ilkinji gezek bir döwlet baştutany prezidentlik möhletiniň dowamynda öz arzasy bilen işden boşaýar.

Ýöne Nazarbaýew häkimiýetdäki “Nur Otan” partiýasynyň ýolbaşçysy we Gazagystanyň Döwlet Howpsuzlyk Geňeşiniň başlygy wezipesinde galar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy indirip bilersiňiz.
Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG