Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

YD-nyň lideri bäş ýylyň içinde ilkinji gezek wideoda peýda boldy


Abu Bakr al-Baghdadi
Abu Bakr al-Baghdadi

“Yslam döwleti” ekstremistik toparynyň lideri bäş ýylyň içinde ilkinji gezek wideoda peýda boldy.

Wideony ekstremistik toparyň “Al-Furkan” mediasy 29-njy aprelde ýaýratdy.

Wideoda Abu Bakr al-Baghdadi tijegsiz, ýarym çal, ýarym gyzyl bulaşyk sakgally, diwara söýenip oturan ýagdaýda görkezilýär. Ol gara köýnek, onuň üstünden-de keltekçe geýipdir. Onuň sag eliniň golaýynda awtomatiki ýarag hem ýerleşdirilipdir.

Mundanam başga, wideoda ýüzi maskaly üç adamyň onuň berýän gürrüňlerini diňleýän pursatlary hem görkezilýär.

Baghdadi – ýuwaş we dowamly arakesmeler bilen gürläp – öz söweşijileriniň tussag edilmegi we öldürilmegi bilen baglylykda ar alynjakdygyny aýdýar.

Şeýle-de, ol öz toparynyň Günbatara garşy operasiýalarynyň “uzyn bir söweşdigini” hem belledi.

18 minutlyk wideonyň anyk nirede düşürilendigi näbelli bolmagyna galýar. Yrak we ABŞ-nyň goldaýan güýçleri ekstremistik lideri ele salmak ugrunda tagalla edýärler.

Birleşen Ştatlaryň Döwlet departamentiniň metbugat wekili wideonyň gözden geçiriljekdigini we “onuň hakykylygynyň barlanyp, tassyklanmagy üçin aňtaw toparyna” beriljekdigini aýtdy.

Şeýle-de, ol Birleşen Ştatlaryň liderligindäki koalisiýanyň “bu terroristleriň gutarnykly ýeňlişini üpjün etjekdigini we onuň galan liderleriniň mynasyp bolşy ýaly adalat jogapkärçiligine çekiljekdigini” hem belledi.

47 ýaşly Baghdadi iň soňky gezek 2014-nji ýylda Yragyň Mosul şäherindäki Al-Nuri metjidinde wagyz-nesihat çykyşyny eden mahalynda wideoda peýda bolupdy. Şonda “Yslam döwleti” toparynyň güýçleri Yragyň we Siriýanyň ençeme territoriýasyny basyp alypdy. Baghdadi şol çykyşynda Yslam halyfatynyň döredilýändigini yglan edipdi.

SITE Aňtaw topary Baghdadiniň Baghuzdaky söweşiň tamamlanmagy barada gepländigini aýtdy. Baghuz Birleşen Ştatlar tarapyndan goldanylýan güýçleriň kontrollygyna geçmezden öň, “Yslam döwleti” toparynyň Siriýadaky iň soňky galasydy.

Wideoda görünýän senede onuň aprel aýynda ýazgy edilendigini görkezýär. Ýöne onuň hakykylygyny we onda görkezilýän senäni barlap bolmady.

Baghdadi Şri Lankada 250-den gowrak adamyň ölümine sebäp bolan soňky bombalamalar barada hem gürrüň gozgap, bu hüjümiň Baghuzyň synmagyna garşy ar alyş maksatly amala aşyrylandygyny öňe sürdi.

“Bu haçly ýörişe gatnaşyjylar üçin garaşýan ar alşyň bir bölegidir” diýip, ol aýtdy.

Soňky ýyllarda Baghdadiniň öldürilendigi ýa-da ýaradar edilendigi barada ençeme gezek habar berlipdi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy indirip bilersiňiz.

Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
XS
SM
MD
LG