7-nji maýda Türkiýäniň prezidenti Rejep Taýýyp Erdogan oppozisiýanyň martda gazanan garaşylmadyk ýeňşinden soňra ýurduň ýokary saýlaw organynyň şäher häkimligi baradaky ses berişligiň Stambulda gaýtadan geçirilmegi boýunça çykaran kararyny gutlap, ony türk demokratiýasyny “güýçlendirmek” üçin möhüm ädim diýip taryplady.
Erdogan parlamentde öz partiýasynyň agzalary bilen geçen duşuşykda: “Biz bu karara problemalarymyzy demokratiýanyň we kanunyň çäginde çözmäge bolan islegimizi güýçlendirmek üçin, iň gowy ädim diýip garaýarys” diýdi.
Erdoganyň häkimiýet başyndaky “Adalat we galkynma” (AK) partiýasy ýurtda esasy oppozision partiýa bolan “Respublikan halk partiýasynyň” (CHP) Türkiýäniň iň uly şäherinde gazanan gysby ýeňşini sorag astyna alyp, “bidüzgünçilikleriň we korrupsiýanyň” bolandygyny aýtdy.
7-nji maýda Ýokary saýlaw komissiýasy saýlaw netijelerini ýatyryp, şäher häkimligi boýunça 23-nji iýunda täze bäsleşigiň geçiriljekdigini yglan etdi.
“AK” partiýanyň komissiýadaky bir wekili bolan Rejep Özel kararyň saýlaw gutularynyň käbirine gözegçilik edenleriň döwlet işgäri bolmandygyna we netijeleriň golsuz dokumentlerine esaslanýandygyny aýtdy.
“CHP-niň” häkimiýetler tarapyndan öten aý Stambulyň şäher häkimi diýlip, resmi taýdan tassyklanan kandidaty Ekrem Ymamogly bolsa karary “hyýanatçylykly” diýip atlandyrdy.
Habarlarda ýüzlerçe adamyň şäheriň dürli etraplarynda ýygnanyp, hökümete garşy şygarlar bilen gygyryşandyklary aýdylýar.
Türkiýede şäher häkimlikleri boýunça 31-nji martda geçen saýlawlara ykdysadyýetiň häzirki peselýän döwründe Erdoganyň ýolbaşçylygy baradaky referendum diýlip garalypdy.
Erdoganyň “AK” partiýasynyň ýolbaşçylygyndaky ýaranlyk tutuş ýurt boýunça sesleriň 51 prosentini gazansa-da, “CHP” Stambulda we paýtagt Ankarada özüniň ýeňiş gazanandygyny ileri sürdi.
“AK” partiýa iki şäherde netijelere protest bildirdi.
7-nji maýda Germaniýa karar düşnüksiz we aýyl-saýyl däl diýdi.
Germaniýanyň daşary işler ministri Haýko Maas şäher häkiminiň edarasy hakda karar bermeli türk saýlawçylary diýdi.
“Ýokary saýlaw komissiýasynyň Stambuldaky ýerli saýlawy ýatyryp, saýlawyň täzeden geçirilmegini buýurmagy biziň garaýşymyzça aýyl-saýyl we düşnükli däl” diýip, Maas aýtdy.
Saýlaw täzeden geçirilmeli edileninden soňra türk lirasy amerikan dollarynyň garşylygynda aşaklap, oktýabr aýyndan bäri özüniň iň pes derejesine ýetdi.