Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Konstitusiýa we Baýdak güni 'Arkadag waspy' hem-de mejbury çäreler bilen utgaşdy


Türkmenistanyň baýdagy

Türkmenistanda şu gün, 18-nji maýda Konstitusiýa güni we Döwlet baýdagynyň güni bellenilýär.

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bir gün öň mejlis geçirip, bu baýramçylygyň ýokary guramaçylyk derejsinde geçirilmegini tabşyrdy we şu gün ilata gutlag hatyny çap etdi.

"Adamy jemgyýetiň we döwletiň gymmatlygy hökmünde ykrar edýän Konstitusiýamyza, ...Döwlet baýdagymyza biz çäksiz buýsanýarys hem-de uly hormat goýýarys" diýip, prezidentiň gutlagynda aýdylýar.

Emma ýerli çeşmeler jemgyýetçilik transportynyň baýram gününde, mejbury çäreçileri gatnatmak üçin, beýleki günler bilen deňeşdirilende hem ýaramaz işleýändigini, adamlaryň "soňy görünmeýän problemalardan" zeýrenýändigini habar berdi.

“Azatlygyň” habarçysy paýtagtda bellenilýän baýramçylyk çärelerin goşulyp, ilki çagalary bilen “Ylham” parkyna baryp gördi.

Medeniýet we sungat mekdepleriniň studentleri fonogramma astynda ala-gykylyk edip, aýdym-saz bilen, aldygyna Arkadagy wasp edýärler. Adamlaryň käbiri başyny ýaýkap, ýanynda duran ýoldaşyna mundan öň bu günde Magtymgulynyň Şygryýet gününiň bellenendigini, onuň goşgusyna aýdym aýdylsa gelşikli boljagyny aýdýar" diýip, habarçymyz gören zatlaryny gürrüň berdi.

Habarçy soňra Aşgabadyň aýlawyndaky dabaralara hem baryp gördi.

Ýöne ol bu ýere barmak üçin bir sagada golaý awtobusa garaşandygyny, ahyrynda 77-lik awtobusyň gelendigini gürrüň berdi.

“Aýlawa gelemizde, jemgyýetçilik transportynyň ähli ulagynyň bu ýerdäki transport duralgasynda we ýol ýakalarynda durandygyny gördük. Awtobuslaryň hemmesi “Zakazda”, adamlar bolsa kösenýär” diýip, habarçy aýtdy.

Onuň sözlerine görä, bu ýere esasan okuw jaýlarynyň studentleri toplanypdyr, olaryň hemmesi bu ýere mejbury ýagdaýda, sanaw esasynda getirilip, belli-belli ýerlerde oturdylan, köpüsi oturan ýerinde uklaýar diýip, hanbarçy aýtdy.

“Azatlygyň” habarçysy zordan ýöreýän atlaryň suratyny aldy, olary wideoýazgy etdi.

Aýlawyň işgäriniň habarçy bilen söhbetdeşlikde aýtmagyna görä, atlaryň ot-iým bilen üpjünçilik örän ýaramaz, atlar aýlawyň içinde bezeg üçin ekilen otlary iýip, mydar edýärler.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin indirip bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG