Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Özbegistanda türkmen-özbek ýük gatnawlary üçin täze stansiýa açyldy


“Surhanabad” stansiýasy
“Surhanabad” stansiýasy

Türkmenistan bilen Özbegistanyň arasyndaky haryt dolanyşygyny ýokarlandyrmak maksady bilen, Özbegistanyň Surhanderýa oblastynda täze “Surhanabad” stansiýasy işe girizildi.

“Özbegistan Demir ýollarynyň” maglumatyna görä, bu stansiýada wagonlara tehniki we bejeriş hyzmatlary hem hödürlener.

Mundan öň Özbegistanyň günorta sebitlerindäki tranzit ýük gatnawlary Türkmenistanyň territoriýasyndaky “Boldir” stansiýasy arkaly amala aşyrylýardy.

“Mundan beýläk, ýük gatnawlary bilen baglylykdaky eksport-import operasiýalary täze stansiýa arkaly amala aşyrylar” diýip, özbek tarapynyň resmi maglumatynda aýdylýar.

Türkmenistanyň resmi metbugaty bu barada habar bermeýär.

XS
SM
MD
LG