Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

SIPRI: Dünýäniň ýadro arsenaly kemelýär, emma geljek nämälimligine galýar


Russiýanyň "Sarmat" atly täze kontinentara raketasy
Russiýanyň "Sarmat" atly täze kontinentara raketasy

Täsirli barlag toparynyň aýtmagyna görä, dünýäniň güýçli döwletleriniň erkindäki atom ýaraglarynyň sany geçen ýyl aşaklapdyr, ýöne Moskwa bilen Waşingtonyň arasyndaky “syýasy we harby aratapawutlar” sebäpli bu ýaraglaryň sanynyň geljekde-de azalmagy gümana.

Stokgolmyň Halkara Parahatçylyk Ylmy-Barlag Instituty SIPRI-niň 17-nji iýunda çykaran ýyllyk hasabatynda, 2019-njy ýylyň başynda Orsýetiň, Amerikanyň we beýleki ýedi döwletiň 13 müň 865 sany ýadro ýaragynyň bolandygy adylýar.

SIPRI-niň nygtamagyna görä, bu 2018-nji ýylyň başynda 14 müň 465 diýlip çaklananyndan “göz-görtele aşaklapdyr”.

Bu aşaklamanyň – dünýädäki ähli ýadro ýaraglarynyň 90%-ine eýe bolan – Orsýet bilen Amerikanyň strategiki ýadro ýaraglaryny azaltmagynyň netijesinde bolandygy, muňa hem mümkinçilik bereniň bu iki ýurduň arasyndaky Täze START diýip atlandyrylýan ylalaşygyň ýerine ýetirilmegi, şeýle hem birtaraplaýyn azaltmalar diýip bellenýär.

Ýöne taraplar bu şertnamany uzaltmak boýunça özara ylalaşmasalar, Täze START geleşiginiň möhleti 2021-nji ýylda tamamlanýar.

“Täze START ylalaşygynyň möhletini uzaltmak ýa-da täze şertnama baglaşmak boýunça häzir alnyp barylýan gepleşikler ýok” diýip, SIPRI-niň Ýadro ýaragsyzlandyrma bölüminiň direktory Şannon Kaýl (Shannon Kile) aýdýar.

Onuň bellemegine görä, Orsýet bilen Birleşen Ştatlaryň arasyndaky syýasy we harby aratapawutlary nazara alanyňda, iki ýurduň ýadro güýçleriniň gepleşikler arkaly azaldylmagy o diýen ähtimal däl.

Amerikanyň ýaraglara kontrollyk baradaky döwlet sekretarynyň kömekçisi Andrea Tomson maý aýynda senatyň komissiýasyna beren maglumatynda “Täze START-yň uzaldylmak mümkinçiligi barada administrasiýanyň gelen karary ýok” diýdi.

Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin 6-njy iýunda halkara habar gulluklarynyň ýolbaşçylary bilen Sankt Peterburgda geçiren duşuşygynda, Waşington ylalaşygy uzaltmaga meýilli däl diýdi.

“Bize ony uzaltmak gerek däl. Biziň sistemalarymyz Orsýetiň howpsuzlygyny uzak wagtlap kepillendirip bilýär. Hiç kim Täze START geleşiginiň uzaldylmagy gerekdir öýtmeýän bolsa, bolýar, onda biz-de etmeris” diýip, Putin aýtdy.

2010-njy ýylda Pragada baglaşylan ylalaşyk ýurtlaryň her biniň strategik ýadro ýaraglarynyň 1550-ä çenli çäklendirilmegini üpjün etdi. Öňki START I 1994-nji ýylda güýje girip, 2009-njy ýylda tamamlananda, bu san 6000 çemesidi.

1987-nji ýyla degişli Orta aralyklyk ýadro güýçleri baradaky geleşik hakda hem Moskwa bilen Waşingtonyň arasynda ylalaşyk ýok.

Birleşen Ştatlar bu ylalaşyga gatnaşmagyny fewral aýynda wagtlaýyn togtatdy. Waşington bilen onuň ýaranlary Orsýeti bu ylalaşyga ters raketa ulgamlaryny ulanmakda aýyplaýarlar.

Bu aýyplamany ret edýän Orsýet hem soňra ylalaşygy wagtlaýyn togtatdy. Moskwa Birleşen Ştatlary geleşigi bozmakda günäleýär, Waşington hem muny ret edýär.

SIPRI-niň hasabatynda Orsýet bilen Amerikanyň özleriniň atom ýaraglaryny, raketa we harby uçar ulgamlaryny, şeýle hem ýadro ýaraglaryny öndürmäge gönükdirilen desgalaryny täzelemek barada alyp barýan “giňeýji we harajatly” işlerini dowam etdirýändigi bellenýär.

Birleşen Ştatlar 2018-nji ýylda giňeldilen harby rol we missiýalara ýol açmak üçin täze ýadro ýaraglaryny öndürmek we beýlekileri üýtgetmek boýunça ençeme plan taýýarlady.

SIPRI Birleşen Ştatlar bilen Orsýetden başga Britaniýanyň, Fransiýanyň, Hytaýyň, Hindistanyň, Pakistanyň, Ysraýylyň we Demirgazyk Koreýanyň hem ýadro ýaraglarynyň bardygyny sanawa girizýär.

“Hytaý, Hindistan we Pakistan özleriniň ýadro arsenallarynyň sanyny artdyrýarlar. Hindistan bilen Pakistanyň harby partlaýjy materiallary öndürýän güýçlerini ýaýbaňlandyrmagy bularyň aşa köp artmagyna getirmegi mümkin” diýlip, hasabatda bellenýär.

Hasabatda şeýle hem Demirgazyk Koreýanyň “milli howpsuzlygyň esasy elementi hökmünde” harby ýadro programmasyny ileri tutmagy dowam etdirýändigi bellenýär.

Demirgazyk Koreýanyň ýadro programmasy boýunça bir ylalaşyk tapmak üçin, Amerikan rezidenti Donald Tamp bilen Demirgazyk Koreýanyň lideri Kim Jong Un iki gezek duşuşdylar. Ýöne bolan öňe gidişlik köp däl.

SIPRI dokuz ýurduň eýeçiligindäki 13 müň 865 atom ýaragynyň 3750-siniň operasion güýçleriň elindedigini, 2000 çemesiniň hem ýokary operasion hüşgärlikdedigini aýdýar.

Ýöne barlag toparynyň bellemegine görä, ýadro arsenallary we atom ýaragly döwletleriň başarnyklary hakdaky ynamdar maglumatlaryň elýeterliligi “biri-birinden ep-esli tapawutly”.

“Birleşen Ştatlar bilen Britaniýa özleriniň ýadro başarnyklary boýunça möhüm maglumatlary berdiler, Fransiýa hem käbir maglumatlary yglan etdi” diýip, SIPRI aýdýar.

Ýöne Orsýet “bu maglumatlary Birleşen Ştatlar bilen paýlaşsa-da, Täze START geleşigi boýunça güýçlerini nädereje aşakladylandygy hakda jemgyýetçilige maglumat berenok” diýip, barlag topary aýdýar.

Hasabatda Hindistan bilen Pakistan hökümetleriniň “özleriniň raketa synaglary barada käbir beýanatlar berýändigi, ýöne arsenallarynyň ýagdaýy ýa sany hakda berilýän maglumatlaryň gaty azdygy aýdylýar.

Şeýle hem Demirgazyk Koreýa bilen Ysraýylyň atom ýaraglary hakda, maglumat beräýenlerinde-de, juda az berýändikleri bellenýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin indirip bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
XS
SM
MD
LG