Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Söz urşunyň fonunda, Eýran 27-nji iýundan urany baýlaşdyrmagy çaltlaşdyrjakdygyny aýdýar


Birleşen Ştatlaryň prezidenti Donald Tramp we Eýranyň prezidenti Hassan Rohani

Eýran özüniň “yza çekilmejekdigini” we 27-nji iýundan başlap urany baýlaşdyrmagy çaltlaşdyrjakdygyny aýdýar. Bu waka Tähran bilen Birleşen Ştatlaryň arasyndaky dartgynlyklar artýan döwründe, Eýranyň ýadro ylalaşygyndaky borçnamalaryndan yza çekilmegi dowam edýän mahalynda bolýar.

“[Birleşen Ştatlaryň] hökümetiniň iň zalym resmileri Eýrany aýyplaýar we kemsidýär. Eýranyň halky şeýle kemsitmelere boýun bolmaz we yza çekilmez” diýip, 26-njy iýunda Eýranyň ýokary ruhany lideri Ali Hameneýiniň resmi websaýtynda onuň sözleri getirildi.

Mundan birnäçe sagat öň, 26-njy iýunda irden Eýranyň Atom energiýasy boýunça guramasynyň metbugat wekili Behrouz Kamalwandidöwlet eýeçiligindäki IRIB media serişdesine beren maglumatynda, bu çaltlandyrmanyň ýurduň 300 kilogramdan köp urany baýlaşdyrmagyny çäklendirmek baradaky wagt möhletiniň tamamlanmagy bilen bir wagtda amala aşyryljakdygyny aýtdy.

“Bu wagt möhletiniň tamamlanmagy bilen baýlaşdyrmanyň depgini çaltlandyrylar” diýip, Kamalwandi aýtdy.

Geçen ýyl Birleşen Ştatlaryň prezidenti Donald Tramp Eýran bilen dünýäniň iň kuwwatly bäş ýurdunyň arasynda baglaşylan ýadro ylalaşygyndan çykandan soň, Tähran bilen Waşingtonyň arasyndaky dartgynlyklar ýaramazlaşdy. Şol ýadro ylalaşygynyň çäginde Eýran özüne garşy girizilen ykdysady sanksiýalaryň ýatyrylmagyna derek, özüniň ýadro programmasyny çäklendirmelidi.

25-nji iýunda bu ýagdaý söz urşuna öwrüldi: Tramp Eýran “islendik amerikan zada” hüjüm eden bolsa, onda käbir sebitlerde “ýok etmek manysyny aňlatjak uly göwrümli güýji” ulanmakda haýbat atan mahalynda, Eýran Ak tamyň “akyl taýdan yza galandygyny” aýtdy.

24-nji iýunda Tramp Eýrana garşy täze “berk” sanksiýalary girizýän karara gol goýandan soňra, iki ýurduň arasyndaky “erjeşikler” güýçlendi.

Eýranyň prezidenti Hassan Rohani ýurduň baş liderlerine, şol sanda ýokary ruhany lideri Ali Hameneýiniň garşysyna girizilen bu hereketi “akmaklyk” diýip ret etdi.

26-njy iýunda Rohani Waşingtonyň nädogry ugra tarap gidýändigini aýdyp, duýduryş berdi.

“Şu gün men amerikanlara siziň saýlap alan ugruňyzyň nädogrydygyny aýdýaryn” diýip, IRIB habar agentligi Rohaniniň sözlerini getirdi.

Rohaniniň bu barada eden çykyşy, 25-nji iýunda onuň fransuz prezidenti Emannuel Makron bilen telefon arkaly geçiren gepleşiginde Eýranyň “hiç haçan uruş islemeýändigi” barada aýdan sözleri bilen ýagdaýy gowşatmaga synanyşýan ýaly bolup görünmeginiň yz ýanyna gabat geldi.

“Eýran regionda dartgynlygy artdyrmaga gyzyklanmasy ýok we ol hiç haçan hiç bir ýurt, şol sanda Birleşen Ştatlar bilen uruş islemeýär” diýip, Eýranyň döwlet eýeçiligindäki IRNA habar agentligi Rohaniniň sözlerini getirdi.

Tramp täze sanksiýalary güýje girizmek arkaly Eýranyň lideriniň we oňa ýakyn adamlaryň “möhüm maliýe resurslaryna we goldawyna girmek ygtyýaryndan” mahrum etmek isleýändigini aýtdy.

Şeýle-de, Tramp Eýran “howply hereketleriniň we meýilleriniň”, şol sanda ýadro ýaraglaryna yhlas etmegiň, ballistik raketalary özleşdirmegiň we terrorizme goldawynyň soňuna ýetýänçä, Tährana garşy “basyşy artdyrmagy dowam etdirjekdigini” aýtdy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin indirip bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG