Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Tramp Tähranyň “ot bilen oýun edýändigini” aýtdy


ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp
ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp

ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp Eýranyň urany 2015-nji ýylda dünýäniň iri döwletleri bilen baglaşylan ýadro ylalaşygyndaky göz öňünde tutulan derejesinden has köp öndürip başlandygyny yglan edeninden soň, Tähranyň “ot bilen oýun edýändigini” aýtdy.

“Olar edýän işine düşünýärler. Olar nämäni maksat edinýändiklerini bilýärler. Meniň pikirimçe, olar ot bilen oýun edýärler” diýip, Tramp Ak Tamda žurnalistleriň degişlilikdäki soragyna jogap berdi.

Eýranyň daşary işler ministri Jawad Zarif “ylalaşykdan ozal hem Eýranyň şertleri bozandygy barasynda kiçi şübhäniň bardygyny” aýdyp, Ak Tamyň beýanatyna gaharly jogap berdi.

Zarif özüniň Twitter hasabynda: “Dogurdanmy?” diýen ýazgy galdyrdy.

ABŞ 2018-nji ýylda ýadro ylalaşygyndan çykyp, Eýranyň nebit we beýleki pudaklaryna ýaňadandan sanksiýalary girizipdi.

Tähran ylalaşygy saklap galmak ugrunda, oňa gol goýan beýleki taraplara basyş görkezdi. Emma, 8-nji maýda Tähran urany baýlaşdyrmak boýunça ylalaşykda göz öňünde tutulan çäkleri äsgermejekdigini mälim etdi.

ABŞ-nyň döwlet sekretary 1-nji iýulda Eýrana ýüzlenip, urany baýlaşdyrmak boýunça ähli hereketlerini togtatmaga çagyrdy.

1-nji iýulda Atom Energiýasy boýunça Halkara Agentligi Eýranyň baýlaşdyrylan uranyň möçberiniň ýadro ylalaşygynda görkezilen çäginden geçendigi baradaky maglumatlaryny tassyklady.

2015-nji ýylda baglaşylan Ýadro ylalaşygy Eýrana öz ýadro programmasyny jylawlamagyň ýerine sanksiýalardan boşamak mümkinçiligini beripdi.

Emma ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp 2018-nji ýylyň maýynda bu ylalaşygyň Tähranyň ballistik raketalaryny jylawlamaýandygyny, Ýakyn Gündogardaky proksilerini goldamazlygy öz içine almaýandygyny aýdyp, ABŞ-nyň ylalaşykdan çykýandygyny yglan edipdi. Tähran bu aýyplamalary ret etdi.

XS
SM
MD
LG