Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ-nyň Aşgabatdaky ilçihanasy adaty konsullyk hyzmatlaryny wagtlaýynça bes etdi


Türkmenistanyň we Birleşen Ştatlaryň döwlet baýdaklary

Birleşen Ştatlaryň Aşgabatdaky ilçihinasynyň Konsullyk gullugy 29-njy iýul – 12-nji awgust aralygynda adaty konsullyk hyzmatlaryny wagtlaýyn bes etdi.

Ilçihana bu maglumaty 9-njy iýulda resmi websaýtynyň üsti bilen ýaýradan beýanatynda mälim etdi.

“Konsullyk gullugy 2019-njy ýylyň iýul aýynyň 29-yndan başlap, 2019-njy ýylyň awgust aýynyň 12-sine çenli immigrasiýa degişli we degişli bolmadyk wizalar, hem-de ABŞ-nyň raýatlaryna degişli adaty soraglar boýunça wagtlaýynça kabul etmejekdigi barada habar berýär” diýlip, beýanatda aýdylýar.

Ilçihana adaty konsullyk işleriniň wagtlaýyn bes edilmeginiň Birleşen Ştatlaryň gyssagly ýagdaýda kömege mätäç raýatlaryna degişli däldigini mälim etdi.

Birleşen Ştatlaryň Aşgabatdaky ilçihanasynyň adaty konsullyk işlerini wagtlaýyn bes etmeginiň sebäpleri barada maglumat berilmeýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin indirip bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Teswirleri gör (2)

Şu forum ýapyk

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG