Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Maşgalalar we ýurtlar MH17 uçarynda ýogalanlary ýatlaýarlar


MH17 uçarynyň galyndylary
MH17 uçarynyň galyndylary

Pidalaryň maşgalalary we ýurtlaryň ilçihanalary, bäş ýyllygyna gabatlap, Malaýziýanyň gündogar Ukrainadaky konflikt zonasynda urlup ýykylan ýolagçy uçarynda ýogalanlary ýatlaýarlar. Bu uçaryň Russiýanyň gatnaşmagynda urlup ýykylandygy baradaky subutnamalar köpelýär.

Amsterdam bilen Kuala Lumpur aralygynda gatnaýan ýolagçy uçary 2014-nji ýylyň 17-nji iýulynda, gündogar Ukrainanyň territoriýasynyň asmanynda, orsýetçi separatistleriň kontrollyk edýän ýerinde urlup ýykyldy. Onuň üstünde 298 adam, şol sanda 80 çaga bardy. Olaryň ählisi wepat boldy.

Niderlandlarda,193 raýatyny ýitiren ýurtda ýatlama çäreleri 16-njy iýulda, pidalaryň maşgala agzalarynyň 15-siniň Hilwersam şäherinde ýas çäresine toplanmagy bilen başlandy.

Bu çärä uçaryň gündogar Ukrainada ýykylan ýerinde gögeren günebakarlardan alnan çigitleri ekip, günebakar ýetişdirýän ruhany ýolbaşçylyk etdi.

Mundan başga-da, Niderlandlarda Malaýziýanyň MH17 uçary konferensiýasy, Waşingtonda tegelek stol söhbetdeşligi geçirildi.

Waşingtonda ABŞ-nyň Ýewropa we Ýewraziýa meseleleri boýunça býurosynyň sekretarynyň kömekçisi Jorj Kent (George Kent) “Russiýa gündogar Ukrainadakylara liderlik etmek, olary maliýeleşdirmek we guramalaşdyrmak arkaly MH17-niň urlup ýykylmagyna giňişlik döretdi” diýdi.

Şeýle-de, ol Russiýanyň Ukrainanyň hökümet kontrollygynda bolmadyk böleklerinde “öz güýçleriniň we material serişdeleriniň bardygyny inkär etmegi dowam etdirýändigini” hem aýtdy.

Moskwa MH17 uçar betbagtçylygyna hiç hili gatnaşygynyň ýokdugyny tekrarlap gelýär.

Uçarda raýatlary pida bolan dokuz ýurduň Malaýziýadaky ilçihanalary 17-nji iýulda ýatlama çäresini geçirmegi planlaşdyrýar. Bu wakada Malaýziýanyň 43 raýaty heläk boldy.

Başga bir ýatlama çäresi hem Amsterdamyň Şipol aeroportunda geçirilip, oňa media serişdeleriniň wekilleri kabul edilmeýär.

Gollandlaryň ýolbaşçylygyndaky Bilelikdäki halkara derňew toparynyň (JIT) derňewçileri Russiýanyň zenit raketa brigadasynyň gaýym top oky ulgamyny Russiýadan Ukraina we ol ýerden ýene yzyna transport edendigi barada netije çykardy.

Mundanam başga, halkara derňew toparynyň bäş ýyllap alyp baran işiniň netijesinde MH17 uçarynyň heläkçiligine harby we aňtaw pudaklarynda tejribesi bolan üç sany orsýetliniň we öň harby tejribesi bolmadyk bir ukrainalynyň adam öldürmek aýyplamalarynda jogapkärçilige çekiljekdigini yglan etdi.

Gürrüňi edilýän dört şübheliniň Russiýada ýaşaýandygyna ynanylýar. Muňa garamazdan, olaryň 2020-nji ýylyň mart aýyndan başlap Niderlandlarda sud edilip başlanmagyna garaşylýar.

Derňewçiler şübhelileri, şol sanda “komandowaniýe zynjyryndakylary” derňemegi dowam etdirjekdigini wada berdiler.

Uçar heläkçiliginden soňra Günbatar döwletleri Russiýa garşy sanksiýalary güýje girizdiler. Bu sanksiýalar 2014-nji ýylyň martynda Russiýanyň Ukrainanyň Krym ýarymadasyny anneksiýa etmegi netijesinde Moskwa garşy güýje girizilen çäreleri goldapdy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin indirip bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
XS
SM
MD
LG